23:56 Birinji jahan urşunyñ "gahrymany": Frans Ferdinand | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
BIRINJI JAHAN URŞUNYÑ "GAHRYMANY": FRANS FERDINAND Ersgersog Frans Ferdinandyñ ady "ganym jahan uruşynyñ, iki ýyl öñ Saraýewoda gaýtadan başlan Balkan uruşynyñ we öñden belli iñ hapa görnüşi bilen gassaplar üçin teatra öwrülen uruşyñ" birinji uçgunyna dahylly boldy. Awstriýanyñ ersgersogy Frans Ferdinanda garşy gurnalan kast edişlik "Domenica del Corriere" italýan gazetinde şeýle suratlandyrylypdy, 12.07.1914 ý. Surat: Wikipedia Saraýewoda janyna kast edilmegi Birinji jahan uruşynyñ turmagyna sebäp bolan Awstriýanyñ ersgersogy Frans Ferdinandyñ luknany Wiktor Eýzenmenger ersgersogyñ Awstriýada iñ halanmaýan adamlaryñ biri bolandygyny, emma halamakda bolşy ýaly, halamazlykda-da adamlary günäkärläp bolmajakdygyny aýdýar. Lukman ersgersogyñ Müsüre saglygyny bejertdirmek üçin giden gezeginiñ jikme-jikliklerini gürrüñ berýär. Onuñ ejizje adamdygyny we käbir wagtlar juda gorkak bolýandygyny aýdan lukman Nil derýasynda gämä münmekden ýüz öwrendigini aýdýar. Ol şolar ýaly dereje ýigrenilipdir welin, eger şypa tapyp dagy ýurduna gaýdyp gelmese, Awstriýa hezil edäýjek eken. Ersgersog Frans Ferdinand / Surat: Wikipedia Şeýle-de, lukman ersgersogyñ janyna kast edilmeginiñ uruşyñ iñ esasy sebäpleriniñ biri bolandygyny aýdýar. Aslynda uruş haçan tursa turaýmalydy we hemme ýurtlar söweşjeñ ýagdaýda durdy. Awstro-Wengriýa imperiýasy nemesleriñ täsirini Balkanlaryñ üsti bilen Ýakyn Gündogara giñeltmäge taýýarlapdy. Şol sebäpli nemesler we awstriýalylar Berlin bilen Bagdadyñ arasynda demirýoluny gurmaga başlapdyr. Beýleki bir tarapdan Awstriýanyñ mirasdüşer şazadasy ersgersog Ferdinandyñ öldürilmegi tapylgysyz bahanady. Germaniýanyñ imperatory Wilgelm "ýa şu gün, ýa hiç haçan" diýip, goşunlaryny uruşa çagyrdy. Serbler ersgersogyñ janyna kast etmekde aýyplandylar. Bir aýa golaý wagt geçenden soñ Wena Belgrada ultimatum berdi we uruş yglan etdi. Russiýa umumy mobilizasiýa yglan etse, nemeslerem ruslara garşy uruş yglan etdi. Nemesler bir günden soñ Fransiýanyñ serhedini geçip, Belgiýa we Lýuksemburga ýöneldiler. Ýazyjy, publisist Gerbert Jorj Uells Birinji jahan uruşynyñ turmagyny nemesler bilen baglanyşdyrýar we Russiýanyñ goşun güýçlerini taýýarlap ýetişmänkä ýyldyrym çaltlygynda Fransiýany dyza çökermegi meýilleşdirendiklerini aýdýar. Nemesleriñ bu meýilnamany birnäçe ýyl öñ taýýarlandygyny aýdýan Uells fransuzlaryñ muny añşyran ýagdaýynda meýilnamanyñ birinji gününden başlap şowsuz tamamlanjakdygyny ýazýar. Ersgersog Frans Ferdinandyñ ady "ganym jahan uruşynyñ, iki ýyl öñ Saraýewoda gaýtadan başlan Balkan uruşynyñ we öñden belli iñ hapa görnüşi bilen gassaplar üçin teatra öwrülen uruşyñ" birinji uçgunyna dahylly boldy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 11.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |