12:41

Bilinmän duranok

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 390 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 baharaliyeva39  
1028
Bolup biljek iň erbet senariýa ýaşady. Geçtiği bolsun-da hernä türk halky üçin.....

0
2 Garayolly25  
1449
Sag bol, Gokbori, yetireniñe

0
3 Haweran  
411
Üçünji suratda ýykylman galan bitewi jaýlaryñ bardygy göze ilýär. Berk däl, könelşen-abatlanmadyk, idegsiz, öñdenem jaýryk atyp ýatan jaýlar hem-de howul-haralyk bilen gurulýan soñky täze jaýlar ýykylýan bolmaly. Diýmek, awtoryñ janykmasy ýerliksiz däl.

* * *

Gynanmazlyk, duýgudaşlyk bildirmezlik mümkin däl. Netijede gaýry ýurtdakylaram ynsan balasy. Ylaýta-da kesek astynda galan neresse çagajyklar üçin...

* * *

Şu ýerde bir zada ünsüñizi çekesim gelýär. Öte geçýän bolsam, Hudaý bagyşlasyn. Bu barada aýratynam ýazjak welin, şumadam iki agyz aýtsam gowy bolar: Türkler soñky wagt aşa azdy, azgynçylyk hatda ýetjek derejesine ýetdi diýiljek musulman däl halklaryñ azgynlygyndanam geçirdi. Il ortasyna ýarym-ýalañaç gezmek nysagyny çykardylar. Örtünmegiñ mejburylyk bolmaly däl bolşy ýaly, açyk geýinmegiñem çeni-çaky bolsa ýagşy. Bagyşlañ welin, hatda göwüsbentsiz we belendiñi-pesiñi güjeñläp gezmegi-de erkin ýaşaýyş-durmuş formasy hasaplaýarlar. Nägilelik bildirene-de "zyndyk, ýobaz" tagmasyny basýarlar, dogrusy, itden çykarýarlar, "halamasañ bar güm bol, Arabystana, Owganystana!" diýip gygyryp ýörenem bar. Men bu zatlary tw ýa-da internet habarlaryny okap ýa diñläp aýdamok, hut olaryñ arasynda birnäçe ýyl ýaşap-okap gelen köp sanly tanyş-bilişlerimiñ beren gürrüñleri esasynda aýdýan. Hatda biri mundan iki-üç ýyl öñem Stambulda metroda beýle zadyñ ýokdugyny, indi bolsa metroda barýan ýerinde gapdalynda oturan biri bilen tanşan biriniñ duran ýerinde - köpüñ gözüniñ alnynda jynsy gatnaşyga girip bilýändigini, muña alaryp seretseñ, gaýtam özüñe azgyrylýandyklaryny aýdýar. Nirelerden nirelere... Şöhwetiñ janyñy alyp gelýän bolsa, özüñe buýrup bilmeseñ, uçguryñam halys ýarylaýjak bolup dursa islän ýeriñde edip bilersiñ, ýöne köpüñ öñünde bolmaz-a. Beýle işiñ bar mazasy pynhanlykda bolmaly dälmi... "Bir posa üçin dagdan aşýan ýigitler" kaýda galdy...
Türk habar beriş serişdeleri Ispaniýada, Italiýada, Orsyýetde köpçülik ýerinde adamlaryñ gözüniñ öñünde jynsy gatnaşyk edýänleri "Ynha, ýewropalylaryñ bolşy!" diýip, heşelle kakyp, habar berýärdiler. Öñümizdäki maý aýynda saýlawlar bar welin, bular ýaly ýaramaz ýagdaýa ne häkimiýetinden ses çykýar, ne oppozisiýasyndan. Sebäp olara halkyñ ahlagy däl-de, ses gerek. Şoñ ü.n metroda däl, Topgapynyñ öñüne baryp etjegiñi etseñem zat diýjek bolmazmyka diýýän. Gepletseñem, diniñ goragçysy türklermiş. Sadagañ bolaýyn...
Ýa-da ýene biri ýaş oglanlaryñ plastiki operasiýa etdirip jynsyny üýtgedýändigini (ýa-da operasiýasyzam zenan tüýsüne girip gezip ýöreniñ kändigini), erkek bilen aýaly saýgarar ýaly bolmandygyny, hatda özüniñem "çepe" gidende tä çykarynýança garşysyndakyñ erkekdigini bilmändigini, gomoseksualizmiñ giñden ýaýrandygyny, munuñ hamana erkin durmuş formasy hasaplanýandygyny haýykmak bilen gürrüñ beripdi.
Elbetde, seýmologiki şertlere, ýurduñ ýerleşýän ýerine, relýefine hem baglydyr, ylmy düşündirişleri hem bardyr welin (oña söz ýok), ýöne ýokarky aýdanlarymyñam garşylyksyz galmagy mümkin däl... Ha ýer titremesi bilen, ha başga tebigy heläkçilikler bilen, ha-da başga sebäpler...
Geñ ýeri, şeýle azgynçylyklaryñ gaýnaýan Stambul, Ankara ýaly metropoliýalar däl-de, esasan oba ilatly ýerler weýran bolan...
Alla hemmämizi akyl-huşdan, din-imandan, edep-ekramdan, utanç-haýadan, ylym-bilimden aýyrmasyn!
Ýer titremesinde gurban bolanlara hem Alladan rahmet, yzynda galan dogan-garyndaşlaryna sabyr-takat, giñlik, doganlyk türk halkyna-da gaýrat dileýärin.

0
4 Ependi  
284
Bolmandyr, dogrusy gynançly ýagdaý. Pida bolanlaryň sany 3700-denem geçipdir. Entek, ýaraly bolanlaň hetdi-hasaby ýok. Tw-da görkezýäler welin, çagalary, garrylary daşlaň aşagyndan gazyp çykarýalar, diri galanlary. Beýle bela hiç ýurduňam başyna düşmesin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]