BEÝLE BOLSA...
Kolhoz prawleniýesiniñ deñesinde gelip saklanan "Žiguliden" düşen adamynyñ tagaşyksyzdan ýognas göwresi ony hasam gysgajyk görkezdi. Ol elindäki könelişen portfelini ýerde goýdy-da, maşynynyñ gapysyny gulplaşdyrdy, şlýapasydyr äýnegini düzedişdirdi. Töweregindäki duranlar bilen baş atyp salamlaşdy. Soñra gözüne urlan ýaly, süssürilip kontora girdi. Hiñlenjiräp kabinetleriñ agzyndaky ýazgylara seredişdirdi. Öñi bilen, elbetde, başlygyñ ýanyna girmeli diýen netijä geldi.
- Kolhoz prawleniýesiniñ ketde başlygyna ateist-lektor Öwlüýäguly Allagulyýewden ýalkymly salam! - diýip, ol göwresine gelişmeýän inçejik sesi bilen çalt-çalt gürledi.
Haýsydyr bir kagyza gol çekjek bolup oturan kolhozyñ başlyyy Akmyrat Arrykow zöwwe ýerinden galdy, nätanyş adamynyñ näme diýýänine oñly düşünmedi. Ol işigiñ agzynda alçaksyrap ýyrşaryp duran adamyny boýdan-başa synlady. Elini uzadyp salamlaşdy. Adyny, familiýasyny aýtdy hem-de oturmak üçin görkezdi.
Lektor öñünde goýlan çaýdan iki gezdk yzly-yzyna şirpildedip owurtlady-da, ýeserlik bilen gürrüñe başlady.
- Arada gum etegindäki obalañ birine bardym, leksiýa okamak üçin. Şonda maldarçylyk fermasynyñ müdirinden: "Nähili, agam, obañyzda ateist köpmi" diýip sorasam, "Aý ýok, birki sanysy bardyr, olaññam garşysyna bütin oba bolup göreşýäs" diýdi. - Lektor öz gürrüñine özi hezil edinip güldi. Soñra Öwlüýägulyýew Allaguly gürrüñini dowam etdirdi:
- Hawa, gynansagam entek biziñ aramyzda ateist sözüne düşünmeýän ýek-tük adamlar bar. Ýöne siziñ obañyzda beýle adamlar ýokdur-la?! - duýip, ol göni başlygyñ görejine seretdi.
Akmyrat Arrykow ardynjyrap birbada näme jogap berjegini bilmän ýaýdanjyrady, ýüzüni aşak saldy. Be-e, dine uýýanlar düýbünden ýok diýsem, birdenem gepim ýalan çykaýsa nähili bolarka diýip içini gepletdi. Nähili hem bolsa gümp-sampyrak jogap berenini kem görmedi.
- Aý, bi bir ýoldaş Öwlüýäguly Allagulyýew neme zat-da. Umuman bizde ateist gaty köp, ýetişibildigimizden leksiýa okaýas, netijesi erbedem däl. Indi çagalaryma at-zat dakanlarynda ene-atalar, elbetde Öwlüýäguly, Allaguly (ol bu atlary hetjiklä aýtdy), Hudaýberdi, Italmaz diýen ýaky atlarsan daşda durýarlar. Her kim gysgadan owadanrak, gelşikli atlary gözleýärler...
- Örän dogry edýärler, başlyk. Ýogsa-da sizde medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilip durýandyr-la - diýip, lektor kolkoz başlygynyñ sözüni böldi. Ol papkasyndan haýsydyr bir kagyzy çykaryp, stoluñ üstünde goýdy. Derçiräp duran mañlaýyny sylyp, öñündäki boş käsäni başlyga tarap uzatdy. Boldum diýen äheñde minnetdarlyk bilen baş atdy.
Kolhoz prawleniýesiniñ başlygy lektor bilen birhili öwrenişdimi-nämemi, gaty arkaýyn gürledi.
- Medeni-köpçülik çäreleri-hä näçe diýseñ geçirilýändir, ýoldaş lektor. Klub müdirimiz-ä gaýtam käte gatyrganýasam, adamlary halys işletmäge goýanok, how! Eli gazet-žurnally o brigatdan o brigada aýlanyp ýör. Klubda her hili-her hili duşuşyklar geçirýär, aýdym-saz kružogy diýýä, aý garaz, aýdýan-a, dek-ä duranoklar şolar. Kino-zad-a günde bolýa. O arada biri bardy, Aşgabatda ýörite okuwy gutaryp gelen, murtluja, bizde çeper ýolbaşçy boldumy nämemi, azar ýamanyny berdi, oña gatnaşañyzok, muña gatnaşañyzok diýip. Hernä wagtynda gidäýdi, raýona aldylar. Medeniýet işgärleri gapdalyñda bolsa ýüregiñ-ä gysdyrjak däl bular...
- Dogrudyr - diýip, lektor hälki öñüne goýan kagyzyny eline aldy-da, naýynjar görnüşde başlyga seretdi. Başlyk hiç zada düşünmedik bolup gürrüñini dowam etdirdi:
- Aý, indi tüweleme döwür başga boldy. Görýän welin, sakgaldaş, ikimiz deñ-duşurak öýdýän. Özümiz-ä uruş ýyllarynyñ oglany. Bilýäñmi, hemişeler pylan ýerde eýe görnüpmiş, ýa pylan öwlüýäñ ýanynda ot bamyş diýip gürrüñ ederdiler. Dogrusy, biz-ä şo wagtlar öler ýaly gorkardyk. Hiç ýadymdan çykanok, obamyzda bir dul adam bardy, adyna Meret myrryh diýerdiler. Ilerki Garawul depäñ ýanynda gijelerine biwagtrak ýeke barsañ şaýly gelin bolup eýe görünýämişin diýseler: "Hany, şo maña-da bir duşmazmyka, edil öýlenjek oturyberjek" diýip bir gün ýüzüni garañka tutup gidenmiş. Barsa, ynha, añyrdan şaññyrdap bir gelin gelýämiş. Näçe wagt bäri aýal garasyny görmedik ýañky sallah: "Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy" diýäge-de topulyldyr gelniñ üstüne, pahyr bagryna basjak eken-dä. Ýöne Meret Myrryhyñ penjesine ilen zat bolmandyr, ýere ýazylyp gidipdir. Turup töweregine seretse şaýly gelnem ýok diýýä, beýlekem. Allaowarada bir ýerde baýguşuñ sesi eşidilipdir. Soñ öýüne gelip näçe gün ýaraman ýatypdyr bende, agzyna uçuk çykyp. O Garawul depäń ýanam indi tanar ýaly däl, durşuna ir-iýmişli bag boldy. Biz-ä şo ýerik gijäñ bir wagtam baryp oturyp gaýdýas welin, eýe göremzok. Ýa o zatlaram döwrüne görä bolýamyka?
Lektor agzyny öweldip başlyga seretdi. Nämedir bir zatdan eýmenýän ýaly, tisginip gitdi. Ýañky zatlaryñ sebäbini düşündirjegem bolmady, has dogrusy, bulaşdyraryn öýdüp gorkdy.
- Görýän welin, başlyk, obañyzyn adamlary eýe bilen urşup ýören bolsa durşuna ateist öýdýän. Bu ýerde leksiýa-zat okajak bolup adamlaryñ wagtyny alyp oturmaly. Goý, işlesinler, zähmet adama bagt getirýär ahyryn - diýip, lektor gülümsiredi.
Başlyk uly howpdan sypan ýaly boldy. Ol ejap etdi, ýogsam lektoryñ arkasyna kakyp, oña berekella aýtjakdy.
- Hawwa-la, biziñ obamyza tutuş ateistler obasy diýseñem ýalñyşmarsyñ - diýip, başlyk açyk duran penjireden daşaryny synlady.
- Beýle bolsa, onda şu ýerik leksiýa okaldy diý-de gol çekip beräý. Men ýene-de bir oba ýetişjek bolaýyn - diýip, ol häliden bäri elinden saklap oturan putýowkasyny başlyga uzatdy.
Akmyrat myhman bilen tirkeşip daşaryk çykdy. Gümür-ýamyr edişip maşynyñ ýanyna bardylar. Alynky aýnadan asylyp goýlan ullakan dagdan agajyna gözi düşen başlyk:
- Baý seniñ ateist bolaýşyñy - diýip, eýýäm honda barýan lektoryñ yzyndan başyny ýaýkady.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar