01:31 Biziñ çepçilerimiz | |
BIZIÑ ÇEPÇILERIMIZ
Publisistika
Biziñ "çepçilerimiziñ" Kiprdäki saýlawlardan aljak dersi ýokmy? Geçen saýlawlarda 60.5% ses alan çepçi Mustapa Akynjy bu gezegem ýeñiş gazanjagyny umyt edip durka, näme üçin ýeñlişe uçrady? Kiprdäki saýlaw biz nämeleri aýdýar? Almaly dersler bar: Frankfurtdaky marksistik mekdep jemgyýetçilik etikasynyñ dolandyryşa-häkimiýete edýän täsirini öwrenip, syýasy kesgitlemäni-adalgany tapdy: syýasy psihologiýa. Maksat - saýlawçynyñ geljek syýasy kararlarynyñ astynda ýatan ruhy-psihologiki prosesi öwrenmekdi. Maksat - gatlaklaryñ syýasata edýän psihologiki täsiriniñ bardygyny orta çykarmakdy. Mundan beýläk Zigmund Freýdiñ psihoanalitik çemeleşmesi syýasatyñam temasyna öwrüldi! Ýagny, syýasy-jemgyýetçilik wakalara bolan garaýşa-seljermelere psihologik penjireden-de seretmek gerekdi. Meselem... saýlawçynyñ öz "gysga ýol düwmesi" bar, ol belli bir karara gelende añyndaky, geçmişdäki mysallara ýüzlenip, şol düwmä basýar! Jemgyýetlerem şeýle - geçmişden gelýän kollektiwleýin hakydasy bar. Taryhy wakalardan dine, dilden ýol-ýörelgä deñiç, hakyda - jemgyýetçilik özboluşlylygyny-da emele getirýär. Mysal üçin, geçmişiñ gorky-ünjüleri gönüden-göni jemgyýetiñ süññüne siñýär. Özem munuñ, häzirki wagtyñ syýasy düşünjeleriniñ kemala gelmegine ullakan täsiri bar. Hawa, nesilden nesile geçip gelen bu ruhy hakydany-medeni arhiwi ýok hasaplap syýasatda üstünlik gazanyp bolmajagy köre hasa. Ýaralaryñ salan tagmasyny ýitirmek, sylyp aýyrmak mümkin däl... Kipr türkleriniñ hakydasynda ýer eden uly trawmalary görmediksiräp, "Türk goşuny çekilsin", "Gerek bolsa ýer bereris" diýip, boýunsunujylygy öñe tutup, saýlawlarda üstün çykmak mümkin däldi. Beýtmek - syýasy psihologiýadan hiç zat bilmeýändigiñi añladýardy... ■ ÜÇ ASYRLYK DOGANLYK FETÖ bilen ýaranlyk eden liboşlaryñ täsiri bilen biziñ çepçi "batyrlardan" käbirleri öz iline, öz taryhyna saýrylaşdyryldy. Kipr, munuñ tipiki mysaly... Populýar medeniýetiñ merkezine ýerleşdirilen bu kelleleriñ etmeli işi - taryhy hakydany ýok etmekdi. Günbataryñ dilmaçlygyny eden bu gatlaklar ömürboýy türkleri Kiprde basybalyjy ýaly görkezmäge çytraşdy. Meselem... Osmanly basybalyjydymy? Kiprli prawoslaw rumlar latyn-katolik buthanasyna garaşly bolup galmagy inkär edensoñlar, üç asyrlap rehim-şepagatsyz režimiñ astyna sokuldylar. Patyşadan haraý islediler. 1571-nji ýylda osmanlylar ada geldi welin, rumlaryñ jany aram tapdy: baş ýepiskoplugyñ binasyny gurdular, buthanalaryny açdylar, ene dillerinde gürlemäge, rum dilinde bilim almaga we erkin söwda etmäge, ýer almaga başladylar. Şular ýaly derejede özygtyýarly, özbaşdak boldular. Eýse, şumy basybalyjylyk? Soñra... Fransuz rewolýusiýasyndan ýedi ýyl soñ 1796-njy ýylda Wenada Ellin imperiýasyny gurmak üçin “Megali idea” (“Beýik ideýa”) manifestini jar edip, Osmanla garşy topalañ baýdagyny galdyrdylar. Haçan-da, Soltan Abdylhamyt II Russiýa howpuna garşy 1878-nji ýylda Kipri iñlislere berdi welin, kiprli türkleriñ durmuşy kynlaşmaga başlady. Osmanlynyñ tabynlygynda 307 ýyllap türkler bilen agzybir durmuşda ýaşan kiprli rumlar goñşularyny "gelmişek" hasaplap, olary adadan kowmak üçin eden-etdiçilikli hüjümlere başlady. Ellin-grek goşuny Izmiri basyp alyp, Anadolunyñ içlerine aralaşmaga başlansoñ, rumlaryñ eden-etdiligi hasam wagşylaşdy. Mustapa Kemalyñ baştutanlygynda gazanylan milli azat-edijilik ýeñşi kiprli türklere ynjalyk berdi. Emma uzak dowam etmedi... ■ FAŞISTIK ZARBA Kiprli rumlara üç asyrlap howandar bolup gelen türkleri adadan kowjak bolup, her dürli pyssy-pyjurlyga ýüz uruldy. Her näme edilse-de, rumlar "enozis" pikirinden - Gresiýanyñ tabynlygyna geçmek arzuwyndan el çekmedi. Mysal üçin... Iki halkyñ şärikdeş agalygynda 1960-njy ýylda gurlan Kipr respublikasyny üç ýylda ýykdylar. Yzyndan... jenaýatçylykly hereketlere ýüz urdular. Noel gandöküşikligini etdiler. Türk ilatly nokatlary gabawa alyp, 103 oba hüjüm etdiler. 20 müñ türki öwsüz-öwzarsyz goýdular... BMG-nyñ parahatçylyk goşuny-da rum diasporasyny saklamakdan ejiz geldi. 1974-nji ýylyñ 15-nji iýulynda Kiprde faşistik agdarlyşyk bolup geçdi we Kipr-Ellin respublikasynyñ döredilendigi jar edildi. Türkiýe Angliýany we ABŞ-ny tegelek stoluñ başyna çagyryp, problemalary diplomatiki ýollar bilen çözjek boldy, iki ýurdam adada bolup geçýänlere üns bermediksirän boldy. Kiprli türkler öldürilýärdi. Adamlar janlaryny halas etmek üçin agaç sallara münüp, ata watana sary gaçýardy. Ynha, birdenem mehmetçik (türk esgeri) parahatçylygy üpjün etmek üçin Kipre aýak basdy. Soñky ýyllarda, hamala, hemme zat gülala-güllükkä türk goşuny ada baran ýaly görkeziljek bolunýar! Utançdyr bu. Ýene-de garaşsyz döwlet däl, 1975-nji ýylda Kipr Türk Federal döwleti guruldy. Ýagny türkler häzirem federasiýa garaşlylygyna galýardy. Ýeñilen rumlary (aýratynam Gresiýany) bulam kanagatlandyrmady. Häzirem kanagatlandyranok, olar "enozis hyýalyndan" el çekenoklar. Türkler öz ýörejek ýoluny kesgitledi: 1983-nji ýylda Demirgazyk Kipr Türk respublikasynyñ döredilendigi yglan edildi. Netijede: Kiprli türkleriñ başdan geçiren agyr trawmasyny görmezlihe salyp, garant ýurt Türkiýäni basybalyjy ýurt ýaly görkezmäge synanyşanlaryñ saýlawlarda ýeñiş gazanmagy, diñe kişini zamun alan kişä ýa-da topara simpatiýa duýmasy bilen - "Stokgolm sindromy" bilen mümkin bolup bilerdi! Biziñ "çepçilerimize" syýasy psihologiýany öwrenmek wajyp... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |