03:49 Bir oglanyñ ölen kakasynyñ başujunda aglaýşy hakynda hekaýat | |
Bir oglanyñ ölen kakasynyñ başujynda aglaýşy hakynda hekaýat
Goşgular
Öldi bir oglanyñ mährem kakasy, Ýas tutýan ýigdekçäñ naýynjar sesi. Zaryn sesi açyk eşdilýärdi, Eñreýşi hut ýürek-bagryñ dilýärdi: "Öýmüziñ diregi kaka jan, seni Häzir agaç ata mündürip, göni Haýdap, äkiderler şeýle bir ýere, Oña baryp, zat tapmarsyñ iýere. Öýdäki bar zatlañ saña haýry ýok, Onda hatda düşenere boýra ýok. Özem o ýer mydam garañky hem dar, Wah, kaka jan, nädip edersiñ mydar? Munda iýýän tagamlaryñ birem ýok, Teýli naharlaryñ - ady-soram ýok. Yşygy düşenok oña seniñ-de, Penjire, gapam ýok barjak ýeriñde, Geläýen mahaly bir zat diýesiñ, Hatda goñşularyñ eşitmez sesiñ. Göwünem ýüwürtme başga zat hakda, O ýerde içere suwam ýok hatda..." Garyp Juhy şo golaýda ýaşaýan Onuñ bu sözlerni eşitdi aýan. Ylgap baryp kakasynyñ ýanyna, Şeýle diýdi dowul düşüp janyna: "Ol ölen bendäni... (gulak goý söze), Getirjekler öýdýän biziñ öýmüze. "Beýdesleri ýok-la..." seslendi garry, "Şeýderler, ähli zat gelip dur dogry. Oglunyñ bir-birden tutup atlaryn, "O ýok, bu ýok" diýip, sanan zatlary Hut biziñ öýmüziñ berýär salgyny, Aýnada gören dek bilýän men muny". | |
|
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |