08:58 Bilgiç ýazgylar | |
BILGIÇ ÝAZGYLAR
Publisistika
Bir žurnalist şeýle ýazýar: "Üç sany söz belläpdirler: taýpa, tarykat, feodallyk... Şu üç söz bilen Narin jenaýatynyñ ähli syryny çözendiris öýdýänler bar". Ýazgysyny-da şeýle jemleýär: "Bilmezlik erbet zat, ýöne bilmeýändigiñi bilmek hasam erbet". Geçen hepde şu gazetde "feodalizm" barada üç makala ýazdym. Ýalñyşan ekenim. Feodalizm düşünjesiniñ nämedigini bilýändirler öýdüpdim. Žurnalist gardaşyñ bu barada bilmeýändigi ne ýagşy. Bu barada bir zatlar ýazjak bolsañ, iñ bolmanda odur-budur maglumat tapmaly, gözlemeli bolar-a? Feodalizm (marksistik ykdysady taryha görä) - kapitalizme geçiş stadiýasydyr. Feodalizm - taryhy ösüş prosesine degişli esasy we esasly faktorlary öz içine alýar. Ýagny, heniz kapitalistleşmedik önümçilik formasyndan dörän (agalyk-kethudalyk sistemasy ýaly) ilkidurmuş gurluşy gurşap alýar. Bu önümçilik stiliniñ ykdysady, syýasy, medeni sütünleri bar. Diýdimzor awtoritarizm ýaly... Bu gürrüñsiz teoretiki çekişme. Towşandepe obasynyñ üstünde durýar. Ýogsam bolmasa, "ganhor şul eken" diýmek däl! Şeýle-den ýazgylarymdaky düýp mesele şahsy wepalylyk gatnaşygyna esaslanýan dymyşlyk raýdaşlygyny analiz edýär. Maşgalanyñ özara gatnaşyklaryna sa:p howpsuzlyk sözleriniñ üstünden baha berip bilmersiñiz. Türkiýede sosial-medeni struktura üçin özgerendiginiñ ýa-da özgerendiginiñ jedelini etmek gerek. Özem bu medeni faktoryñ düşünje taýdan däl-de, ykdysady we sosial baglanyşyklary bar. Uzatmaýyn... Hawa, ýene almadyr armytlar garym-garym edilip, baş alyp çykmaz ýaly ýagdaý döredilýär. Aslynda... Ol žurnaliste beýle "bilgiç" ýazgyny ýazdyrýanam feodalizmiñ sosial-medeni gurluşynyñ netijesidir! Galyberse-de: * * * Urup-ýençmeli beýan etmelerden, sögünç-gargynçlardan keýp alýan jemgyýet döredildi. Fiziki taýdan gynançly kyssanyñ ünsüñi çekiji keşbi ýoguñ-göze görünmeýäniñ ady tutulmaýar... Diñe bizde däl, dünýäniñ çar künjünde urup-ýençmeler, agressiýa tomaşalyk boldy. Iñ soñly gezek Narin Güran jenaýaty tomaşaçy rekordyny täzeledi... Fransuz akyldary Žan Bodriýar bedeniñ her dürli fiziki zorluga sezewar bolmagynyñ mediýa arkaly görkezilmegini "pornografiýa" diýip düşünjeleşdirdi! Biz ýa-ha fiziki zorlugyñ jebir çekenleri ýa-da fiziki zorlugy amala aşyrýanlar bolyp çykyş edýäris. Ýöne iñ köpem fiziki zorlugyñ tomaşasynyñ-pornografiýasynyñ şaýady. Şular ýaly meýletin "müşderi bolma ýagdaýy" fiziki zorlugyñ köpçülikleýinleşmegine sebäp bolýar... Mediýada fiziki zorluk gündelik durmuşyñ aýrylmaz bölegine öwrülip, adaty faktor hökmünde elmydama garşymyza çykarylýar. Sebäbi belli: Girdeji merkezli mediýa bazary bu işiñ merkezinde! Aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky çalt depginli ösüşler, fantaziýa ýa-da hakykat köp sanly fiziki zorlukly sýužetiñ köpçülikleýin gatlaklara ýaýramagyna sebäp bolýar. Hawa, fiziki zorluk (tiraž, reýting, prokat we ş.m. üçin) girdeji gazanmagyñ obýektine öwrüldi... Eýsem-de bolsa... Bu sistema islendik ýola ýüz urmakdan gaýtmaýar diýeli. A siz tomaşaçylara näme? Bütin bu zatlaryñ "ýeñasty goldawçylary" bolup durandygyñyz heý kelläñize gelenokmy? Her dürli pornografiki suratlandyrmalar köpçüligiñ psihologiýasyny bozdy. Belkide, siz jezalandyrylýarsyñyz, bileñzok. Adamkärçiligiñizi ýitirýärsiñiz! Munuñ özi sistematiki eksplutasion düzgüniñ netijesidir... * * * Gadyrdanlar! Ýurduñ birgiden agyr problemalarynyñ öñi-ardy görnenok. Bu golaýda görünjege-de meñzänok... Bulara döz gelmek, bular barada pikir edip, gözläp makala ýazmak çakdanaşa iriziji hysyrda öwrüldi... Her gün diýen ýaly şu meselede wagşyýanalyga duçar bolýarys. Ýadadymaý, walla... Hormatly okyjylar, sizden iki hepdelik rugsat soraýaryn. Özümi dürsemesem bolmaýar. Eger bir terslik bolmasa, öñümizdäki 1-nji oktýabrda gaýtadan duşuşmak umydy bilen... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |