08:30 Bu Watan | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
Goşgular
▶ BU WATAN Bu Watan atalañ köñül gözgüsi, Eneleriñ hüwdüsiniñ gözbaşy. Mertleriñ ýurt diýip jana dözmesi, Ussat gerek beýanyna sözme-söz. Daglary bar, ýurdum dag deý arkamdyr, Sähralary kalbymdaky giñligim. Deñiz-derýa joşgunymdyr, sarpamdyr, Şu günüme ýagtysy bar düýnümiñ. Daragtlary mähribandyr adam deý, Ýap-ýaşyl eli bar ~ gujagyn gerer. Göýä yşk şerbetin kalpdan dadan deý, Güneşi üstüñe zer ýüpek serer. Paýhasy bar, gana bilmen okaplar, Ata-enäñ sözi dönen nakyla. Köne ýurtda açylmadyk kitap bar, Sežde ediñ geçenleriñ hakyna. Gök asmanda güni meñzär tamdyra, Mydam bitin bolsun, ilim, çöregiñ. Teşne görse, didaryndan gandyrar, Türkmen mydam orta goýdy ýüregin. Şemaly bar çägä çekip ýör nagyş, Suwunda şerbeti miwä ezmesi. Bu bize ykbaldan berlendir bagyş ~ Çünki bu atalañ köñül gözgüsi. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||