14:46 Bu topraga bag ekiñ! | |
BU TOPRAGA BAG EKIÑ!
Goşgular
Parlap, al-asmana galary ýaly, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Otly tomus saýa salary ýaly, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Elbetde, gözüñe görünýär yssy, Atyzdaky, pellerdäki bar ekin. Hatar bolsun ýaplañ, pelleñ gyrasy, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Bag güllände, adam keýpi çaglanýar, Bag içinde keýpiñizi çag ediñ Adam gidýär, eken çynary galýar, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Agaç kölge salýar, bag miwe berýär, Suwun kem etmeseñ, eçilseñ dökün. Ýaz ýere kesewi dürtseñ, gögerýär, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! "Ekdiler - iýdik biz, ekýäs - iýerler" Parhy ýok güýz ekin, ýa-da ýaz ekiñ. Nesillerimiz bize sag bol diýerler, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Seýilgähler şäherlerme görk berýär, Degresinde oýun bilen baz ediñ. Bag-bakjaly ile hereket gelýär, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Ýaratmak, döretmek päkleýär kalby, Ekip-dikip, göwnüñizi ak ediñ. "Şol bagly ýurt" diýip, bersinler salgy, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Ýurt jennete döner, müñ yhlas bile Öz ornunda halal islese her kim. Beýik Serdar mydam aýdyp dur bize: "Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ!" Baglary bar bolsa, gözeldir Diýar, Guşlar owaz edip, saýraşar erkin. Il-gün razy bolar, ýalkar Biribar, Bu topraga agaç ekiñ, bag ekiñ! Atamyrat ATABAÝEW. "Beýik Türkmenbaşy Nesli" gazeti, 2006 ý. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |