18:18 Biziñ hekaýatlarymyz | |
BIZIÑ HEKAÝATLARYMYZ
Publisistika
Birtopar dindar "Stambul şertnamasynyñ ýatyrylmagyny" talap edýär. Neçüýn? Olar bilen "Stambul şertnamasynyñ" tarapyny tutýan musulmanlaryñ arasyndaky teswirleriñ tapawudy nämede? Munuñ üstünde durmak gerek, çünki bu düşünişmezlik Osmanlydan biziñ günlerimize çenli gelen bir bölünşige - garaýyş dürlüligine yşarat edýär. Bilşimiz ýaly, Osmanlynyñ gurulyş pelsepesi - Ýaradan bilen ýaradylanyñ ýeke-täk gözbaşdan gelip çykandygyny we "birdigini" öñe sürýän "Wahdeti-wujut" taglymatyndan ybaratdy. Bu taglumat Muhiddin Arabydan Hajy Bekdaş Welä çenli uzanan özboluşly pozisiýady… Orta Aziýaly Muhammet Bahaweddin Nagyşbendiniñ nagyşbendili-de bu pelsepä dogry gelýärdi. Ýunus Emre näme diýýär: "Dolduk many öýüne, wujuda seýran kyldyk, Iki jahan seýrini, jümle wujutda bulduk.* Ýedi gök, ýedi ýeri, daglary, deñizleri, Jenneti, jähennemi, jümle wujutda bulduk." Soñ-soñlar... yslam dünýäsinde "wahdeti-wujuda" garşy gidýän garaýyşlar-mezhepler-tarykatlar orta çykdy. Bu ýagdaý Osmanla-da aralaşdy. Osmanlyda wagtyñ geçmegi bilen nagyşbendiýe, halidiýe,, selefi-wahhabylyk ýalyk akymlar güýçlenmäge başlady. Döwlet apparatyna "wahdeti-wujudyñ" ýerine "wahdeti-şuhut" aralaşdy. Ýagny, baş konsepsiýa "Barlyk birligi" däl-de, "Şahadat birligine" öwrüldi… Osmanlynyñ dargaýşyny öwrenip geçirilýän ylmy-taryhy işlerde şu bölünşigi-de göz öñüne tutmak dogry bolmazmy? ■ DÜNÝEWILIGIÑ BINÝADY Maksatlaýyn çekişmeleri guramakdan daşlaşdyk. Ownukçyllyga, bimaksatlyga, peslige boýun bolduk. Meselem, diñe şu tema boýunça nijeme eserler, ylmy işler ýazmak gerek dälmi? "Wahdeti-wujut" eger Osmanlyda güýjüni dowam etdiren bolsa, imperiýa dinleriñ-mezhepleriñ arasynda ylalaşdyryjy-sazlaşykly funksiýany amala aşyryp bilermidi? Bilşimiz ýaly, Balkan ýurtlarynda, mysal üçin prawoslaw hristianlar bilen bekdaşylar ençeme ýyllap käwagt bilelikde ybadat edip agzybirlikde-jebislikde ýaşadylar. Aslynda... hut şunuñ özi dünýewiligiñ binýady dälmi? Aslynda... kemalizmiñ dini pelsepesi "wahdeti-wujut" dälmi näme? Aslynda... Atatürküñ alawy we sünni agzalalyklaryna çözgüt getiren dünýewilik garaýşynda "wahdeti-wujudyñ" paýy ýokmy näme? Hem has soñra bu agzalalygy gaýtadan möwç aldyran “Tanzimat musulmanlygy” dälmi? Häzir başymyza inýän ynanç merkezli bölünşikleriñ düýbünde sünniligiñ "wahdeti-wujutdan" daşlaşmasy bolup bilmezmi? Bulary hiç ara alyp maslahatlaşmaýarys… Bular barada hiç çekişme guramzok… Pelsepäni unutdyk… Taryhymyzy unutdyk… Dinimizi unutdyk… Çekişmäni, çekişme medeniýetini unutdyk... Diñe söz uruşdyryp, jemende dawasyny edýäris! Respublika ideologiýasynyñ Günbatary-Günbatarçylygy bire-bir gaýtalaýandygyny aýdýanlar-ýazýanlar, gynansak-da, Tanzimat bilen kemalizmiñ tapawudyny bilenoklar. (Şübhesiz... taryha diñe syýasy bähbit gözleme maksady bilen garaýanlarsan başga hili garaýşy tama edibem oturmaly däl!) Mesele diñe "Stambul şertnamasynda" däl… Mesele diñe halyflyga çagyryşda däl… Aýratynam Dini işler ministriniñ kürsüsinde oturan eli gylyçly akmakda hiç däl… Meseläniñ has düýbüne, has çuññurlara seretmek gerek… ■ BAŞ ILÇI BEÝTMELI DÄLDI Bugün… Prezidentiñ wekili, baş ilçi Ybraýym Kalyndan aýratyn söz açjakdym. Onuñ "Men, beýleki we añyrsy" (“Ben, Öteki ve Ötesi”) kitabyny şu gazetiñ üsti bilen tankyt edipdim… Geçen gün ol (internetdäki şahsy hasabyndan) şeyle tweet (sms) atdy: “ - Biz hekaýatlary bar bolan geografiki giñişligiñ nesilleridiris. Bize ýüz elli ýyllap modernleşme ady bilen özgeleriñ hekaýatlary aýdyldy. Indi öz hekaýatlarymyzy ýazmagyñ wagty geldi.” Ybraýym Kalynyñ näme diýjek bolýanyna gowy düşünýärin, men onuñ kitabyny setirme-setir okadym… Elbetde, alym adam bolan Ybraýym Kalyn islän zadyny pikirlenibem, ýazybam biler. Emma... bir döwletiñ wekili-baş ilçi, impeializme garşy söweşen döwletiñ "düýbüni tutujy atalary" hakynda beýle morta tweet atmaga haky ýok! Atmaga het etmeli däl! Hususanam... agzybirlik-jebisligiñ öñe sürülýän günlerinde agzalalyklary, bölünişikleri öñe çykarmagyñ kime näme peýdasy barka? Mesele "modernleşme" bolda bizem gerekli çekişmä gireris. "Günbatarlylaşma" bilen "modernleşme" düşünjeleriniñ tapawudyny ýazarysam, düşündirerisem. Kemalist ynkylapçylyk bilen Tanzimat boýun egijiligi bir-birine bulaşdyrmaly däldigini nygtarys. Bolmanda-da bu barada wagty-sagady we ýeri bolanda ýazybam ýörüs. Hawa, hemişe çekişmegi oñarmak gerek, emma döwlet işgäriniñ gündelik syýasata güýmenip, jemgyýetçilik sütünlerini sarsdyrmajak bolmaly. Baş ilçi ýazjak sözüni ilki mizan terezisinde çekip-saldarlap görmeli eken. Ýurdy bölünşige iterjek sözleri ýazmaly däl. Ýa bolmasa, döwletiñ "gyrmyzy kitaby" üýtgedi-de, biziñ habarymyz ýokmy? Öñümüzdäki günlerde bu temalaryñ üstünde aýratyn durup geçmekçi… Ilkinji nobatda bilinmeli zat: XXI azyrda täze hekaýatlar eliñe gylyç alyp däl-de, aýal-gyzlaryñ hukuklaryny-da öz içine alýan dünýewilik bilen ýazylmalydyr… Anadoly hekaýatlarynyñ süññünde "wahdeti-wujut" bar, "Stambul şertnamasyny" inkär edýän saud wahhabizmi däl… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.08.2020 ý. _____________________________ *bulduk - tapdyk. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |