21:24 Bir bakyşda şu gün | |
BIR BAKYŞDA ŞU GÜN
Teatr we kino sungaty
Genjo Erkal bolmasa-da, dünýä aýlanar durar elbetde, ýöne onuñ ýerini dolduryp biljek zat ýok Ýetmişinji ýyllaryñ "Dostlar" teatryndan Moskwadaky Nazym Hikmet günlerine, žurnalistika gürrüñdeşliklerine çenli Genjo abi bilen baglanyşykly birnäçe ýatlama Genjo Erkal öldi. Bu nähili agyr jümle. Ertir ir bilen kellämize, ýüregimize, ýatlamalarymyza neneñsi uly urgy indi. Özümi dürsänimi, onuñ meniñ üçin näme many añladýandygyny oýlanyp, şol barada ýazyp hoşlaşmagy makul bildim. Onuñ bilen iki tanyşlygym we birnäçe ýatlamam bar. Ikinji tanyşlygymdan başlaýyn. * * * Megerem, mundan 26-27 ýyl öñdi. Moskwada täze açylan Rus-türk işewürleri jemgyýetiniñ (RTIB) başlygy, soñra dostlaşan ildeşim Ali Ihsan Akyskaogly meni jemgyýetiñ adminstrasiýasyna gatnaşmaga çagyrdy. Ilki ýüz dönderdim, soñ hakykatdanam "bir gowy zatlary" edip bilerin diýip ýok diýmedim. Ol "gowy zatlaryñ" arasynda iñ esasysy her ýylyñ 3-nji iýunynda Nazym Hikmeti ýatlama günleridi. Men guramaçylyk toparynyñ başynda bolmalydym, olam maliýe işlerine jogap bermelidi. Onlarça ýyllap Moskwadaky "Nowodewiçýe" gonamçylygyna ýeke özleri gelen türkiýeli we russiýaly raýatlary mundan beýläk 3-nji iýun gününiñ säherinde Nazym şahyryñ guburynyñ öñünde we agşamlaryna hem guraljak konsertdir duşuşyklar bilen hemişelik bile bolmalydy, bu guramaçylykly medeni çäräni däbe öwürmelidi. Ikimizem sözümizde durduk. 25 ýyl öñ bile başlan, meniñ on ýyl guramaçylyk eden 3-nji iýun ýatlama günleri häzirem dowam edýän asylly medeni çäre bolup galdy. Işe başlanymda Moskwa - Nazym şahyryñ guburynyñ başyna kimi çagyrsamka diýip birinji ýadyma düşen adamlary depderime ýazdym. Genjo Erkal bilen Zülfü Liwaneli ilkinjilerdi. Genjo abi-de, Zülfü abi hem telim gezek Moskwada myhmanymyz bolupdy. Olar bilen dostlugymyz şol ýerde başlady. * * * Moskwada Genjo abili medeni çäreleriñ biridi. Men diñe "umumy guramaçylyga jogapkär" däldim, birem medeni çäräni habar beriş serişdelerine eşitdirme, bu barada ýazma, fotosuratlar we ş.m. bir topar işler bilen başagaýdym. Gijäniñ iñ geñ galdyryjy pursatlarynyñ biri. Genjo abi sahnada oturgyjyñ üstüne çykdy. Hemmeleriñ demi tutuldy. Eý, Hudaýjan-eý! Birden ýykylyp bir ýerini agyrdarmy nämemi? Meniñem žurnalist bolaýşymy! Şobada fotoapparatymy çykaryp (hawa, el telefony ýok ol wagtlar, fotoapparat) bu taryhy pursaty "ebedileşdirdim". Zaldaky heýjanly sessizligiñ içinde fotoapparat ýalp edip gitdi. Onuñ ünsüni sowup ýykaýaryn öýdüp gara janym çykdy. Gijäniñ ahyrynda uly stoluñ başynda nahar iýdik. Ýoldaşlarymyzyñ biri sorady: - Genjo abi, oturgyjyñ üstüne çykyp, dik başaşak durmak biraz howply dälmi? Üstesine şu ýaşda! Şol wagtlar altmyş ýaşyndan geçen ussat senetkär hemişeki akýürekliligi bilen jogap berende, mylaýym gülümsireme bilen ýumşatmaga synanyşan nägileligini şeýle ýañzytdy: - Ýok, beýle howplam däl welin, söýgüli tomaşaçylarymyzyñ arasynda fotopparatyny ýalpyldadyp surata düşürýän eşekler bolmasa, hasam gowy bolardy. Hemmeler gülüp durka dymyp, başgalara goşulyp gülen bolmak añsat hem bolubilerdi, ýöne beýtmek maña gelişmezdi. - Genjo abi, şol eşek mendim-dä! Ol geñ galmak bilen maña seretdi, gülümsiremesine mähir-mylakaý çaýdy, meni rahatlandyrjak bir zatlary aýtdy, meniñ ýalñyşlygym sebäpli özi menden ötünç soraýjak bolýardy. * * * Onuñ bilen birnäçe duşuşygymyzyñ käbirleri "T24" we işleýän käbir kanallar üçin gürrüñdeşlik maksatlydy. Has arkaýyn gürleşip bolýan, uçursyz mylakatly we demokratik pikirli senetkärlerdendigini aýdyp bilerin. Şindi birnäçäñiziñ tomaşa etmäge öwrenişen "T24" wideoprogrammalaryna başlanda onuñ ady sanawyñ başyny çekýärdi. Birinji programmam 2018-nji ýylyñ 25-nji oktýabrynda Bekir Agyrdyr bilen geçiren gürrüñdeşligimdi. Genjo abiniñ gatnaşan programmasy bolsa 2018-nji ýylyñ 14-nni dekabryndady we şol wagt onuñ sungat dünýäsinde işe başlan altmyşynjy sungat ýylyny gutlapdyk. Başga bir programmada, megerem "Tele1" teleýaýlymynda bolmaly, ondan ýadawsyz göreş bilen geçen onlarça ýyldan soñ ýadap-ýadamandygy soralanda, ol 83 ýaşynda garşysyna sekiz ýyl azatlykdan mahrum etmek talaby bilen açylan "prezidente dil ýetirmekde" aýyplanýan derñew işi bilen göwnüçökgünlige uçrap-uçramandygyny sorapdym. - Göreşden el çeksem, saglygymy ýitirerin. Men sahna çykyp, oýnap özümi bejerýärin. Jemgyýetiñ öñündäki borjumy berjaý edýärin. Jemgyýetiñ özi, syýasatçylar, häkimiýet Genjo Erkalyñ öñündäki jogapkärçiliklerini berjaý etdilermi? Ine, şu ýeri meni şübhelendirýär. * * * Makala uzaberse, käte ýazyjy birinji jümlelerini ýatdan çykarýar. Emma aladalanmañ, men Genjo abi bilen birinji tanyşlygymy ýazman sözümi soñlamakçy däl. Ýetmişinji ýyllaryñ ikinji ýarymydy. Syýasatyñ basyş we gan bilen öñe barýan döwrüdi. Medeniýet kolležinde okaýardym. Men we meniñ ýaly murtlary täze çykan birnäçe dostum hemişe "biz näme edip bileris?" diýip pikir edip, ýene "bir gowy zatlaryñ" ugrunda ylgardyk. Mekdebe çepçi senetkärleriñ we ýazyjylaryñ getirilmegi-de bu işe degişlidi, kino we teatr boýunça medeni çäreleriñ geçirilmegi-de. Şol döwrüñ meşhur, ýöne ady "howply" truppasy bardy: "Dostlar" teatry. Şol teatra köplük bolup gidilmegini guradyk. Muny howply görenler we tankyt edenler boldy. Emma goýbolsun etmedik we birnäce okuwçyny teatra äkitdik. "Sahnanyñ döwi" Genjo Erkal bilen tanyşdyk. Şu gün irden onuñ ýogalandygyny eşdip, ilki özümi dürsemäge synanyşdym. Soñra sosoal mediýada şu makalama at bolan jümlämi paýlaşdym. Yzyndan bütin bulary ýatlap, gama batdym oturdym. Öñler bular ýaly ajaýyp adamlar aradan çykanda "gowy günleri görmek nesip etmän öldü-dä" diýlerdi. Indem pikir edip otyryn welin, "gowy günler" gelermi, gelmezmi, geläýende biz ony görerismi, görmerismi, hiç bilebilmedim. Emma ýaşan tegelek segsen alty ýylynda göreşinden birjigem el çekmedik Genjo abi iñ bolmanda "gowy günleri" görmäge, tümlügiñ böwsülenini görmäge hak gazanypdy. Haýp boldy, beter haýp boldy... Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 31.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |