21:47 Bozajak seni | |
BOZAJAK SENI
Goşgular
Dünýe mala ynsan bozulýan bolsa, Malsyzlyk has beter bozajak seni. Gedemlikden ynsap üzülýän bolsa, Ejizlik has beter üzejek seni. Barly bolsaň ýakyn-ýadyň hossardyr, Ýoksuz bolsaň seniň adyň bikärdir, Tagt üstünde bolunan hökümiň müň ärdir, Ýykylsaň gör nije depejek seni. Ne barly ne garyp bolmasyn ýigit, Baýlykny götermek gerdende jüwüt, Garyplyk gam dertdir, alynmaz öwüt, Är başyň minnete goýajak seni. Halmyrat bu ömür öwrüm, beýik, pes, Magrypdan maşryga arzuwda höwes, Ýygnanyň galjakdyr nesibäň nepes, Nesip ne bolunsa tapajak seni. 04.05.2023 ý. | |
|
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |