19:48 Boýny gurhanly, ýüzi ajy ýylgyryşly gul Diallonyñ geñsi kyssasy | |
BOÝNY GURHANLY, ÝÜZI AJY ÝYLGYRYŞLY GUL DIALLONYÑ GEÑSI HEKAÝATY
Taryhy makalalar
Süleýman Diallo, 1733 / Surat: Uilýam Hoar Iñlis suratkeşi Uilýam Hoaryñ çeken meşhur portretinde kellesi selleli, boýny Kurany-Kerim bilen garaýagyz gul ünsi çekýär. Doly ady Eýýup Süleýman Diallonyñ ömri, göreşi we ynanjy seýrek gabat gelýän portret bolup öñümizden çykýar. 1701-nji ýylda Senegalda dünýä inen Diallonyñ ýiti ýatkeşligi bolupdyr. Ol heniz kiçijik çagaka Gurhany ýatdan bilipdir. Şol sanda onuñ maşgalasy-da dindarlygy bilen tanalýan we sylanýan maşgala bolupdyr. 1731-nji ýylda Diallonyñ durmuşynda uly öwrülişik bolup geçipdir. Ol syýahat edip ýörkä gul söwdagärleriniñ eline düşüp, Amerika tarap barýan gämä mündürilipdir. Käbir günbatarly çeşmelerde Diallonyñ kakasynyñam gul söwdagäri bolandygyny we onuñ bu syýahata kakasynyñ adyndan käbir şertnamalary baglaşmak üçin çykandygy aýdylýar. Şeýle-de Diallony ele salan gul söwdagärleri ýerli adamlar eken. Uly ähtimallyk bilen Diallony ele salyp, gul hökmünde satan söwdagärlerem musulman bolmaly. Uzaga çeken ýolagçylygyñ yzyndan ölmän galan Diallo amerikan maşgalalarynyñ birine satylyp, temmäki plantasiýasynda işlemäge mejbur edilipdir. Şol geçen döwrüñ içinde her dürli horluga we kemsidilmäge duçar bolan Diallo ybadatlaryny berjaý etmäge çytraşypdyr, emma onuñ hojaýynlary diýseñ zalym adamlar bolupdyr. Ol ahyrynda belli pikire gelipdir we ýat illerde gul bolup galandan gaçanyny makul bilipdir. Barybir ele salnypdyr. Taýak iýipdir, gynalypdyr, ahyrsoñunda türmä salynypdyr. Diallo türmedekä Allanyñ ynsaply gullaryndan Tomas Blýue bilen tanşypdyr. Blýue Dioallo üçin elinden gelen ýagşylygy gaýgyrmandyr we onuñ kakasyna ýazan hatyny gowşurjak bolupdyr. Bu hat Jeýms Edward Ogltorpyñ eline düşüpdir. Sebitiñ baý kolonizatorlardan bolan Ogltorp bu gulyñ näme ýazanyny biljek bolup arap dilinde ýazylan haty Oksford uniwersitetine terjime etdiripdir. Hatda ýazylanlar Jeýmse ýiti täsirini ýetiripdir. Ol şobada Diallonyñ puluny töläp, bendilikden azat edipdir we Birleşen Korollyga äkidipdir. Mundan soñ Diallonyñ durmuşynda bütinleý täze sahypa açylypdyr. Angliýada köp sanly aristokrat we ruhany Diallo bilen duşuşyk geçiripdir. Garaýagyz gullaryñ içinde bular ýaly ýiti zehinli we berk dini ynançly adamyñ bolmagy Angliýada gulçuluga bolan garaýşy düýpli üýtgedipdir. Diallo ähli galyplaryñ daşyna çykan beýik şahsyýetdi. Ol iñ jedelli teologiki meselelere yslamdan geñ galdyryjy jogaplar berýärdi we başdan geçiren şonça horluk-kösençliklerine garamazdan ynanjyndaky ýiti pähim-paýhasy we takwalygy oña Angliýada uly hormat-sylag gazandyrdy. Diallo bu mümkinçiligi şahsy peýdasyna ulanyp, şobada ýurduna dolanmagyñ ýerine, 1734-nji ýyla çenli Angliýadaky we dünýäräki garaýagyz gullaryñ hak-hukuklaryny goramaga ömrüniniñ bir bölegini bagyş etdi. Uilýam Hoaryñ "Nesibeli gul" ady bilen çeken portretinde Diallonyñ iñlis aristokraty ýaly edip çekilmegi-de, aslynda Hoaryñ takdyra ten berme ynanjyndan gelip çykýar. Hoar bu eseri arkaly garaýagyz gullaryñam azyndan akýagyzlar bilen deñ hak-hukuklara eýedigini we akýagyz adamyñ garaýagyzlardan ýokarda däldigini syzdyrýar. Üstesine bu portretde Diallo sellesi we ýerli egin-eşikleri bilen şekillendirilip, onuñ medeniýetine we ynanjyna hormat goýulýar. "Nesibeli guluñ" boýnundaky Gurhanda Diallonyñ ynanjyny görkezmek babatda kararlylygyny orta goýýar. Bu deñsiz-taýsyz kartinanyñ asyl nusgasy häzir Katar muzeýinde saklanýar. Diallo 1734-nji ýylda ýurduna gaýdyp geldi we 1773-nji ýylda aradan çykýança asuda durmuşda ýaşady. Iñlisler Diallo mylakatly çemeleşenem bolsalar, 1833-nji ýyla çenli gul söwdasyny dowam etdiripdiler. Afrikadan Amerika zorluk bilen äkidilen gullaryñ 40%-niñ musulmandygy çaklanýar. Meselem, 1865-nji ýylda osmanly gämileriniñ biri Braziliýanyñ kenarlaryna baryp dirände, ol ýerdäki gullaryñ köpüsiniñ musulmandygyna şaýat bolupdyr. Bagdatly Abdyrahman ol ýerde musulman gullara elinden gelen kömegini gaýgyrmandyr. XV asyrdan başlap Afrika yklymyndan Amerika yklymyna ymgyr köp gul äkidilendigini we gul söwdasynyñ edilendigini biz taryhy çeşmelerden bilýäris. Garaýagyz gullaryñ köpüsi Gana, Mali, Sokotro, Kanem-Bornu, Songaý, Sudan ýaly musulmanlaryñ gür ýaşaýan ýerlerinden alnyp gidilipdir. Materige getirilen gullaryñ tertip-düzgüninde ilkinji iş edinilen zat olaryñ dini ynançlary bolandygyna şübhe ýok. Şonuñ üçinem garaýagyz musulmanlar hristiandyklaryny aýtsalaram, aglabasy yslamyýete gizlinlik bilen amal edipdir. Palomares gozgalañynyñ hormatyna dikilen ýadygärlik Bu gizlinlik hemişelik dowam edip bilmedi. Gür ilatly musulman gullar XVII asyrda Palomares respublikasy bilen Braziliýada özbaşdak döwlet gurmaga synanyşypdyr, emma bu synanyşygy portugaliýalylar ganly basyp ýatyrdy. Garaýagyz gullar ikilenç basyşa we gynamalar bilen dinlerini gizläp biljek iñ soñky müddetine mejbur edildi. 1830-njy ýylda Antoniu Konselýeýrunyñ dini häsiýetli uly gozgalañyna garaýagyz musulmanlaram goldaw beripdir. Elkyssa, bu pany dünýäden Eýýup Süleýman Diallo hem geçdi, onuñ başdan geçirenleri ýüz müñleriñ arasyndaky özboluşlyja kyssady.... Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 11.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |