01:55 Bolmadyk sil | |
BOLMADYK SIL
Publisistika
Fotosurat: Markin Nowak / LNP Ýanymyz bilen äkidip bolaýjak ähli paty-putylarymyz bilen doldurylan çemodanlarymyzy göterip, bosgunlar ýaly Parižden deñiziñ üsti bilen Londona geldik. Ýolagçy gämisi bilen otlynyñ arasyndaky ýollaryñ ugrunda bolmagyna garaşylýan sil belasyna garşy duýduryş belgileriniñ köplügi bizi geñ galdyrdy. Ertesi gün we soñky günlerde duýduryjy, görkezme we ýatladyjy belgilerinden ýaña aýak basara ýer ýokdy. Hiç birine-de gulak asmadyk, çünki biz bular ýaly tebigy hadysalaryñ diñe taryh kitaplarynda we çeper filmlerde bolýandygyna ynanýardyk. Garaşylýan gün gelip ýetdi we ortada sile degişli nam-nyşan ýokdy. Temza derýasy we gyralary asudady. Siller taryhda galmagyny dowam etdirdi. Şu ýylda we şu aýda London 1524-nji ýylda bolup geçmedik sili ýatlatdy. Eýýäm bir ýyl öñünden astrologlar 1-nji fewralda uly siliñ Ýewropany ýalmap-ýuwutjakdygyny we iñ uly siliñ Londondyr Temza derýasynyñ boýlarynda boljakdygyny duýdurmaga başlapdylar. Şondan soñ käbir adamlar bentleri we barrikadalary gurmaga başlasa, Rimde halk şäheri taşlap, ýaýlalara we şäheriñ ýedi ajaýyp depesine gonupdy. Adamlar gerek-ýarak zatlaryny taýýarlapdy. Nemes şäherlerinde haýatlar beýgeldilipdi, Wenada we daş-töwereginde adamlar ýerlerini ujypsyzja baha satypdy. Astronomlar şu meselede pikirdeşdiler we berk ynanýardylar: Dünýäniñ hemme ýerinde ýüzlerçe ýyllap görlüp-eşdilmedik öwrülişikler we üýtgeşmeler bolup geçer. Bulam 1499-njy ýyl bilen 1531-nji ýyl aralygynda bolup geçen sillerdir tebigy heläkçiliklere meñzeş tebigy heläkçilikleriñ bolmagyna getirer. Italýan alymy Luka Kriko 1425-nji ýylda Ýewropanyñ köp böleginiñ suwuñ astynda galjagyny, kyrk gije-gündizläp ýagyş ýagjagyny aýdypdy. Beýleki alymlaram şoña meñzeş çaklamalary orta atdy we olaryñ biri şuny-da aýtdy: daýhan gozgalañlary-da bolup geçer. Belgiýaly alym Kornelis de Şipper silleriñ aýratynam aýal-gyzlaryñ we jöhitleriñ arasynda köp sanly ölümlere getirjegini aýtdy. Bularyñ hiç biri-de bolmady. Adamlar şol aý gurak we ýagyşsyz geçende astrologlaryñ üstünden güldiler. Emma daýhanlaryñ arasynda käbir gozgalañlar bolup geçdi we bulam astrologlardyr alymlaryñ şowsuzlygyny azajygam bolsa düzetdi. Ýöne şowsuzlyk astronomlara uly zyýan ýetirdi. Olar ukyp-başarnyklaryny derñeýän gazaply kampaniýalara duçar boldy. Alymlar bulara garşy özlerini erjellik bilen goradylar. Käbirleri bolsa birnäçesiniñ goýberen ýalñyşlyklarynyñ hemmelere degişli däldigini, ýagny sungat işgäriniñ sungatynda ýaramaz bolmagynyñ şol sungatyñ doly ýaramazdygyny añlatmaýandygyny aýtdylar. Astronomiýa XVII asyra çenli özbaşdak ylym hökmünde öwredilip gelindi. Emma aýratyn alynanda şindizem ömrüni dowam etdirýär. Iki fransuz prezidenti - Žak Şirak we Fransua Mitteran "Ýeliseý" köşgünde bolanlarynda astrologlara sala salardy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 19.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |