00:25 Bu kelle... | |
BU KELLE...
Publisistika
Bir mahallar Liwiýa bilen Fransiýanyñ arasyndan gyl geçenokdy. Çünki: 1960-njy ýylyñ ahyrlaryndan başlap Liwiýa embargony gowşadan "ýarag täjiri" Fransiýadan "Mirage-5" harby uçarlaryny almaga başlady. Ýarag söwdasy ýakyn dostana gatnaşyklary güýçlendirdi… Kaddafi soñ görüp otursa; Fransiýa ýeñ astyndan Ysraýylyñam birinji belgili ýarag üpçünçilikçisi bolsa näme! Kaddafi bu çuññur gatnaşygy tankyt etmäge başlady welin, iki ýurduñ arasyna sowuklyk aralaşdy. Yzyndanam... Fransiýanyñ Günbatar Sahara, Çad we Zairdäki harby okkupasiýasyna Kaddafi gazaply garşylyk görkezdi. Özara ykdysady gatnaşyklary juda gowy bolan bu iki ýurduñ syýasy gatnaşyklary 70-nji ýyllaryñ ikinji ýarymyndan soñ hasam ýaramazlaşdy. Kaddafi her pursatda Fransiýany - Fransiýanyñ Prezidenti Şarl de Golluñ has öñ terk eden kolonialistik syýasatyna dolanyp barmakda aýyplaýardy. Liwiýa-Fransiýa gatnaşyklary 80-nji ýyllardaky Çad-Chadian içerki uruşlaryndan soñ iñ soñky üzülme derejesine geldi. Kaddafi Fransiýany we ABŞ-ny garşysyna alýandygyny bile-bile Çadyñ garaşsyzlyk ugrunda göreşýän watançylaryna arka çykdy… Kaddafiniñ nebit söwdasynda dollar-euro deregne altyn ýa-da dinary walýuta birligi hökmünde ulanmakçydygyny aýtmagy we Afrika döwletleriniñ federasiýasyny gurmagyñ inisiatory bolup çykyş etmegi Fransiýanyñ we ABŞ-nyñ keýpine sogan dogrady. Taryh: 1989-njy ýylyñ 19-njy sentýabry. Fransiýanyñ UTA Howa ýollary agentligi tarapyndan işe girizilen "McDonnell Douglas DC-10" uçarynda bombanyñ partladylmagy zerarly ýüz ýetmiş ýolagçy we uçarmanlar uçdantutma heläk boldy. Fransiýa we ABŞ Kaddafini didiwana mündürdi. Tribunallarda Kaddafini gaýybana sud etdiler; ony "halkara terrorçy" yglan etdiler. Şuña meñzeş tarapgöýçülikli habarlar arkaly Kaddafi "şeýtanlaşdyrylyp" halkara jemgyýetçiligiñ gözünden düşürilensoñ, Fransiýa we ABŞ başlyklaýyn NATO 2011-nji ýylda Liwiýany ýakyp-ýumrup weýran etdi. Kaddafini-de "itden çykartdylar". ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Hillari Klinton Rimiñ imperatory Ýuliý Sezaryñ "veni vidi vici" diýşi ýaly, “geldik, gördük, öldi” diýdi. ■ OÝUN BOZUJY - TÜRKIÝE Liwiýa 2011-nji ýylda okkupirlenensoñ, imperialistik güýçler bu ýurdy paýlaşyp bilmän öz aralarynda oñuşman başladylar. Olaryñ hemmesiniñ gözi Liwiýanyn nebitindedi. Şeýle-de, Liwiýanyñ ýerleşýän ýeri strategik taýdan diýseñ diýseñ möhüm ähmiýetli ýerdi. Mysal üçin: Hillari Klintonyñ geñeşçisi Sidni Blýumentalyñ habarnamasy metbugat serişdeleriniñ eline düşdi. Ýokary wezipeli fransuz kontrrazwedkaçysynyñ biriniñ aýtmagyna görä, Fransiýanyñ Kaddafini agdarmagynyñ düýp maksady Liwiýanyñ nebit önümçiliginde özüne düşýän paýy artdyrmak we Afrikadaky fransuz täsirini güýçlendirmekdi... Imperialistik güýçleriñ özara harçañlaşmasy Liwiýanyñ içerki gapma-garşylyklaryny hasam ýitileşdirdi, her gün gan sil bolup akdy. Edil şol etapda ara döwrä Türkiýe girdi. Gündogar Ortaýer deñziniñ üstünden Türkiýäniñ Gresiýa, Müsür, Ysraýyl, Kipr Rum döwleti tarapyndan gysaja alma meýillerini Liwiýanyñ üstünden püçege çykarmak isledi. BMG tarapyndan resmi ykrar edilen Tripolidäki Ylalaşdyryjy hökümet bilen 2019-njy ýylyñ noýabrynda özara hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk ähli planlary tersine çöwürdi. Türkiýäniñ "oýun gurujy" hökmünde Gündogar Ortaýer deñzinde orta çykmagy hususanam fransuz metbugatynda türkleriñ garşysyna garalawjy habarlaryñ çykmagyna sebäp boldy. “Türkiýe - terrorçy fundamentalist yslamçylara ýarag kömegini berýär” diýen ýaly habarlary ýaýratdylar! Az gördüler. BMG ara girdi: “Türkiýe Liwiýa garşy ýarag embargosyny sistematik taýdan bozýar!” Hamala dikmeleri Haftere ýaraglar asmandan inýärdi! Imperialistik güýçleriñ, Birleşen Arap Emirlikleriniñ we Müsüriñ Haftere ýarag kömegini edýändigini bilmeýän galdymy näme?!. Olaryñ bar islegi: Türkiýäniñ eli-aýagy bagly oturmagydy… ■ BEÝLE SYÝASAT ÝÖREDILMEZ Bu gün… Türkiýe Liwiýada halkara hukugyñ çäginde hereket edýär. Tripolidäki Döwlet Ylalaşdyryjy hökümet kömege çagyransoñ, häkimiýet meseläni Ýokary Halk mejlisiniñ gün tertibine goýdy. Mejlis 2020-nji ýylyñ 2-nji ýanwarynda BMG tarapyndan ykrar edilen hökümete arka durmak üçin Liwiýa goşun ugratma kanunnamasyny makullady. Şeýdip, dört günden soñ türk goşunlary Liwiýa ugradylmaga başlandy... Şol ikiarada Türkiýe Liwiýada ähli taraplary ýaragly çaknyşyklary hemişelik bes etmäge çagyrdy. Dürli halkara ýygnanşyklary geçirdi… Bu tagallalar dowam edýärkä, şu hepdäniñ aýagynda Liwiýanyñ Watiýa howa güýçleri bazasy “näbelli” uçarlarynyn hüjümine uçrady. Maksat Liwiýadaky türk esgerlerini urmak! Habar "Reuters" ýaly populýar habar gulluklaryna düşensoñ, biziñ metbugatymyzda bu hüjümi şatlykly garşylanlaryñ bardygyny gördüm. Haýran galdym, içim dagy ýanaýdy! Welinim… Bu kelle Türkiýäniñ Kiprde bardygyna garamazdan... Bu kelle - Türkiýäniñ Demirgazyk Siriýada bardygyna garamazdan... Bu kelle Türkiýäniñ her dürli imperialistik gysaçlary böwsendigine garamazdan… Bu kelle - milli meseläni hötjetlik bilen AKP häkimiýeti bilen çäklendirip oñaýjak bolýar. Eýse: häkimiýetler geler-geçer; ebedi galjak zat Türkiýedir, ýurdumyzyñ milli bähbitleridir. Halk - intellektleriñ öñünde. Şahyr Atilla Ilhanyñ sözüni ýatlamaga mejburdyrys: “Türk intellekti Günbataryñ ruhy içalysydyr!” Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |