10:07 Biz - TÜRKMENLER | |
BIZ – TÜRKMENLER
Goşgular
Biz – türkmenler, Sähraýy halk, sähraýy, Sähra dek, älem dek giňdir ýüregmiz. Sährada garşy alsak her güni, aýy, Hem-de dostlar, bitin bolsa çöregmiz, Başga zat däl şudur biziň geregmiz. Her, gün gapymyzdan nur döküp, parlap Dogýan Güni biz ýerinden galdyrýas. Tä eňegine ýaşmak orýança derläp, Teşne topragmyzy derden gandyrýas. Tomusda depämiz gaýnansoň biziň, Gyşda gazanymyz lygyrdar durar. Bahar Eşidensoň gyşyň hoş sözün, Gapymyzdan girmek üçin howlugýar. Bahar bize, Bizem bahara aşyk. Synlan adam bizi ekizdir öýder. Şahyrdyrys barymyz, Ýürekler joşup, Baharyň şanyna nagmalar aýdar. Nagmalar birigip sährany gurşar, Toý başlar... Jahyllar atlanar ata. Kim ýaglyga towsar, Kim bilin guşar. Özün ýigit saýan çekilmez çete. Agşamlaryna bolsa gyzlaň lälesi Sähra seýle çagyr gerçekleň baryn. Beýhuş edenden soň gülleriň ysy, Ýigitler gök maýsa owkalar bagryn, Olary hüwdülär agşam şemaly, Baýyrlar olara hekaýat okar: «Bagyşla, men seni tanamok häli. Öwünme, zor bolsaň, göwsümden ok al!» Bu mataly çözjek bolýarkaň, birden Täze bir täsinlik tisgindir seni. At toýnagynyň sesi geler bir ýerden, Bozup aýdyň gijäň ümsümligini. Görmänkäň tanarsyň onuň kimdigni, Belet borsuň häsiýetine donuna. Kim unutsa sähralyň bu endigin, Eňibersin gojalaryň ýanyna. Barsa-da zat sorap durmazlar ondan, Diýjek sözün öňden bilen ýalydyr. Biziň gojalarymyz dünýä inende. Walla, alym bolup gelen ýalydyr. Gürlemän, ardynyp gidiberdigi Garaşyber bir ýakymsyz habara. Sakgalyn sypalap timar berdigi Täzeden başlanar uly dabara. Biz şeýleräk, Sähraýy halk, sähraýy, Sähramyza örklenendir ýüregmiz. Sährada garşy alsak her güni, aýy, Hem-de dostlar, bitin bolsa çöregmiz, Başga zat däl, şudur biziň geregmiz. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |