14:11 Birdemde höküm edilenler | |
BIRDEMDE HÖKÜM EDILENLER
Publisistika
Prezidenti tankyt edip twit atandygy üçjn 22 ýaşly Beýza G. tussagda... Köçe reportažynda aýdanlary sebäpli 23 ýaşly Dilruba K. tussagda... Sosial mediýada söz azatlygy boýunça bu ýaşlaryñ boşadylmagy üçin kampaniýalar geçirilýär. Eýse şular ýaly tussag astyna alynýan ýaşlaryñ sany nämüçin hemişe artmak bilen? Prokurorlar, sudýalar bu ýaşlary türmä ugratmak üci ne beýle höwesjeñ ýapyşýarlar? Berilýän jezanyñ başgalara-da sapak bolar öýtmelerindenmi? - Gaýdyp hiç kimse prezidente dil uzatmaz... Gaýdyp hiç kimse milli we dini gymmatlyklary ýañsylamaz... Şeýlemi? Muña garamazdan, durmuş tejribesi munuñ düýpgöter tersine bolýandygyny görkezýär: Tanzimat döwründen başlap biziñ hukuk düşünjämiz Renessans döwründe ýüze çykan we Ýewropanyñ aglaba ýerinden bütin dünýä ýaýran jeza beriş maksatly adalat düşünjesi esasynda guralgy. Ýöne: Ençeme ýyllaryñ dowamynda toplanan statistiki görkezijiler berilýän jezanyñ onçakly netijesiniñ we jenaýatyñ öñüni alyjy täsirliliginiñ bolmaýandygyny subut edýär. Türkiýede jenaýat edilişiniñ statistikasy aýratynam 2000-nji ýylda we şondan soñky döwürde edilen jenaýatlaryñ Ýewropa normalaryndan atgaýtarym öñde... Bir zada düşünemzok: Jenaýaty jezalandyrmak añsat, jenaýatyñ öñüni almak kyn. Bulam birtaraply jezalandyrmalar bilen mümkin däl. Jenaýat düýpden alanda jemgyýetçilik häsiýetli. Şunam aýtman geçmesek bolmaz: Adalatyñ ýok ýerinde hemmeler bigünädir... Hawa, bu mesele diñe sud edaralarynyñ meselesi däl. Meselem, halkymyzam Rim amfiteatrlarynda oturan tomaşaçylar ýaly başam barmaklaryny aşak edip, "jeza, jeza!" diýip gygyryşýar... * * * Bolgusyz, ýöntem, manysyz durmuş ýaşaýanlar büdrän pursatynda garşydaşlary "jeza, jeza" diýip gygyryşyp başlaýar... Köpleriñ ýetip bilmeýän durmuşynda ýaşaýanlar büdrän pursatynda garşydaşlary "jeza, jeza" diýip gygyryşyp başlaýar... Sosial mediýanyñ gündelik durmuşa ymykly ornaşmagy bilen şeýle duşmançylykly nadanlyk ýüze çykdy.. Bir ýyl öñ Dilan-Engin Polatlaryñ başyna gelenleri ýazypdym: Günäleri barmy-ýokmy bilemok, ýöne arasynda žurnalistleriñ, aklawjylaryñ bolan uly sosial mediýa topary tarapyndan är-aýalyñ şobada garalanyp taşlanmagy meni ynjalykdan gaçyrdy. Polatlaryñ maşgalasy hakda nädip birden programmalar, dokumental filmler peýda boluberdi? Hemmeler birdemde prokuror, sudýa boldy duruberdi. Beýleki bir ýandan hiç kim haýsy ykdysady-syýasy sistemanyñ bu ýaş är-aýaly döredendigi barada kelam agyz söz eden bolmady. Meselä sosiologiki tarapyndanam, ykdysady tarapyndanam sereden bolmady. Hukuk tarapyny-da agzan bolmady. Diñe başam barmaklar aşak indirilip, "jeza, jeza" diýip gykylyk edildi! "Işine jür telekeçi" Polatlara agyr kemsidiji sözler aýdyldy, häzirem aýdylýar... Şonda şeýle diýipdim: Şeýtanlaşdyrylan Polatlar hakynda sesi iñ batly çykýanlaryñ şolaryñ ýetmek isläp ýetip bilmedik "etmişe şärikdeş sosial şarjagazlardygy" tötänlik däl! Birinji daşy iñ ahlaklyñyz zyñsyn... * * * Biziñ ýaly pikirlenmeýänleriñ, ýaşamaýanlaryñ hukugyny-da goramaga borçludyrys. Raskolnikow Dostoýewskiniñ "Jenaýat we jeza" romanynda adamlara ýagşylyk etmek üçin süýthor aýaly öldürýär, onuñ pullaryny alýar... Şular ýaly gapma-garşylykly ýaşamagyñ mysallaryny ýurdumyzda soñky ýyllarda artygy bilen göremzokmy näme? Gowy durmuşda ýaşamak üçin garşydaş hasaplaýanlaryny ýok etmegiñ niýetinde gezip ýören adamlarymyz kän. Her kimiñ öz tarapyndaky günäsiz, garşydaş tarapyndaky jezalandyrmaga mynasyp! Etmişiñ düzümi näme? Günälimi, günäsizmi, kimi gyzyklandyrýar? "Jeza... jeza" gowur-galmagalynyñ arasyndan başga hili ses eşdilmeýär. Jemgyýetçilik gurluşyny hiç kim seljerjek bolanok. Engin-Dilan Polatlar "pul üçin näme etseñem bolýar" ideologiýasynda ulaldy, olaryñ durmuşy şular ýaly formada şekillendi. Özem "arz-talap bazarynda" ýeke däldiler, köpiñiz şonuñ ýanyndadyñyz... Prokurordyr sudýalaram, sosial mediýaçylaram haltanyñ agzyny giñden açyp jeza paýlanlary bilen jemgyýetçilik adalatyny ýola goýup bilmezler. Mesele has düýpde, şonuñ bilen ýüzleşmek gerek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |