06:17 Bir aýdymyñ döreýşi: "Watannama" | |
BIR AÝDYMYŇ DÖREÝŞI: "WATANNAMA“
Aýdym-saz sungaty
Ýaşuly kompozitor Weli Muhadow "Allaýary gözläp tapyp bilemok. Medeniýet ministrline-de jaň etdim. Ýaşaýan ýerini bilenoklar“ diýip, partiýanyň şäher komitetinde işleýän inime jaň edipdir. Men o wagtlar ýarawsyzlygym sebäpli şäherden göçüp baryp, Änewde ýaşaýardym. “Seni Weli aga gözleýär“ diýseler, men şähere gelip, Weli Muhadowiçiň öýüne jaň edip, özümi tanyşdyrdym. "Bir sagatdan bararyn“ diýsem, "Gelip bilseň şumat gel. Jaňa garaşyp otyryn“ diýdi. Barsam ol maňa daşarda garaşyp duran ekeni. Ýaşaýan köçesi Учителская, 8. Ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowyň öýi bilen garşyma-garşy. Weli aga meniň bilen gadyrly görüşdi. Öýüne girdik. Howlusy giň. Arassa.Jaýyň içinde hem artykmaç zat ýok. Ýönekeý. Ümsümlik. Ýaşuly alçak. Ol meniň ýazýan zatlarymy okaýandygyny, arada "Нейтралный Туркменистан“ gazetinde (14.08.1996 ý.) goşgular toplumymy okandygyny, aýratynam oňa"Когда обрывается струна“ ("Tary üzülende şabram dutaryň“) atly goşgymyň ýarandygyny aýtdy. “Goşgyny on bäş gezek dagy okadym. Men hakda ýazylan ýaly“ diýidi. Segsen ýaşly gojadan, onda-da Weli Muhat ýaly talapkär kompozitordan şeýle öwgini eşitmek meniň üçin gaty ýakymlydy. Oňa minnetdarlyk bildirdim. Ol maňa şonda häzir iki sany eseriň üstünde işleýändigini aýtdy. Biri aýdym, biri kantata. Yzyndanam bile işlemegi teklip etdi. Şondan birküç gün geçenden soň Weli aga bilen "Watannama“ (azatlyk gimn odasy) atly solist, hor we simfoniki orkestr üçin aýdymymyzy ýazyp başladyk. Işlemek weli ýeňildi. "Watannamanyň“ tekstini we sazyny "boldum“ diýenimizden soňam, onuň käbir ýerlerini täzeden göz gezdiripdik. Ine, "Watannama“ aýdymymyz şeýleräk döräpdi. Şondan soň ussat bilen täze kantatanyň "Türkmenistan—bagy-bossan“ atly eseriň başyny başladyk. Ol sazyny çalýar, menem şo heňe laýyk söz tapmalydym. Kantata üçin birküç gün ussadyň ýanyna gatnamaly bolupdy. Irden sagat 10-larda baranymda Adygül gelnejemiz güler ýüz bilen garşylap, "Baryberiň. Garaşyp dur!“ diýýärdi. Şol ýyl, Garaşsyzlygymyzyň 5 ýyllygyna yglan edilen konkursda _ (TDP-niň Syýasy geňeşiniň konkursy)_ kompozitor Weli Muhadow bilen ýazan "Watannama“ atly solist, hor we simfoniki orkestr üçin ýazan aýdymymyz ikinji ýeri eýeledi. Weli Muhadow bilen bile işlän günlermiz elmydama meniň hakydamda. Ol şonda öz ýaşlyk ýyllary hakda-da, kakasy Muhat bagşy hakda-da, moskwaly halypasy S.Wasilenko, dünýä belli kompozitor dostlary D.Şostakowiç, A.Haçaturýan, W.Tulikow, W.Muradeli, G.Garaýew... hakda-da gyzykly gürrüň bermäge wagt tapýardy. Weli Muhadowiç Moskwada okan döwri "Türkmen sýuitasy“ we "Meniň Watanym“ atly saz eserleri üçin 1951-nji hem-de 1952- nji ýyllarda yzly-yzyna döwlet baýraklaryna mynasyp bolupdy. Weli Muhadow bilen bile ýazan eserlerimiz "Watannama-da“, "Türkmenistan—bagy-bossan-da“ wagtyň synagyndan geçen eserlere öwrüldi. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |