13:54 Bu gadaganlygyñ köki nirede? | |
● Kökler
Edebi makalalar
BU GADAGANLYGYŇ KÖKI NIREDE? Türkmenlerde merhumyň jesedi goýlan jaýdan ýüz görülýän aýnalary aýyrýarlar ýa-da ýüzüni örtüp goýýarlar. Sebäbini sorasaň köp adam: äý, halanmaýan zat-da diýýärler oňaýýarlar. Dünýäniň birnäçe halkynda adamyň jany onuň kölegesinde, suwuň ýüzündäki, aýnadaky şekilinde saklanýar diýen düşünje bolupdyr. Umuman, adam şekiliniň onuň duýgusyna, aňyna edýän täsiriniň önjeýlidigi barada örän gyzykly zatlar aýtsa bolar. Şu ýerde Narsissa bilen bagly grekleriň döreden owadan rowaýaty ýadyma düşýär. Bir ýaş ýigit görki bilen gyzlary heýjana salýar. Şolaryň biri-de Eho atly perizat. Emma ýigit oňa üns berenok, perizat saralyp solýar Bir gün ýadap gelýän Narsissa egilip kölden suw içmekçi bolýar, birdenem suwuň ýüzüne düşen suratyna aşyk bolýar. Bu gözellik ony bent edýär, iýgi-içgini, dünýäniň lezzetini unudýar, öz gözel keşbiniň zaryny çekip jan berýär. Hudaýlar onuň owadanlygyny suwuň gyrasynda ösýän güle öwürýärler, adamlar onuň keşbini indi Narsissa atly gülde görýärler. Ýarym müň ýyl bäri beýik italýan hudožnigi Leonardo da Win-çiniň çeken Mono Lizasynyň keşbi adamzady haýran edip gelýär. Asyrlaryň dowamynda siwilizlenen ynsan bu portretdäki aýalyň syrly garaýyşyndaky manynyň anygyna ýetmegiň aladasynda. Belki, hiç mahalam ýetmek başartmaz. Sungatyň gudraty-da şunda. Hudaýlara-da akyl ýetirmek ynsana buýrulmandyr. Oýlanyp oturşyňa, Leonardo da Winçi ýaly genilere-de hudaýlara mahsus keramatdan bir paý berlen bolmasyn diýýärsiň. Bu ahwalatyň hatarly tarapyny ruhanylar duýupdyr diýmäge esas bar. Yslam adamyň keşbini çekmegi gadagan edýär. Hadyslaryň birinde şeýle diýilýär: “Kim janly jandary şekillendirse, onuň başyndan betbagtlyk insin! Suraty çekilen adam kyýamat güni nakgaşyň ýakasyndan tutup, janymy gaýtar diýmäge haklydyr. Oňa jany gaýtaryp bermäge ukypsyzlygy üçin nakgaş dowzah oduna ýanmaly bolar”. Yslam soňky dörän din. Ol Allany ýeke-täk hudaý diýip yglan etmek bilen, butparazlyga ynanayp gelen dagynyk arap taýpalaryny bir ynanja, bir döwlete birikdirmegi gazanmakda aýgytly hyzmat bitirýär. Emma araplardan has öň bir hudaýlylygy berkarar etmekde ýewreýleriň, ýagny ýahudylaryň amal eden tejribesi äşgär göreldedi. Ýahudylaryň dininde esasy talaplaryň biri hudaýyň keşbini şekillendirmäge gadaganlykdan ybarat. Hatda hudaýyň adyny tutmak-da gadagan. Töwratda Horuwa dagynda hudaý oduň arasyndan bendelerine ýüzlenende, şol gün olaryň hiç hili obraza gözleriniň düşmändigi hakyndaky ynanjyň olaryň ruhuna siňmelidigi sargyt edilýär: “Siz ýoldan çykyp, erkekdir aýalyň keşbinden özüňize kyblagäh ýasanan adamlar dälsiňiz. Ýa-da, ýer ýüzündäki haýwanlaryň şekilini, asmanda uçup ýören ganatly guşlaryň şekilini, ýeriň ýüzündäki ýigrenji süýrenjileriň şekilini, suwdaky balyklaryň şekilini çekip ýörenler dälsiňiz. Ýa-da, asmana garap güni, aýy, ýyldyzlary, gökdäki gaýry leşgerleri görüp, olara guwanan, sejde eden, olaryň gullugynda bolan adamlar dälsiňiz” diýilýär. Bu sargyt butparazlyk meýilleriniň garşysyna gönükdirlen zarbadyr. Moskwada neşir edilýän “Družba narodow” žurnalynyň 2000-nji ýylyň 10-njy sanynda A.Kaştanowyň “Adamyň özi bilen urşy” diýen publisistik makalasynda ýazmagyna görä, ýokarky setirlerde sanalýan gadagançylyklar bolmasady, ýahudylarda, soňra hristianlarda, musulmanlarda hiç haçan bir hudaýlylyk bolmazdy. Ýewreýleriň töwerek daşyny gurşan beýik döwletlerde butparazlyk agalyk edýärdi. Ol döwletler halklary, taýpalary güýç bilen birleşdirip, beýiklik derejesine göteripdirler. Her halkyň, her taýpanyň öz hudaýy bardy. Bu ýagdaý bir döwlete bakna edilen taýpalaryň içki gatnaşygyndaky ysnyşyga, birleşige juda päsgel berýärdi, ahyry şunuň sebäbine-de Müsür, Babilon ýaly ägirt giň, beýik döwletler çagşapdyrlar. Bir halka birigen ýewreý taýpalaryna hudaýyň keşbini çekmegi, onuň adyny tutmagy gadagan edilmek bilen, öňki taýpa hudaýlarynyň biri-birleri bilen dawa-jenjele girmekleriniň öňüni alypdyrlar. Hudaýlaryň birleşmegi taýpalaryň bir halka gaýym birleşmegine ýardam eden esasy alamatlarynyň biridi Bir hudaýda her taýpa öz hudaýyna mynasyp obrazy göz öňüne getirip ýaşamaga endik edýär. Şu ýagdaý dini taýdan kanagaty artdyrýar, taýpalaryň arasynda dini çaknyşyklaryň ýüze çykmazlygyna getirýär. Soňra araplar ýewreýlerdäki hudaýyň keşbini çekmäge bolan gadagançylygyň örüsini has giňeldip, ony adamlar babatda-da ulanypdyrlar. Adamdan hudaý ýasamaga gadymyýetden gelýän endigiň yslamy döredenleriň ätiýajyny artdyran bolmagy gaty ähtimal. Onsoňam hut olaryň gapdalynda sähelçe wagt öň dörän hristiançylykda hudaý diýlip adam şekilindäki Iisus Hristosa sejde edilip ýördi. Döwürleriň dolanyp, adamzat jemgyýetiniň üýtgäp durmagy bilen garaýyşlar, düşünjelerem üýtgeýär. Dini taglymatlar adam aňy bilen bagly bolany üçin olarda-da üýtgeşmeler, döwre laýyk garaýyşlar ýüz berip durýar. Musulmanlara ynsan keşbini çekmäge yslamyň dörän pursatynda girizilen gadaganlyga eýermek bir bütewi siwilizasiýa ymtylýan dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwründe aňsat däl. Şu obýektiw ýagdaýa göz ýetirýän, zamanabap pikir etmegi başarýan din wekilleri täsin deliller tapyp, gadaganlygy gowşatmaga çalyşýarlar. Bir mysal: 2001-nji ýylda Rossiýanyň döwlet kanalyndan yslam bilen bagly berilýän gepleşiklerde Wolga sebitinde ýaşaýan musulmanlara müftüçilik edýän Täjeddin çykyş etdi. Ol musulmanlaryň surat çekmek höwesine atanak goýmaly däldigini şeýle düşündirdi: Keramatly güýçli Alla Asmany, Zemini, tebigaty, haýwany, ynsany ýaradanda herki zada gaýtalanmajak keşp, sypat beripdir. Allanyň ussatlygynyň deňi-taýy bolup bilmez. Bendelere şol kämillige syn etmek, lezzet almak berilendir, buýrulandyr. Adam gözellige syn edeni bilen oňmaýar, ýürek joşguny zerarly Allanyň keramatly sungatyna öýkünesi gelýär. Onuň bu höwesi ýaradana bäsdeşlik hyýalyndan daşda bolmalydyr. Allanyň ýaradan nusgasyna ýetmek onuň bendesine asla başardýan däldir. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |