03:08 Bilal Erdoganyñ dili | |
BILAL ERDOGANYÑ DILI
Publisistika
Birinji kesgitleme: Bilal Erdogan teleýaýlyma çykdy, Atatürküñ elipbiý öwrülşigine üsti örtülen tankydy oklary gezedi: " - Başlangyç bilim berýän mekdepde okaýan (segsenji ýyllaryñ ahyry-togsanjy ýyllaryñ başy) ýyllarymy ýatlaýaryn. Örän kesgitli ýagdaýda elipbiýimiz sebäpli ösüşden yza galandygymyz aýdylýardy. Şol wagt pikir etmändirin, emma soñ-soñlar oýlanyp görýän welin... Şol wagt adam pahyr diýýär, diýmek, ösüşiñ elipbiýe dahylly ýeri ýok ekeni…” Ikinji kesgitleme: Bilal Erdogan Wan kölüniñ kenarynda gurlan Prezidentiñ Ahlat külliýesine (rezidensiýasyna) žurnalistleri aýlady. 1071-nji ýyldaky Malazgirt ýeñşiniñ ýubileý gününde - 25-nji awgustda dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýan külliýe seljukly binagärligine esaslanyp gurlupdy! Bilal Erdogan žurnalistler bilen Ahlatdaky seljuk-türkmen gonamçylygyna-da aýlandy… Näme diýjek bolýanymy iñ başyndan gürrüñ bereýin: Garahanly döwletiniñ hanedan neslinden bolan Mahmyt Kaşgarly 1072-nji ýylda Bagdada gitdi. Bagdatda esasan harby güýç bolup duran türkmenler şäheriñ aýratyn raýonlarynda ýaşaýardylar, olar eden-etdilik etmäge meýilli "galtamanlar" hasaplanýardy we gepleşýän dilleri-de gödeñsi saýylýardy. Kaşgarly türki dilleriñ we medeni gymmatlyklarymyzyñ "saýry" hasaplanylmagyny iş edindi, arap-pars dilleri bilen birlikde türki diliñ hem ýaşamagy üçin ýeñini çyzgap işe girişdi. Ol türki halklaryñ ylym-bilim babatda hiç bir medeniýetden yzda däldigini subut etmekçidi. Şiweleri bilen türki diliñ lugat-sözlügini ýazmakçydy. Mahmyt Kaşgarly bäş ýyllap azap çekip “Diwany Lügat et-Türk” eserini ýazyp gutardy. Bu gymmatly ensiklopedik eser arap-pars täsirlenmelerine garşy türki diliñ baş galdyrma manifestidi. Bilal Erdogan "elipbiý" diýende, onuñ serine arap harplary düşýärmikä? ■ ÖWRÜLŞIGIÑ MAZMUNY Şeýle-de, Mahmyt Kaşgarly bize mälim bolan türkleriñ ilkinji ýeriñ togalak kartasyny çyzdy. (Bu karta Ýaponiýany görkezýän dünýäniñ iñ gadymy kartasydyr.) Kaşgarly şeýle diýdi: “Türk(men)leriñ kimdigini ýa-da nireden gelendigini bilýän däl bolmagyñyz mümkin, emma bir zada anyk göz ýetiriñ, türkler uzak wagtlap dünýäni gurşap alan okeanlaryñ çäklerini kesgitleýän topraklaryñ aglaba böleginiñ hojaýynlarydyr…” Arap geografiýaçylary kartalarynyñ merkezine Mekgäni goýsalar, takwa musulman bolan Mahmyt Kaşgarly kartasynyñ merkezine garahanlylaryñ paýtagty we Ýusup Has Hajybyñ dogduk şäheri - Balasaguny goýdy. Kaşgarly arap-pars medeniýetine garşy türki medeniýetini "gorag astyna" almak üçin elinden gelen iş etdi. Ol Atatürkden müñ ýyl öñ türklere ynam berdi, ýazan gymmatly işinde "Türk- zähmetsöýerdir, türk - akyl-paýhaslydyr" diýip nygtady. Diñe Mahmyt Kaşgarlymy? Ondan üç ýyl öñ 1069-njy ýylda "Kutadgu bilig" eseri bilen gepleşmesi kyn hasaplanýan türki dili edebi-çeper dil derejesine çykaran we düzgünleşdiren Ýusup Has Hajyby undup bolarmy, heý? Häzirki wagt ýurdumyzda Danteniñ italýan, Lýuteriñ nemes, Jeffri Çoseriñ iñlis dillerine eden täzelikçi roluny bilýänler Ýusup Has Hajybyñ türk diline eden täsirini bilenoklar! Ýüzlerçe ýyllap Alyşir Nowaýy ýaly beýik akyldarlarymyz arap-pars dillerine garşy türki diliñ ebedilik ýaşamagy üçin janaýaman göreşdiler. Türk diliniñ müñ ýyllyk göreşidir bu... Hut 1928-nji ýyldaky elipbiý öwrülşigi şu göreşe esaslanyp geçirildi… ■ GÜNDOGARŞYNASÇY KELLE Geleliñ Prezidentiñ Ahlatdaky külliýesine… Çarwa seljuklylaryñ bular ýaly binagärlik tradisiýasy barmy? "Hawa bar" diýýänler yzyndan şeýle diýýär: "Wizantiýa, ermeni, eýran arhitekturasyndan täsirlenipdir." Olaryñ binagärlik gurluşynda "türk tradisiýasy" ýokmy? Ýazgymyza garahanlylar bilen başlandygymyz üçin şolardan mysal bereýin: Samarkantda gurlan süýt-kofe reñkli, mawy, ak we ýaşyl reñkli, ösümlik desertlerini öz içine alýan grift we üstünden işlenen suratlar bilen bezelen köp sanly köşk arhitekturasyna näme diýersiñiz? Buharada dik dörtburçlyk formasynda bina edilen we haşamly gapylary bilen ünsi çekýän kümmetleriniñ gurluşynyñ formasy näme? "Üç garahanly mawzoleýine" näme baha berýärsiñiz? Seljukly binalarynyñ baý daşky bezegi nireden gelendir öýdýärsiñiz? Ahlat külliýesi (Buhara-Samarkant ýolunyñ üstündäki) Ribaty Melik ýa-da (Gyrgyzystandaky) Daşrabat ýaly kerwensaraýlaryñ binagärlik tradisiýasynyñ dowamy dälmi näme? Yslam taryhyna yz salan haýsy türk binagärlik eserini bilýäris? Eý-ho-o... Arabystandaky müezzin üçege çykyp azan okanda, ölen türk serdarlarynyñ mazarlaryndaky "balbal" diýilýän daşlar minara hökmünde yslam binagärligine aralaşmadymy? "Mährap" täzeligini soltany goramak üçin Yspyhanyñ "Juma mesjidine" Nyzamylmülk girizmedimi? Soñra bu täzelik yslam älemi tarapyndan alnyp göterilmedimi näme? Günbatar merkezli gündogarşynas kellelerde "türk" ýok! Olaryñ yslama bolan bolan garaýyşlarynda-da Nyzamyýe medreselerinden we Nyzamylmülküñ saýasynda ýaşan Gazalynyñ garaýşyndan başga zat ýok. Bular seljuklynyñ iñ uly matematikaçysy we astronomy Omar Haýýamy "şeraphon" saýýarlar! Hawa, mesele diñe “dilde” däl… Hawa, mesele diñe "binagärlikde-de däl… Topragyna, taryhyna, medeniýetine saýrylaşmadadyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.08.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |