21:18 Bredli effekti | |
BREDLI EFFEKTI
Publisistika
Seresaply-oýlanyşykly häsiýetim bar... Ähli ähtimallyklary we howplary göz öñüne tutup, şoña görä ünsli hereket edýärin, gepleýärin, ýazýaryn... Çünki ünsli bolmak puşmanlygy azaldýar... Konfusiý şeýle diýýär: "Uzakdan pikirlenmeýän adam gynanjy ýakyndan tapar". Kylyçdaroglynyñ prezidentlige kandidaturasyny goýmagyny "biziñ mähellämiz" gutarnykly ýeñiş hasabynda görýär. Kagyz ýüzünde Imamogly bilen Ýawaşyñ bolmagy saýlawyñ "ýeñiş" bilen gutarjagyna bolan umydy güýçlendirýär. Hakykatdanam şeýle bolarmyka? Hiç kimiñ keýpine sogan dogramak islämok. Ýöne bu işiñ türküñ türke garşy propogandasyna-monologyna öwrülme howpy bar. Öz mähelläñizde saýlawda öñe saýlanmagyñyz ahyrky saýlawda ýeñiş gazanjakdygyñyzy añlatmaýar. 2007-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli joşgunly mitingler bolup geçmedimi? Jemgyýetçilik özüneçekiji tarapgöýlüge özüñi aldyrmajak bolmaly... Hiç bir saýlaw "torbadaky käkilik" däl, şolar ýaly gutarnykly däl... Meselem: * * * Bredli effektinden söz açmakçy... Bredli effekti - ABŞ-da afro-amerikan - garaýagyz kandidat akýagyz kandidat bilen ýaryşanda jemgyýetçilik tolgunjynyñ - pikir soralşyk netijeleriniñ saýlaw netijeleri bilen tapawudyny mälim etmäge synanyşýan kesgitleme... 1982-nji ýylda Kaliforniýa ştatynyñ gubernator saýlawynda pikir soralşyklaryñ ählisinde öñe saýlanandygyna garamazdan saýlawdan ýeñlip çykan Tom Bredlä degişli kesgitleme. Şeýle: Uzak wagtlap Los-Anželes şäher munisipalitetiniñ başlygy wezipesinde işlän Tom Bredli Demokratik partiýadan kandidaturasyny görkezdi. Garşysynda bolsa Respublikan partiýanyñ kandidaty akýagyz (ermeni) Jorj Dokmejýan bardy. Saýlawdan birnäçe gün öñki pikir soralşygyñ netijelerine seretseñ-ä, Bredli gutarnykly ýeñiş gazanaýmalydy. Hatda "San Francisco Chronicle" gazeti wagtyndan ir çykaran sanynda Bredliniñ eýýäm ýeñiş gazanandygyny ýazdy. Ses sandyklary açyldy welin, hakyky ýagdaýyñ beýle däldigi görüldi. Bredli näme sebäpli ýeñildi? Aslynda şeýle netijäni prezidentlige kandidat Dokmejýanyñ saýlaw kampaniýasynyñ dolandyryjysy Bill Roberts saýlawdan bir aý öñ mälim edipdi: "Saýlawçylaryñ aglaba bölegi pikir soralşyklarda jynsparazçylykly meýillerini bildirmezlik maksady bilen beýleki kandidata ses berjekdiklerini aýdýarlar!" Robertse gahary gelen köp boldy, hatda ony wezipesinden boşatdylar! Emma hakykat onuñ aýdyşy ýaly bolup çykdy: "kararsyzlar" topbagy bilen Dokmejýana ses berdi. Galyberse-de, Bradlä ses berjegini aýdan käbir saýlawçylaram saýlaw güni ses bermäge gitmedi. Kaliforniýa uniwersitetiniñ afro-amerikan barlaglary boýunça işleri geçiren professor Çarlz Henri Anri saýlawy eserdeñlik bilen öwrendi we makalasynda jyns faktorynyñ Bredliniñ ýeñlişinde esasy faktordygy netijesine geldi. "Jemgyýetçilik basyşlary sebäpli käbir akýagyz saýlawçylar jynsparaz görünmekden gorkdy we ses sandygy bilen başa-baş galanda hakyky netijesini orta goýdy!" Her saýlawda hökman "Bredli effektiniñ" boljagyny aýdyp bolmaz. Men bu mysaly seresaply bolsunlar diýip berdim... Jorj Dokmejýan * * * Gürrüñsiz, saýlawlarda üstünlik gazanmak üçin birnäçe effekt rol oýnaýar. Howpsuzlyk syýasaty bulardan biri. Meselem: ABŞ 1980-nji ýylyñ 4-nji noýabrynda saýlaw geçirýärdi. Saýlawdan öñ Ronald Reýganyñ saýlaw kampaniýasyny dolandyryjylar Uilýam Keýsi, Lourens Silberman, Jorj Gerbert Uoker Buş Pariže gidip, Homeýniniñ adamlary bilen duşuşdy. Mesele Tährandaky ABŞ-nyñ ilçihanasyndan bir ýyl öñ "ýesir alynan" 52 zamunyñ ykbalydy! Prezidentlige kandidat Reýganyñ topary eýranlylara şeýle teklip etdi: - Ýesirleri saýlawdan soñ goýberiñ. Munuñ deregine häkimiýet başyna gelenimizde size garşy goýlan sanksiýany aýrarys. Işe başlan badymyza "F-4 Phantom II" uçar tekerlerini we ätiýaçlyk şaýlaryny bereris. Ýesirler wagtyndan öñ goýberilse, pozitiw atmosferany arkasyna alan Jimmi Karteriñ ýeñiş gazanma ähtimallygy bardy... (Öjalanyñ Türkiýä getirilmeginiñ Bülent Ejewite goşmaça 8% ses gazandyrandygyny ýatladýaryn!) Tährandaky ýesirler Reýganyñ 1981-nji ýylyñ 20-nji ýanwarynda işe başlan sagadynda boşadyldy! Gýote şeýle diýýär: "akylly seresaplylyk hiläniñ hötdesinden gelip biler". Saýlawlaryñ öñisyrasy rasional bolmagy ünsden düşürmäñ. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |