08:47 Bir asyr öñ häzirki Eýrany ýozgatlylar dolandyrýardy | |
BIR ASYR ÖÑ HÄZIRKI EÝRANY ÝOZGATLYLAR DOLANDYRÝARDY
Taryhy makalalar
Gajar dinastiýasy Eýrandaky türk häkimiýeti gajarlar bilen başlanokdy. 1925-nji ýyla gelinýänçä Eýranyñ çäklerinde müñ ýyl çemesi dowam eden türk häkimiýeti bardy. Hatda gajarlary häkimiýetden agdaran Ryza şa türk häkimiýetini şu sözler bilen tankyt edipdi: "Eýranyñ müñ ýyldanam köp wagt türk basybalyjylarynyñ golastynda ýaşandygyny boýun almak gerek". ("Mîhen" gazeti, 1924) Gajarlaryñ köşgi Oguz türkmenlerinden bolan gajarlar Agamuhammet han Gajaryñ 1796-njy ýylda häkimiýeti başga bir türkmen dinastiýasyndan almagy bilen Eýranda agalyk sürüp başlapdyr we ýüz ýyl çemesi häkimiýeti elinde saklap başarypdyr. Eýrany dolandyran türkmenleriñ birem parsça gürlänokdy ýa-da parslaşanokdy. Gaýtam türkmen hökümdarlary özlerini "sâlâr-ı Türk, pâdişâh-ı Türk, sultân-ı Türk" we aýratynam "hâkân-ı Türk" ýaly atlar bilen tanadýardylar. Britaniýanyñ Maşatdaky konsuly bolup işlän iñlis diplomaty we ofiseri Ser Persi Molswort Saýks türkleriñ Eýrandaky tutýan ornuny we güýjüni şeýle beýan edipdir: "Eýranda häzirbegjan türkleri esasy rol oýnaýar. Däbe görä mirasdüşer şazada bu welaýaty (Häzirbegjany) dolandyrýar we ol tagta geçmek üçin Tährana tarap gaýdanda, ýanyna türkler üýşýär. Goşun we elbetde goşundaky iñ ygtybarly wezipeleri eýeleýänleriñ köpüsi şu welaýatdan bolanlardan ybaratdyr. Goşunyñ ähli tophana gullukçylary-da şu welaýatdan gelip çykanlardyr. Umuman aýdanda, gajarlar şu türkler (häzirbegjan türkleri) bilen bir hasaplanýar... Häzirbegjan jemagaty pars dilinde az gürleýär ýa-da bu dilde hiç gürlemeýär". Taryhda sünni dünýäniñ iñ uly howandary Osmanla iñ uly problemany döredenem Eýrandaky şaýy türkler bolupdy we bularyñ başynda-da Şa Ysmaýyl Hataýy bardy. Bu ýagdaý gajarlar üçine şeýle bolmagynda galdy. Gajarlaryñ baýdagy Gajarlar türkidiklerine we türki dilinde gürlemäge hemme zatdan gowy üns berýärdiler, emma hiç bir zat şaýylykdan öñde gelip bilmeýärdi. Eýranly türkler üçin bu ýagdaý soñky asyrlarda-da üýtgemändi. 1914-nji ýylyñ 29-njy dekabrynda osmanly goşun bölümleri Töwrize girende şäherde durup bilmezlikleriniñ ýeke-täk sebäbi ruslar däldi. Ýerli halkdan garaşylan goldawyñ görülmezligi-de munda uly rol oýnapdy. Syýasatyñ oýnu-da bü, şeýle-de bolsa 1941-1942-nji ýyllarda eýran türkleri uly gyrgynçylyklara duçar bolanlarynda eýran we rus hökümetleriniñ gözünde olaryñ şaýydyklaryna sereden bolmandy. Olar diñe ekstremistik türkler hasaplanypdy we şeýdibem garalanypdy. Eýran müñ ýyl çemesi wagt türkler-türkmenler tarapyndan dolandyryldy. Eýran taryhy diýmek, belli bir derejede türk taryhy diýmekdir. Emma 1925-nji ýylda türkler eýran syýasatyndan çetleşdirilenden soñ gaýdyp bir gezegem öñki güýçlerine eýe bolup bilmediler. Häzirki gelinen sepgitde eýran türkleri aýratynam Azerbaýjan bilen gatnaşyklarda elmydama eýran syýasatynda bulaşyklyk döredýän topar hasaplanýar. Nasreddin şa • Gajarlar ýozgatlydy Eýranyñ belli bir döwür iñ güýçli nesilşalygy bolan gajarlar boýunça köplenç bilinmeýän zat olaryñ aslynyñ Ýozgatdan gelip çykanlygydyr. Gajarlar XV asyrda häzirki Ýozgat diýilýän Bozok töwereklerinde ýaşaýardylar. Uzyn Hasanyñ ölüminden soñ taýpanyñ agzalary Genjä göçüp, aktiw syýasata goşuldylar we sefewileriñ içinde çaltlyk bilen ýaýradylar. Tahmaspyñ döwründe Azerbaýjanyñ içinde iñ güýçli taýpalaryñ birine öwrülen ýozgatly gajarlar Kanuny Soltan Süleýmanyñ garşysyna ilçi çykarjak derejede güýçlenipdi. Bu maşgala aradan geçen ýyllaryñ dowamynda Osmanlynyñ başyna birgiden işleri goparypdy. 1606-njy ýylda Garabagy Osmanlynyñ elinden yzyna alup biljek harby güýje ýetipdi, özem şol aýdylýan wagt osmanly goşunyñ altyn döwrüni başdan geçirýän wagtyna gabat gelipdi. Şol döwür ýozgatly gajarlara Zyýadlyogullary diýilýärdi. Gajarlaryñ Osmanlynyñ başyna inderen belasy diñe Garabag bilenem çäklenmeýärdi. Eýranyñ häzirki Gülüstan welaýatynyñ Astrabat şäherinde häkim wezipesine oturan gajarlaryñ häkimiýete giden ýoly-da şu ýerden geçipdi. Sefewiler • Sefewilerem türkdi Sefewiler syýasy topar hökmünde däl-de, tarykat hökmünde gurulypdy. Şeýh Safyuddin Erdebilliniñ guran bu tarykatynyñ düýp maksady mongollary yslamlaşdyrmakdy, munuñ üçin olaryñ iñ uly artykmaçlygy-da türkmendikleridi. Mongollar sefewileriñ türkmendigi üçin olara hoşniýetli garaýardy we missiýalaryny ýerine ýetirmekleri üçin ýeñillikli şertleri döredýärdi. Mongollaryñ beren bu ýeñilligi sefewiýe tarykatynyñ ümmülmez giñişkikde san-sajaksyz mürit toplamagyna getirdi. Teýmirleñ zamanynda bu ýeñillikler hasam artdyrylyp, sefewiýe tarykatynyñ güýjüne güýç goşulypdy. Sünni döwletdigine garamazdan Akgoýunly türkmen döwleti sefewiýe tarykatynyñ syýasy manýowr gazanmagyny üpjün eden döwlet boldy. Tarykatyñ täsirinden peýdalanmak islän Uzyn Hasan özüne harby güýç bermegiñ deregine sefewiýe tarykatynyñ baştutany Şeýh Jüneýide erkin wagyz-nesihat işlerini geçirmek hukugyny berdi. Netijede tarykat hem-ä harby işlere aralaşdy, hemem birnäçe ugurda propoganda işlerini geçirmäge hukuk gazandy. Şeý Jüneýit şol bir wagtyñ özünde Uzyn Hasanyñ uýasyna öýlenipdi. Onuñ bu nikadan Şeýh Haýdar atly ogly dünýä inipdi. Indi tarykatyñ syýasy taýdanam ýolbaşçysy bolup hem-de dini funksiýalary-da boýnuna alyp biljek güýçli şeýhi bardy. Tarykat az wagtyñ içinde sany on müñlerçe atly we pyýada goşun bölümlerini gurup, geografiýanyñ esasy güýçleriniñ birine öwrülipdi. • Şa Ysmaýyl döwri we döwletiñ gurulyşy Tarykat Şeýh Ysmaýyl döwründe güýjüniñ soñky sepgidine geldi, çünki Akgoýunlylar öz içinde uly graždanlyk urşuna giripdiler. Tarykat bu agzalalykda adamlaryñ gelip sygynýan howpsuz gaçybatalgasyna öwrüldi. Şa Ysmaýyl haýdan-haý herekete geçmese, sebitiñ doly osmanly boýunturygyna geçjegini bilip, 1500-nji ýylda müritlerinden we ýagdaýdan birahat türkmen taýpalaryndan güýçli goşun düzdi. Şa goşunyny toplandan soñ ilki bilen özüne we maşgalasyna ezýet baryny çekdiren Şirwanyñ häkimi Ferruh Ýesaryñ üstüne hüjüm edip uly ýeñiş gazandy. Yzyndan Häzirbegjan iline ýöneldi we şäherleri birin-birin zabt edip aldy. Akgoýunly türkmenleri Häzirbegjandan doly syryp-süpürip aýyrmagy başaran Şa Ysmaýyl her şaýy türküñ "gyzyl almasy" bolan Töwrizi ele salmak üçin taýýarlyga başlady. Agyr geçen söweşiñ yzyndan 1501-nji ýylda Töwriz boýun egdi we "Heşt Beheşt" tagtynyñ täze hökümdary tarykat serdary Şa Ysmaýyl boldy. Döwletini şaýy prinsiplerine laýyklykda guran Şa Ysmaýyl iki ýylyñ içinde häkimiýetini Häzirbegjandan Yraga çenli giñeltdi. Elbetde, onuñ çäkleri sünni dünýäniñ öñbaşçysy Osmanly bilen goñşudy we çaknyşygyñ boljagy gutulgysyzdy. • Sefewileriñ soñy Osmanly döwleti sefewileriñ Anadolydaky güýjüni ýykanam bolsa, bu dinastiýa XVIII asyryñ ortalaryna çenli ömrüni dowam etdiripdi. Aýratynam Russiýanyñ Eýran hinterlandynda artýan gegemoniýasy we artýan içerki gozgalañlar bu dinastiýanyñ soñuny getiripdi. Eýranda şu güne çenli gurulan iñ güýçli Sefewi döwletini türkmenler gurupdy. Soñ-soñlar gowşak häkimiýetem bolsa, Eýrany gysymynda saklan dinastiýa-da ýene türkmenlerdi we üstesine gajarlar Anadolynyñ bagry Ýozgatdan çykyp gelipdi. Olar XX asyrynyñ birinji çärýegine çenli ýaşamagyny dowam etdiripdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe 25.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |