15:49 Bu gijeler Sensiz... | |
* * * Bu gijeler sensiz şeýle bir tukat, Bu gündizler sensiz juda sus maña. Içimde gaý gopýar, daşymda tupan, Düz ýollarda büdräp barýan gussama. Indi ýodajygym ýollara salman, Gutararly şol inçelip-inçelip, Otyryn seni däl, özümem tapman, Gadyrlynyñ gadyryny giç bilip. * * * Derýanyñ añyrsy möwç urýan deñiz, Oñ kenary hasam saýaly, salkyn. Mukama öwürýär ýyljajyk demiñ, Bäri gelip, añry gidýän gom-tolkun. Deñziñ-de añyrsy okean, umman, Bäri sürüp gelýär tolkun, gom baryn. Tolkunlara garap sen näme dymýañ? Gark eder öýdýäñmi meniñ ummanym?! * * * Men seniñ alnyñda Dañ, Ýagtylar-ýagtylmaz, atar hem atmaz. Men seniñ alnyñda Gün, Dogar-dogmaz, Tutup bolmaz öñün. Gijeler asmandan Zemine düşen Bir dolan Aý, bir dolmaz Aý, ne ýere düşen, ne-de düşmedik. Seniñ bilen görşen hem görüşmedik. Men seniñ alnyñda Ýyldyz. Agşam görnüp, görünmez gündiz. Men seniñ alnyñda Şapak. Çogly hem solgun. Düşermi aşak, düşmezmi, näbiljek. Özümem bilmen. Men seniñ alnyñda Bu gün, Näbelli geljek. * * * Belki, yzym galar bu ýol ýakada, Belki, söz ýolunda agsaýandyryn. Belki, işem eden däldirin oñly. Belki, bir zatlary seniñ hakynda Oýlana-oýlana agtarýandyryn, Saña ýakyn tutjak bolup bu Köñli. Gowşut ŞAMYÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |