14:32 Boljak ýa bolmajak | |
BOLJAK ÝA BOLMAJAK
Goşgular
![]() Ogry ogurlygyn goýsa-da goýar, Oýansa ynsap. Zyrrajym ýalançyň dogruçyllygam, Bolup biljek zat. Işläp baýrak alyp biler bir ýalta, Taýagy görse. Göterer çolak hem hatarda baýdak, Aýagy ýörse. Kör bolan az-azdan görüp başlasa, Sowulýar şumlyk. Töhmetçi töhmeti goýmagy mümkin, Görensoň ýumruk. Diýseler: “görip göripligni goýýa”, Goýmaz, oňa giç. Keçeňegem diýäýjekmişin “bolýa”, Ynanaýmaň, hiç! Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |