11:07 Biz birek-birekden... | |
Orazguly ANNAÝEW
Goşgular
▶ BIZ BIREK-BIREKDEN... Biz birek-birekden nämüçin doýgun, Biz birek-birekden nämüçin bizar. Ejizlän mahalyñ sallansa boýnuñ, Diñe şonda sähel ýatlanar didar. Bolmasa, biz birek-birekden beter Myrtar habarlary edinip hörek, Dünýäñ aladasyn eden bolýarys, Öz goñşyñ derdini duýmaga derek. Bize duýgudaşlyk bildirmek añsat, Uzakda bir ömre düşse kölege, Bir ädim beýläñde ejir çekýäne, Ilki baryp ýetişemzok kömege. Deñinden perwaýsyz geçip gidýäris Köçede ýykylyp ýatsa-da biri. Ölen pişigi ýa güjügi görüp, Şeýlebir örtenýäs, ýanýarys diri. Uly ogurlygyñ açylyp üsti, Tüpbozanlañ mäkäm berseler merkin, Jeza teşne ýaly az görüp ony, Başyny gynançly ýaýkaýar her kim. Dürli künjeginden ýer togalagnyñ, Ýene habar berýär: ölüpdir ýüz, müñ... Göwnümiz bir ýaly diñläp otyrys, Bolupdyr bu endik, edähet, düzgün. Hany öñki ýaly goñşyokara? Hany öñki ýala mährem ysnyşyk? Golaý bolup bilemzok biz birjik-de Giñ dünýede bir-birege gyslyşyp. Döräpdir ýürekde gatañsy gabyk, Biperwaýlyk alypdyr bar ysgynyn. Kabulam edenok, eçilenogam, Kalbyñ çuñ künjünde galan yssysyn. Gyssanab mahalyñ undulýar kän zat, Ýitýär munda ençe zatlaryñ parhy, Köp ýol geçendirin öýdýärsiñ, ýöne Giden ýerbe getir pelegiñ çarhy. * * * Ynsanyñ ömürlik hyrşy bar ýaly, Ahmyr bilen bakýar mydam asmana. Günden bir alamat bolmaly ýaly, Taýýar deý ýyldyza gulak asmaga. Nämälimlij jadylaýar kalbyñy, Unudyp bar zady duýanok gorky. Ýöne ak asmanyñ aýna dek ýüzi, Görkezip bilenok ýerdäki gorpy. Arzuwmy bir bölek daşa öwürip, Zyñýaryn asmana, galýar belende. Nazarym eglenýär soñky nokatda, Maýyl däl bu daşa gaýdyp gelende. Geñ zat, zyñlan daşlar gaýdyp gelenok, Ýogsa oñ köpüsi gelmeli burun. Gelmedi, ýer tutdy gögüñ ýüzünde, Soñra men olary unudypdyryn. Durmuşdaky urgulara döz gelip, Özümi tutamda ýañy aýñalyp, Gaçdy meñ depämden zyñan daşlarym, Gelipdirler bu älemi aýlanyp. Indi hasaplaşyk pursaty geldi, Ýaşadyn ömrümi men dyza çökmän. Gerek boljak ähli zyñan daşlarym, Olaryñ baryny alaýyn çöpläp. * * * Uzak dowam edýär bu ýagdaý indi, Her gün gaýtalanýar gijäñ ýarymy. Ejir berýän ýene-de men özüme, Bir näkesden alýan ýaly arymy. Başga biri özün beter ezizläp, Özüne artykmaç bir söz dözenok. Men bolsa özümi heläk edýärin, Sowal bilen öz-özümi ezeläp. Bilýän meñ häsiýetim ile meñzeş däl, Şoñ üçinem öz janymy gynaýan. Ynsabym bähbide gulluk edenok, Şoñ üçinem men özümi sylaýan. Ýöne öz göwnüñi görmekçi bolsañ, Sen belent başyñy köpe egmelim Özüñi oñarsañ, buýsançly bolsañ, Göribiñ gözüne bolýañ nyşana. Seni basyp, señ üstüñi basgylap. Goşuljak bolýarlar myrryhlar sana. Bolmaz boşlugyñy ýygşyrmak üçin Barlynyñ üstüne sürünjek bolsañ, Ýüki samanlary daşyña toplap, Bolşuñdan has beter görünjek bolsañ. Giden deñ-duşlaryñ, ýoldaşlaryña Eden garalygñy ýatlap aglasañ, Kalby päklemese çekilýän ejir, Bu gün edýän pisligiñi añmasañ. Nämä gerek akyl satmak millete, Çete çekilmegi, dymmany başar. Ahmyr eden bolup biderek ýere Gozgalan ruhlar tagmasyn basar. Meñ ile bergim ýok, göripler üçin, Ýene-de özüme berýärin azap. Olaryn ejirin alyp üstüme, Şolary jebirden edýärin azat. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |