21:57 Bir ýelpewajyñ we iki jöhidiñ sebäp bolan asyrlyk basybalyşlygy | |
BIR ÝELPEWAJYÑ WE IKI JÖHIDIÑ SEBÄP BOLAN ASYRLYK BASYBALYŞLYGY
Taryhy makalalar
Alžirli iki jöhit fransuzlar bilen lomaý söwda edipdir. Olaryñ fransuzlardan ep-esli algysy bolupdyr. Algylaryny alyp bilmänsoñlaram "daýylar" diýilýän türk häkimiýetinden dalda isläpdirler. Hüseýin daýy osmanly hökümetiniñ adyndan fransuzlardan bergilerini bermegi talap edipdir, emma fransuzlar oña jogap bermegem islemändir. Şonuñ üçinem üsti fransuz baýdakly iki gämä el urulypdyr. Fransuz konsuly Hüseýin daýy bilen gürleşmäge gelipdir, emma ol aslynda gürleşmäge däl-de, sögüşmäge gelen eken. Hüseýin daýy sabyr-takatynyñ iñ soñky çägine çenli onuñ paýyş sözlerine çydap durupdyr, emma ahyrsoñunda durup bilmän, konsulyñ ýüzünde elindäki ýelpewaç bilen urmaga, ýumruklamaga başlapdyr. Hernä şol wagt Hüseýin daýynyñ elinde diñe ýelpewaç bar eken. Fransiýa imperiýasy bu hereketi döwletiñ at-abraýyna, namysyna garşy edilen hereket hasaplap, Alžire garşy uruş yglan edipdir. Şu üýtgeşmeleriñ netijesinde Fransiýa 1830-njy ýylda Alžiri basyp alyp, ilkinji gezek osmanly topragyny resmi taýdan öz golastyna almagy başarypdyr. Osmanly bolsa bu ekspansiýany prostest etmekden başga hiç zat edip bilmändir. Alžirde gurulan fransuz hökümeti ullakan garşylyga uçramazdan 1945-nji ýyla çenli agalyk sürüp bilipdir. 1945-nji ýylda bolup geçen Setiff gandöküşligi bolsa fransuz-alžir gatnaşyklarynda öwrülişik sepgidi boldy. Fransiýany azat etmek üçin Gitlere garşy uruşdyrylan alžirliler hojaýynlarynyñ indi öñki güýjünde däldigini görüpdir. Tunis, Marokko ýaly koloniýalaryny ýakyn wagtda elden gideren Fransiýa bolsa Alžiri hemmetaraplaýyn fransuzlaşdyrandygyny pikir edýärdi we olaryñ haýsydyr bir garaşsyzlyk talabyna üns bermelidirem öýdenokdy. 1945-nji ýylda Fransiýanyñ azat edilmeginiñ baýram edilýän wagtynda fransuz milletçilerinden düzülen goşun bölümleriniñ atan okundan Setifde, Guelmada bir günde 45 müñe golaý alžirli wagşylyk bilen öldürilipdir. Fransiýa Afrikadan we Ýakyn Gündogardan çykarylmagy hakda talaby beýik fransuz medeniýetine garşy edilen iñ uly kemsitme hasaplapdyr we nemes faşistlerinden ýañy halas bolandygyna garamazdan iñ wagşyýana gandöküşliklere girişmekden gaça durmandyr. FLN bilen alžirlileriñ başyny başlan garaşsyzlyk ugrundaky göreşine garşy fransuz elitasy 1958-nji ýylda "Ýaşasyn Fransiýa! Ýaşasyn Fransuz Alžiri! Ýaşasyn de Goll!" şygarlary bilen Golly täzeden häkimiýet başyna getirdi, emma gelinen sepgitde alžirlileriñ garaşsyzlyga barýan ýolda ep-esli ýol geçendigini gören Goll olary goldanyny makul bildi. Şonuñ üçinem Golly häkimiýet başyna getiren milletçi gatlak 1960-njy ýylyñ 14-nji iýunynda ony harby döwlet agdarylyşygyny gurnap, häkimiýetden çetleşdirmäge synanyşypdyr, ýöne synanyşyk başa barmandyr. Mete Çubukçy "Birikim" žurnalynda Fransiýanyñ Alžiriniñ üstünde emele getiren ruhy trawmasyny şeýle düşündiripdir: "Garaşsyzlygyny alandan soñ fransuz dilinde ene dili bolan arap dilinden has gowy gürleýän, belki-de, fransuzlaşdyrylyp ýetişilmedik, ýöne öz aslyny tapyp bilmeýän ýurt bolupdyr. Wagtyñ geçmegi bilen arada ähli faktorlar aradan aýrylyp, yzda yslamy düzgünleriñ agdyklyk edýän, demokratiýanyñ ysy-da ýok režim galdy. Alžirlilere-de az-owlak arap, az-owlak fransuz, az-owlagam "sosialist", emma goýy yslamy kimlik galdyrdy". Marokko, Tunis, Siriýa ýaly birnäçe ýurduñam trawmasy şundan gowy bolmandyr. Bütin bu zatlaryñ sebäpkäri Fransiýady. Sebite gan, gözýaş, jenaýat getiren fransuzlaryñ özüni aklajak bolmagy öñki prezidentleri Nikolas Sarkoziniñ sözleri bilen "Çagalar kakasynyñ eden günäleri üçin aýyplanyp bilinmez. Meseläni taryhçylara goýalyñ" sözlerinden ybaratdy. Elgaraz, Alžiriñ üstünde 100 ýyl dowam eden fransuz agalygy we genosid edip gezen ýyllary iki jöhit ve bir ýelpewaç bilen başlapdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 01.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |