00:18 Bu betbagtlyk bize sapak bolarmyka? | |
BU BETBAGTLYK BIZE SAPAK BOLARMYKA?
Publisistika
Geçip barýan her bir sagat tebigy betbagtlygyñ aýylgançlygyny hasam ulaldýar. Ýer bilen ýegsan bolan şäherler... Ýumrulan binalaryñ astynda galan adamlar.... Ondan-mundan kömek sorap çykýan dady-perýatlar... Añyrsy-bärsi ýok, gorkunç weýrançylyk bilen ýüzbe-ýüz bolduk... Geofizik alym, professor Öwgün Ahmet Erjan “Bütin ýer şarynda bular ýaly ýer titremesi bolan däldir. Adatdan daşary ýagdaý bolup geçýär" diýýär we 7.7 balla ýeten ýer titremesiniñ 130 atom bombasynyñ güýjüne deñdigini aýdýar. Gözleg-halas ediş toparlary kesekleriñ aşagynda galan betbagtlary halas etmek üçin elinden gelen gaýratyny gaýgyranok. Hemmeler ýaly biziñem añymyz-pikirimiz, duýgymyz, ýüregimiz ýer titremesinde ejir çekenleriñ we ýardam ediş toparlarynyñ ýanynda... Dereksiz ýitenleriñ hossarlary "tapylaýady-da..." diýip göz dikip garaşyp duran adamlarymyzyñ gözgyny haly ýüreklerimizi daglaýar. Ýer titremesinde gurban bolan ildeşlerimize Alladan rehmet diläp, bir ýandanam "Bu heläkçilik bize sapak bolarmyka?" diýip pikir etmän bilemzok. * * * Hawa, şunça tragediýadan sapak alarysmyka? 1999-njy ýylda 20 müñden gowrak adamymyzyñ ömür tanapy üzülen Göljük we Düzje ýer titremelerinden soñam döwletde-de, jemgyýetde-de şu günki ýaly gynançly pursatlary başdan geçiripdik. Şol wagtky häkimiýet "Gynanjymyz çäksiz. Ähli ýaralarymyzy bitireris. Döwletimiz güýçlüdir ähli mümkinçilikleri bilen halkymyzyñ ýanyndadyr. Hemmetaraplaýyn çäreleri geçireris" diýip kepillik beripdi. Näme bolandyr öýdýäñiz? Aradan çärýek asyra golaý wagt geçdi. Ýer titremesine garşy nähili öñüni alyş işleri geçirildi? Netije ortada... Negözel on welaýatymyz harap boldy, müñlerçe adamymyz wepat boldy, on müñlerçe ýaralymyz bar! * * * Ýer titremesi boýunça hünärmen, professor Naji Görür "Näçe ýyl bäri duýduryp gelýäris. Ýeke ýolbaşçy habarlaşyp, "näme etsek gowy bolar?" diýmedi. Şunça duýduryşy näme üçin berdik?" diýip örtenýär. "Ýigrimi ýyl bäri ýurdy arakesmesiz dolandyryp gelýän häkimiýet gepe gezek gelende güýçli döwletimiz şunça wagtyñ içinde nähili öñüni alyş işlerini geçirdi?" diýip soramak hakymyzam welin, ýöne edil häzir syýasat satmagyñ wagty däl, agzybirligiñ we jebisligiñ wagty... Ýurt derejesinde başdan geçirýän çäksiz horluklarymyzy we depe saçyñy düýrükdirýän weýrançylygy diñe birek-birege arka durmak bilen aşyp bileris. • "Hernä Stambulda ýer titremesin!" Alla saklasyn, şeýle ululykdaky ýer titremesi Stambulda bolup geçen bolsa, megaşäher 7.7 balla barabar ýer titremesi bilen sarsan bolsa näme bolar öýdýäñiz? Megerem, aýylganç betbagtlyk bolup geçerdi... Häzir Günorta-gündogarda on welaýatynyz heläkçilige uçrady. A erte näme bolarka? Bolmagyna garaşylýan Stambul ýer titremesine näçeräk wagt galdy? Geofizik alym, professor Öwgün Ahmet Erjan "Şu ýyl, şu gün, şu ululykda, şu ýerde ýer titrär diýip bolmaýar. Emma Stambulda-da ýer titremegine garaşýarys" diýýär. Professor Erjan üç ýyl öñ garaşylýan Stambul ýer titremesi hakda söz açýan täsin roman ýazypdy... "Doğu Kitabevi" neşirýatynyñ çap eden "Hernä Stambulda ýer titremesin!" (“Ne olur İstanbul'da Deprem Olmasın!”) atly 480 sahypalyk ylmy-fantastiki häsiýetli romanda geljekde bolup geçjegi gutulgysyz bolan Stambul ýer titremesi ädimme-ädim yzarlanýar, haýsy alamatlary berip ýakynlaşjakdygy, nireleriñ ýykyljakdygy, näçe kişiniñ öljekdigi çeper eser görnüşinde beýan edilip, okyjylarda ýer titremesiniñ tolgundyryjy pursatlaryny döredýär. Hiç bir ýer titremesiniñ haçan bolup geçjegini anyo bilýän ýok, emma professor Erjanyñ romany ylmy-fantastiki žanrda bolandygy üçin eseriñ gahrymanlary Stambul ýer titremesini öñünden bilmegi başarýar, täsin wakalaryñ biri-birine sepleşýän romany Stambul ýer titremesi bilenem soñlanýar. Stambulyñ häkimi ýer titrejegini öñünden duýduryp, taýýarlykly bolan we heläkçiligiñ bary-ýogy 5 müñ öli bilen geçilmegini üpjün eden Selçuk Ataýa: - Yzy ýarasyn, Selçuk beý. Siz millionlary halas etdiñiz, ýöne, gynansak-da aýalyñyzy halas edip bilmediñiz - diýýär. Öwgün Ahmet Erjanyñ "Hernä Stambulda ýer titremesin!" romany garaşylýan Stambul ýer titremesi üçin düýpli duýduryş berýän gyzykly eser. • GÜNÜÑ SÖZI Akyl iñ uly baýlykdyr, ýöne ol bazarda-da satylmaýar, pul bilenem satyn alyp bolmaýar! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |