02:43 Biziñ mediýamyz | |
BIZIÑ MEDIÝAMYZ
Publisistika
Angliýaly Jon Gobsonyñ (1858-1940) adyny eşitdiñizmi? Erzinjanyñ Iliç etrabyndaky altyn çykarylýan kände bolup geçen genosid bilen ýakyndan ilteşigi bar. Siz Iliç etrabyny tulum peýniri bilen tanaýansyñyz. Eýse näçäñiz etrapda altyn çykarylýandygyny bilýär? Bu ýerdäki altyn ýatagynyñ adamlary we tebigaty zäherleýändigiji birküç sany daşky gurşawy goraýjydan başga kim agzady? Mesele beter çuñda. Ilki bilen munuñ esasy çeşmesini görmek lazym: Imperializm! Bulam nirden çykdy diýmäñ. Altyn ýatagyny gözlemek işi şeýle syýasy düşünjäniñ döremegine sebäp boldy. Meseläniñ şu tarapyny size hiç görkezesleri gelenok. Serediñ: Altyn känleri diýlende, ilki näme göz öñüñize gelýär: golliwud kinofilmleri... Çarlz Çapliniñ deñsiz-taýsyz eseri "Altyna çozuş" kinofilmini hasaba almanymyzda, "Golliwud" kinomatografiýasy altyn gözleýjileriñ işini gara nebisden ýaña gözi gapylan şahsy işler hökmünde görkezdi. Altyn gözlegleriniñ indeýleriñ köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolandygynyñ gürrüñini edenem bolmady. Ýogsam bolmasa, 370 köpçülikleýin gyrgynçylyk bilen ähli ýerli jemgyýetler (altyna hüjüm göçüniñ iñ ýygy bolan 1849-njy ýyly göz öñüne tutulan) "kyrk dokuzltylar" diýip atlandyrylan altyn gözleýjiler tarapyndan ýok edildi. "Nesibesi güýçli" çykanlar janlaryny halas etmek üçin dogduk depelerini terk etdi. Ýagny: San-Fransisko ýaly Kaliforniýa baýlygynyñ añyrsynda altyn eksplutasiýasy we genosidi ýatyr. ABŞ-Meksika uruşy-da şol sebäpli turmadymy? Ýeri bolýa. Jon Gobsonly gürrüñden daşlaşmalyñ. * * * Häzir men hökman Iliçli gürrüñiñ üstünden barjak. Emma meselä "ýöne bir heläkçilik" hökmünde seretmäñ. Heläkçiligiñ añyrsynda ýatan zatlary görüñ. Seretmek gözüñ işidir, görmek bolsa añyñ... Altyna hüjüm diñe Amerikada bolup geçmedi. Afrikada-da şuña meñzeş heläkçilikler bolup geçdi. 1886-njy ýyl. Günorta Afrikadaky Witwatersrand prowinsiýasynda dünýäniñ iñ uly altyn käni tapyldy. Tapylan altyn käni uruş turuzdy. Iñlisler altyn käni üçin çaga-çuga diýmän garaýagyz adamlary gyrgyna berdi. Adamzat taryhynyñ ilkinji genosid konslagerlerini Gitler däl, hut iñlisler şu ýerde gurdy! Ýeri bolýa, edil häzir gürrüñi çuñaltmaýyn... Geleliñ, Jon Gobsonly gürrüñe... Gobson ykdysatçydy, sosial ylymlar bilen gyzyklanýardy. Onuñ "Garyplyk" (1891), “Zamanabap kapitalizm" (1894), “Ewolýusiýa we işsizler" (1896) “Sosial reformator” (1898) atly kitaplary ýazdy... Ol iñlisleriñ altyn üçin Günorta Afrikany basyp alan ikinji Bur uruşyna "Manchester Guardian" gazetiniñ adyndan synçy hökmünde gatnaşdy. Ine, şu uruşda Gudson "imperializm" kesgitlemesini berdi. Naýbaşy eseri "Imperializm" (1902) kitabynda imperializmi täze bazarlar gözleýän "zamanabap kapitalizmiñ" mejbury netijesi hökmünde häsiýetlendirip, Lenin, Troskiý, Roza Lýuksemburg ýaly sosialistlere täsirini ýetirdi... Hawa, altyn eksplutasiýasy "imperializm" düşünjesiniñ döremegine sebäp boldy... * * * Iliç altyn ýatagyndaky pajygaly wakany "gan we pul" baglanyşygyndan aýry pikir edip bilmersiñiz. Diñe Kaliforniýa däl... Diñe Günorta Afrika däl... Diñe Papua Täze Gwineýa däl, Gana däl, Rumyniýa, Argentina däl... Imperialistik ýurtlar global kompaniýalaryñ üsti bilen ösmedik ýurtlaryñ altyn ýataklaryny sokga sordy ýördi. Şonda-da hiç doýmady. Ýaragly basybalyjylyk wagtyñ geçmegi bilen ýerini "medeniýet", "azatlyk", "demokratiýa", "erkin bazar" ýaly aldawaç düşünjeler bilen dowam etdi. Global kompaniýalar giren ýurtlarynda ýerli ownuk hyzmatdaşlary ýanyna çekip, tutynyñ añyrsyndan dolandyrmak strategiýasyny ýöretdi. Býurokratik işlerini ýerli hyzmatdaşlarynyñ üsti bilen çözdi. Şeýle-de (sianid, simap we ş.m.) daşky gurşawyñ ýykgynçylyk sebäplerini hyzmatdaşlyk edýänleriniñ üstüne syrykdyrdy. Iliçdäki heläkçiligiñ jogapkäri kim? Metbugat organlary ýerli iñ aşakky gatlakdaky şereketleriñ adyny görkezip, amerikan kompaniýasynyñ pirimine aldanýar, halkyñ añyny bulaşdyrýar! Mesele şereketleriñ adynda däl. Mesele - adamy we tebigaty ýok edýän bu sistemany derñemek... Galyberse-de: Iliç heläkçiliginden soñ mediýamyz şeýle ýazdy: "Nýu-Ýork biržazynda "SSR Mining Inc." amerikan kompaniýasynyñ aksiýalary erbet pese düşdi!" Pulyñyz, biržañyz başyñyzy iýsin... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |