21:03 Bitaý horjun | |
BITAÝ HORJUN
Goşgular
Iki dogan ýogalypdyr bir günde, Ýene bälçiräpdir degişgen pelek. Ýazylmadyk kanun ýazylandan zor, Ölüm — bir tüweleý, jan — bir kebelek. Müň bir sypat lybasy bar ajalyň, Bu gezegem dürli donly gelipdir. Biri aç ölüpdir iki doganyň, Beýlekisi aşa düşüp ölüpdir. Bir gözi boş bolsa, bir gözi doly, Horjun agman durup bilmez taýlaşyp. Ikijegem diri gezip ýörmeli, Iki dogan iýen bolsa paýlaşyp. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Poeziýa / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |