12:15 BSGG "ak jüýjemi"? | |
BSGG "AK JÜÝJEMI"?
Publisistika
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) geleñsizlikdenem, syýasatyñ hapalygyndanam çetde galan arassa gurama däl. Hususanam, onuñ sargytlary boýunça şu taýda dünýäniñ käbir saglygy goraýyş ministrlerine seslenmek isleýäris: bular mukaddes ýazgy derejesinde däl. "CNN"-iñ iki gün paýlaşan şu rubrikasyna serediñ: "BSGG ABŞ-daky protestleri goldaýar we protestçilere sargytlary bar". Bu täsin habarda guramanyñ direktory Tedros Adanom Gebresius yñ şu aşakdaky beýanatyny okaýarys: "BSGG deñlige esaslanýan jynsparazlyga garşy global hereketi doly goldaýar. Islendik görnüşli diskriminasiýa garşy çykýarys. Dünýädäki protest demonstrasiýalaryny howpsuz ýagdaýda geçirmäge çagyrýarys. Elleriñizi ýuwuñ, üsgüreniñizde agzyñyzy tutuñ, protestlere gatnaşýan bolsañyz, maska dakynyñ". ABŞ we Ýewropa köçelerindäki galmagally protest çykyşlarynda bolsa bular ýaly sargalyp leji çykan duýduryşlara eýerilmeýändigi açyk görlüp dur. Egin-egne, el-ele berip durmalar, gujaklaşmalar, hatda polisiýa işgärleriniñ üstüne topulmalar we ýönekeý adamlaryñ dükanlaryna çozmalar. Görýän sahnalarymyz-a şulardan ybarat. Eýsem, ýoldaş Gebresius ýaşlaryñ, käbir öý-öwzarsyzlaryñ ýa-da käbir ogrularyñ hakykatdanqm öz sözüni diñlärler öýdýärmikä? Özü-de Efiopiýadaky Kommunistik partiýanyñ öñki öñbaşçy wekilleriniñ biri, ýagny, ýaşlyk ýyllarynda bu özüneçekiji we gaharjañ medeniýetiñ howasyndan dem alan biri hökmünde, jümle-jahana temek tutýan bu kakabaş ýaş fanatizmi nädip bilmezlige salýar? Duşenbe güni çep ganatyñ sebitleýin protestlerini gylawlandyran BSGG-nyñ ýene şol günüñ özünde ikinji koronawirus tolkunynyñ ýakynlap gelendigini bahana edip, ykdysadyýetiñ açylmagyna we adaty tertibe geçmäge çagyrýan duýduryş bermegi, haýbat atmagy we gazaply göz görkezmegi bolsa çaprazlygy bir pursatda komediýanyñ we melodramanyñ çürbaşyna, gülkiniñ we agynyñ eriş-argaç bolan sepgidine ýetirýär. Ähli gagşadyjylygy bilen bir wagtyñ özünde! Aslynda BSGG-nyñ korrupsiýa batgasyna batanlygy we syýasylaşdyrylmagy boýunça tankydy bellikler efiopiýaly syýasatçynyñ, akademigiñ we häkimiýetdäki çepçi partiýanyñ öñki agzasynyñ başky ýyllaryna gabat gelýär. Täze görnüşli koronawirus üçin öñünden duýdurýan birnäçe maglumatnama bar. Maliýe gatançlary işgärleriniñ artykmaçlyklaryna we lýuks çykdajylara harçlanýar. Ylmy işler babatda bolsa, BSGG beýleki ýurtlaryñ, ylmy-barlag merkezleriniñ, ýokary okuw jaýlarynyñ, "Bill & Melinda Gates" fondy ýaly haýyr-sahawat guramalarynyñ işlerine bil baglaýar. Gebresius 2017-nji ýylda Hytaýyñ goldawy bilen BSGG-nyñ direktorlygyna saýlananda, gyzgynjak wadalarynyñ birini berip, "Garyplaryñ saglyk hukugynyñ ýanynda boljagyma söz berýärin" diýipdi. 2019-njy ýylyñ dekabrynda Taýwan Hytaýyñ Uhan şäherinde howply epidemiýanyñ döräp bilme ähtimallygynyñ bardygyny duýdurypdy, emma BSGG-na agza däldigi we Hytaýa duşman bolandygy bahana edilip, oña gulak asan bolmady. Bahreýnli meşhur ylmy-barlagçy doktor Abdylla el-Medeniniñ "Al Eqtisadiah" gazetinde çap edilen "Tedros Adanom… Hytaý tarapgöýlüginden has köprägi" atly makalasynda efiopiýaly syýasatçy we alym hakda diýseñ gyzykly maglumatlar bar. Gysgaça aýdanda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy geleñsizlikdenem, syýasatyñ hapalygyndanam çetde galan arassa gurama däl. Hususanam, onuñ sargytlary boýunça şu taýda dünýäniñ käbir saglygy goraýyş ministrlerine seslenmek isleýäris: bular mukaddes ýazgy derejesinde däl. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Penşenbe, 11.06.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |