13:08 Bu üçüsi bilen hasaplaşan häkimiýetde galybilmez | |
BU ÜÇÜSI BILEN HASAPLAŞAN HÄKIMIÝETDE GALYBILMEZ
Publisistika
Gürrüñimiz ykdysady krisiz barada däl... Gürrüñimiz Siriýadan Liwiýa çenli aralykdaky daşary syýasatam däl... Gürrüñimiz tebigatyñ harlanyşy we başgalaram däl... Gürrüñimiz - hemişe bolşy ýaly, din agyrlykly medeni meseleler! Bu meseleler gutaranok. Gutarjaga-da meñzänok. Çünki: Medeni merkezli syýasat söz darbazlygyna daýanýar. Şeýle-de diñe duýguçyllyga esaslanan sözler bilen ýeñiş gazanarys öýdülýär, taryhymyz bolsa çepbe çöwrülýär! Kurany-Kerimde buthanalaryñ-sinagoglaryñ metjide öwrülen (ýa-da öwrüñ diýen) ýeri barmy? Ýok. Hezreti Muhammet (s.a.w) döwründe buthanalaryñ-sinagoglaryñ metjide öwrülen ýeri boldumy? Ýok. Tersine Hezreti Muhammet näme diýdi, bilýäñizmi: "Hristianlaryñ dinleri, buthanalary, jañlary, namyslary we mallary Allanyñ, Pygamberiñ we külli mömin-musulmanlaryñ hemaýaty astyndadyr." Hezreti Ebu Bekirden (r.a) Hezreti Ala (r.a) çenli buthanadyr sinagoglaryñ metjide öwrülen ýeri boldumy? Ýok. Musulmanlar Hezreti Omaryñ Ierusalimi eýelände sözlerinden bihabar bolup bilmez! Eýse, "Allanyñ öýüni" döretme ilkinji bolup haçan bolup geçdi: yslamy ýoýan emewiler döwründe! Serediñ... Çekişme döretjek bolamok, ýogsa şuny ýazmanam bilerdim. Erdogan imperializmiñ "eksporty" Siriýada içerki gapma-garşylyklar dowam edip durka, 2012-nji ýylda näme diýipdi: “JHP-niñ erte Şama gitmäge ýüzi bolmaz, görersiñiz. Emma, enşalla, biz iñ gysga wagtda Şama gideris, ol ýerdäki gardaşlarymyza mähir-muhabbet bilen gujak gereris. Enşalla "Emewi" metjidinde namazymyzy okarys!” Rimiñ imperatory Konstantiniñ döwründe Çokundyryjy Ýahýanyñ adyny göterýän bazilika "Emewi" metjidine öwrüldi. Erdogan Şamdaky "Emewi" metjidinde däl, Stambuldaky "Aýasofýada-da" namazyny okap bilerdi! Aýdyşym ýaly, meniñ meseläm galam dawasy däl, iññän howply meselelerimiz bar... ■ DÜÝN DIALOG, BU GÜN - URUŞ Allanyñ adama bagyş eden iñ uly nygmaty - akyl. Akyl bedeniñ hojaýyny. Adam akly bilen görýär. Şonuñ üçinem bir adamyñ akly onuñ bilme-öwrenme ukybyna görä ölçenýär. Şuny soramak isleýärin: Häkimiýet Din işleri ministri Aly Erbaşyñ kimdigini bilenokmy? Watikan-FETÖ ýaranlygynyñ eseri "Dinlerara dialog" taslamasyny durmuşa geçirijilerden bolan Erbaş hut şu maksat bilen birnäçe kitap ýazdy, terjimeler etdi we bu maksat bilen gurlan guramalarda ýolbaşçy wezipelerde oturdy. (Baryş Pehliwan we Baryş Terkoglynyñ ýazan “Metastaz” kitabyny hökman okañ. Meselem, Erbaş 15-nji iýul FETÖ agdarlyşygynyñ iñ esasy adamy bolan Adil Öksüzüñ mugallymy. Heýhat. "Dinlerara dialogyñ" ýolbaşçylaryndan Aly Erbaş "Aýasofýada' elinde fetihiñ simwoly bolan gylyç bilen Atatürke nälet ýagdyrýar, Baryş Pehliwan bolsa "hiç zat ýazmasyn" diýip, Siliwride gözenegiñ añyrsyna dykylýar!) Häkimiýet aklyny ýitirdimikä, allajanlarym? Düýn "Dinlerara dialogyñ" öñbaşçylaryndan Aly Erbaşyñ bu gün elinde dinlerara urşuñ simwoly gylyç bilen münbere çykyp, nälet okamasy bilgeşleýin edilýän zatlar dälmi? Katolik Watikanyñ taýýarlan taslamasynyñ haýryna işlän Erbaşyñ bu bolşy ruslar bilen birlikde ähli prawoslaw ynançly halklaryñ degnasyna degmegi maksat edinmeýärmi näme? AKP-de muny seljerip biljek adamlaryñ näme üçin sesi çykanok? Gynansak-da, biz hakykatlary AKP-ä we Erdogana düşündirip bilemzok. Bulam az bolýan ýaly näbelli "bir güýç" kärdeşlerimizi türmä dykdy, ODATV-ni ýapdy. Akylly adam gelejegi bilen ýüzleşmegi başarar. Emma düýn bolşy ýaly, bu günem duýguçyl düşünme häkimiýetiñ aklyny göýdükleşdirene meñzeýär. FETÖ-nyñ "elinden çykan" Aly Erbaş ýalylaryñ niýetini okap bilenoklar! ■ MARJINAL DUÝGULAR AKP JHP-lileşdi... Häkimiýet öz topbagyna bakan ýöneldi, bir döwür JHP-niñ gowy gören "“Gardırop atatürkçülügi” ýaly “Gardırop musulmanlygy” düşünjesine duşaklandy. Näme üçin? Diñe Aýsofýa meselesi däl, häkimiýetiñ tarapyny tutýan metbugat aç-açan ýazdy: “Häzir bolmasa haçan? Sen däl bolsañ, kim? Halyflyk üçin toplanalyñ.” Şeýle-de, Bilal Erdogan (Prezidentiñ ogly) teleýaýlymda eden çykyşynda elipbiýi çalyşmak meselesini-da orta oklady. Soñky bir hepde bäri häkimiýetiñ kölegesinde bolup geçen çekişmeli meseleleri nähili teswirlemek gerek: Medeniýete duwlanan syýasat ýöretjek bolmagyñ sebäbi, häkimiýetiñ agyr ykdysady problemalaryñ astyndan çykyp bilmeýänligimi? Ýa-da: Dini simwollary öñe sürüp Aly Babajan we Ahmet Dawutoglyna tarap süýşýän saýlawçylarynyñ öñüne bent bolmakmy? Her näme bolanda-da, bularyñ AKP-ä berýän zyýany ölçelmeýärmikä? Iñ bolmanda bu meseläniñ şärikdeşleri MHP-dir Bahçeliniñ degnasyna taýak oklaýandyklaryny bilenoklarmyka? Erbaş tetellileriñ düýp maksady şumy? Bilnişi ýaly, Atatürke garşy gidýän partiýanyñ ýa-da ýaranlygyñ Türkiýede häkimiýetde oturma mümkinçiligi barmy? Ýok. Şeýle bolýan bolsa muny döredýänlerden häkimiýet näme üçin hasap soramaýarka? Hemişe ýazyp geldim: Hezreti Muhammet (s.a.w)... Fatih Soltan Mämmet... Mustapa Kemal Atatürk… Olar bu topraklaryñ üçüsi bir-biriniñ üstüni doldurýan - ebedilik liderleridir. Gepiñ keltesi, käbir AKP-lileriñ taryhy syýasat üçin ulanmasynyñ zyýanyny häkimiýet iñ ýakyn wagtda görjegi mälim. Ynha, görersiñiz, AKP marjinal duýgularyñ pidasy bolar… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |