13:28 Bol-telkilige we ýalp-ýulpa dowam! | |
BOL-TELKILIGE WE ÝALP-ÝULPA DOWAM!
Publisistika
Ýurduñ içinde, onda-munda nebit tapdyk diýip buşlandygy saýy tersine bolýar, ýag-ýangyç serişdeleriniñem bahasy gymmatlaýar! Ýigrimi ýyldan bäri nebit tapyp gelýäris, emma tapdygymyz saýy garyplaşyp barýanymyza nähili düşünmeli? Bu nähili çaprazlyk bolýar? Tapylandygy aýdylýan nebit-gaz hiç ulanyşyga girip gidiberenok! Saýlawlardan soñ ýag-ýangyjyñ bahasy segsen prosent gymmatlady. Dizel ýangyç gymmatlansoñ, yzyndan benzinem gymmatlady. Häzirlikçe litri otuz alty lira bolan benzin kyrk lira tegelenjege meñzeýär! * * * Salgytlar, nyrhlaryñ galmagy inflýasiýany belli-beter möwjedýär. Aram-aram galdyran bolunýan aýlyklar topugyñy ýapmaga ýetenok... Üstümize çöken adalatsyzlygy, saçagymyzda döräp barha ulalyp barýan ýangyny, artýan garyplygy, baýy hasam baý, garyby hasam garyp edýän inflýasiýa mahluguny duruzmak üçin akylly-başly adamlaryñ wezipä bellenmegine kän garaşmaly bolarmykak? Dogrusy, şek-şübhesiz, alada-gaýgysyz geçýän günümiz ýok. Wada berilen reformalar, maksatnamalar kagyz ýüzünde galaýarmyka? Şübhelerimiziñ gözbaşy raýatlarymyzyñ ykdysady krizisden ýaña ýetde-gütdelik bilen gidişýän wagty, häkimiýetiñ ýygnalan salgytlary öz keýpi-sapasyna, bol-telkilige we ýalp-ýulpa sowmasydyr! Döwlet gereksiz çykdajylary azaltmagyñ deregine gaýtam elita gatlagynyñ az sanly adamlaryñ durmuşyny gowulandyrmak bilen başagaý. Degişli ýolbaşçylar bulary görmeýärmikä, düşünmeýärmikä? "Döwlet gaznasy deñizdir-ogurlap galmadyk doñuzdyr" añyýeti dowam edip, şeýle tarhandökerligiñ öñi alynmasa, mundan beter batjagymyzy bilenoklarmyka? Haýyş edýän, begler, halkyñ ynam-umydyny puja çykarmañ! • Döwleti "Artygyñ harmanyna" dönderdiler! Hamana ykdysadyýetde krizis ýok ýaly... Hamana san-sajaksyz salgytlardyr, jerimeler bilen raýatlaryñ gany içilmeýän ýaly! Hamana bol-elin we asuda durmuşda ýaşap ýören ýaly?.. Geçen ýyla garanda döwletiñ daşary ýurt awtoulaglaryny satyn almaga sowan puly bäş essedenem geçipdir. Döwleti "Artygyñ harmanyna" dönderdiler. Şeýle pul sowuşlyga döwletiñ puly çydarmy dagy? Salgytlary, jerimeleri köpelt, käbir salgytlary üst-üste al, soñam bulary öz bol-telkiligiñe sow... Ýeri onsoñ ýurduñ ykdysadyýeti düzeljekmi? Haýp dälmi raýatlardan ýygnalan salgytlara, ýerli-ýersiz ýere salynan jerimelere? • Henek: Pul diýeniñ nämemiş?.. Özdemir Erdogan şäherleriñ birine konsert bermäge gidenmiş... Ol baran badyna pulunyñ öñünden nagt tölenmegini talap edip, eger puly berilmese sahna çykmajakdygyny aýdypdyr. Degişli ýolbaşçylar alada galypdyr. Heniz oña bermäge ýeter ýaly pullarynyñ ýokdugyny, tomaşaçylar gelip, biletler satylyp gutarylandan soñ pullaryñ üýşjekdigini aýdypdyrlar. Aýdymçyny näçe yrza etjek bolsalaram peýdasy bolmandyr. Özdemir Erdogan dik gaýşyp duranmyş. Konsert merkeziniñ ýolbaşçylary eýdip-beýdip tomaşaçylara masgara bolmajak bolup pul toplapdyrlar we aýdymça beripdirler. Çykyş etmeli wagty gelip ýeten aýdymçy eline gitarasyny alyp sahna çykypdyr we birinji aýdymyna başlapdyr: "Pul diýeniñ nämemiş, Esasy zat adamçylyk..." • GÜNÜÑ SÖZI Aşyp bolmajak diwaram ýok, depe-de! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |