13:47 Biziñ çepçilerimizde jogaby bar | |
BIZIÑ ÇEPÇILERIMIZDE JOGABY BAR
Publisistika
Euskadi Ta Askatasuna/ETA… Ýagny, "Bask ýurdy we azatlyk" atly topar... Demirgazyk Ispaniýadaky we günorta-günbatar Fransiýadaky Baskda ýaragly-separatist marksistik-leninistik gurama... Ellinji ýyllaryñ başynda žurnal çykaran we aç-açan hereket edýän "Ekin" atly talyplar toparyndan döredi: 1959-njy ýylyñ 31-nji oktýabry. Donostiýa San Sebastýandaky birinji çykyşynda 22 aýlyk çagajygyñ-da ölmegi olara "çaga ganhorlary" adynyñ berilmegine sebäp boldy... Jemi alanda ETA 465-i ýönekeý raýat bolan 829 adamy öldürdi. 22 müñ adamy ýaralady. (Türkiýede PKK-ä garşy gurlan "JITEM” we “Susurlyk bandasy” ýaly bikanun toparlar ETA-nyñ garşysyna-da guruldy: GAL (Antiterroristik azat-edijilik toparlary). Bular ETA-nyñ 56 militanyny öldürdi. ETA diñe bikanun topardygy bilenem çäklenmeýärdi. Şygary bardy: "Bietan jarrai!" ("Ikisine-de aýak goşuñ!") Simwolyndaky iki şekil muny añladýardy syýasata yşarat edýän palta bilen oña oralan ýylan (ýylan - ýaragly göreşe yşarat edýär)! * * * 1986-njy ýyl. ETA birmahal agzasy bolup soñ özlerinden daşlaşan Mariýa Dolores Kataraýny çagasy bilen bile ýöräp barýarka öldürdi. Bu zalymlygy näletläp Bask oblastynda protest demonstrasiýalary bolup geçdi. "Gesto por la Paz" ("Bask ýurdunda parahatçylyk jemgyýeti") guruldy. ETA bombaly maşyny partlatmak arkaly 21 adamyñ ölmegine getiren "Hipercor" söwda merkezindäki teraktyny amala aşyrandan soñ ýazgarmalar köpçülikleýin häsiýete eýe boldy... Raýat protestleriniñ güýjemegi ETA-ny legal çepçi-sosialist partiýalary “Herri Batasuna”-nyñ düzümine birikmegine getirdi. ETA arasynda legales/legalak (kanunylar), polisiýada hasapda durmadyk we daşyndan görmäge ýönekeý durmuşda ýaşaýan agzalaryny-da şu ýere jemledi. Çep gatlagyñ "ähli reñkleri" birikdi diýilse-de, partiýanyñ press-sekretary Arnaldo Otegi ýaly ýokary wezipeli ýolbaşçylar ETA-nyñ agzasydy. Ispaniýa, Fransiýa eden-etdiligi, düzgün bozmalaryny soñlajagyna ynanyp, Batasunanyñ saýlawlara girmegine, Ispaniýanyñ we Ýewropanyñ parlamentine girmäge rugsat berdi... Şeýle-de, ETA Batasuna bilen gatnaşygynyñ bardygyny boýun almaýanam bolsa, partiýa ETA-nyñ teraktlaryny hiç wagtam ýazgarmady. Onuñ edýän işlerine arka durdy! ETA-nyñ agzalaryna “Bask esgerleri” (Gudariak) diýip ýüzlendi… Şol ikiarada "Batasunanyñ" köp sanly ýolbaşçysy ETA-daky işleri sebäpli tussag edildi. Uzatmaýyn... Netijede, "Bask açylymyndan" netije bolmady. 2003-nji ýylda "Batasuna" ýapyldy. Kararda onuñ başga at bilen parawan partiýa gurmagyna-da ýol berilmejekdigi nygtaldy. ETA başga-başga atlar bilen (EHAK, ANV, PNV ýaly) partiýa gursa-da, barsy ýapyldy. Bu barada her gezeginde Konstitusion we adam hukuklary suduna ýüz tutulsa-sa, suduñ çykaran kararlary dogry hasaplanyp, öñküligine galdyryldy! * * * ETA "açylym döwründe" - 1989-njy, 1996-njy, 1998-njy ýyllarda özi ýaragly çaknyşygyñ bes edilýändigini yglan etdi, özi-de bozdy. "Batasunanyñ" ýatyrylmagynyñ yzyndan 2006-njy ýylda ýene ýaragy taşlaýandygyny aýtdy. Indi hiç kim onuñ ýalan-ýaşryk operasiýalaryna ynanmaýardy. Ahyrsoñy ETA 2010-njy ýylyn 5-nji sentýabrynda iñ soñky gezek ýaragy taşlaýandygyny mälim etdi. Seretdiler, hiç kimse olara gulak gabardanok... - 2011-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda ýaragly aktlaryny togtadýandygyny; - 2012-nji ýylda ähli syýasy işlerini gutarnykly bes edýändigini; 2017-nji ýylda ähli ýaraglaryndan we partladyjy serişdelerinden el çekýändigini mälim etdi (ETA-nyñ bu kararlarynyñ añyrsynda Kofi Annan, Jimmi Karter, Toni Bleýr, Angliýanyñ Baş Ştabynyñ başlygy Jonatan Pauell we başgalar bardy…) Şindi: Şu ýazanlarymdan “ETA” adyny aýryp, “PKK” ýazyp bilersiñiz... Şu ýazanlarymdan “Batasuna” adyny aýryp, "Zähmet we Azatlyk ýaranlygy" ýazyp bilersiñiz... Gözlegim çekişme däl, şu: ETA ýaragyny taşladanlar PKK-ä nämüçin ýarag berýär. Megerem, ylgaý-ylgaý ýaranlyga goşulmaga barýan ýoldaşlarda bu sowalyñ jogaby bardyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |