BYRADAR
Bujagazlary ilkinji gezek enesi yzyna tirkäp, howlusyna şikara getirende gördi.
“Maýw-da-mýaw”, her haýsy eliň aýasyna sygjak, üç sany arrykja, alabederje pişijek, ejeleriniň yzyndan galmajak bolşup, itenek-de-çomanak.
Enepişik, özüne göwni ýetýän haýwan-u-ynsan hatyn ähline mahsuslykda, äwmän-alňasaman, “ätsemmikäm-ätmesemmikäm” diýýän pisint, eýemseklik bilen howluda gezmeläp ýör. Üç gijeni emdirip, mazaly horugandygy mese-mälim janawer, gije-gündiz sokjalyp ýatman, özüne biraz gurplanmaga maý berlerini isläp, megerem perzentlerini süýtden başga-da iýmite imrikdirmekçi bolýandyr-da.
Heniz ýagty ýalançyda sähelçe wagt ýaşaýan gijenler üçin bolsa, dünýe howp-hatardan doly. Hemme zat gorkuly. Iň rahat ýer eneleriniň gapdaly. Şondan dynnymça daşlaşmajak bolup üçüjigem başagaý. Zaryndan-zaryn, näzijekden-inçejik “mýaw-da-mýaw”...
Dözmedi.
Her gün irden ertirlik edinensoň, işe ugramaga pursat galsa, ine şeýdip, howlusyndaky pessejik sekide birsellem içini hümledip oturmasy bar. Bu günem ojagazlaň bolşuna hem-ä gyýlyp, hemem gülküsi tutup, gijenleri gyzyklanma bilen esli wagtlap synlady oturdy.
Adamyň içine girip-çykmag-a entek-häli beýlede dursun. Hemmäň içiniň hemmeje zadyny özleri ýasan ýaly köpbilmiş psihologlar bir zat aýdýa. Hamana, adam özüne ýagşylyk edene-de, ýamanlyk edene-de, edil şoň ýaly özüniň ýagşylyk ýa ýamanlyk edenine-de göze görünmeýän köňül rişdeleri bilen ömürlik baglanýarmyş. Bütin ömrüne-de özüniň şol erişler arkaly sepleşen “abonentini” öwran-öwran ýatlap, onuň özüne ýetiren zyýanyna ýa-da peýdasyna baglylykda, özem aňşyrman birsyhly oňa tüýs ýürekden gowulyk ýa-da erbetlik isläp durýarmyş. Bu baglanyşyk uzaga gitdigiçe-de, sapagyň bäri tarapyndakam, aňyrsyndakam birek-biregi has ýiti duýmaga başlaýarmyş.
Muňam gijenlere dözmän, mähri gidenem şol boldy.
Nädip ýerinden turup, öýe ýöneleninem duýman galdy.
Girdi. Ýahdanyň öňüne bardy. Açdy. Sähel gowuz bir litrlik süýtli çüýşäni aldy. Tekjeden zaýalansa gynanylmajak köne, gyrasy gädik, ýalpak tabagy çykardy. Yzyna ýüzlendi. Çykmakçy bolanda gözlerini açalak-ýumalak edip, ýedi ýaşlyja körpesine gabatlaşdy.
-Kürräm! Näme turaýypsyň? Intäk budinnigiň: “Tur-eý taýharjyk! Ýohha okuwdan gijä galýaň-uw!” diýip, gygyryp başlaryna ýarym sagat bar-a?!
-“Budinnik” diýip ejeme diýýäň geräm, hä?! Daş çykasym gell-ow, kaka. Onnoňam: “Inni maňa: “kürräm” diýmesene-how, bolýamy?” diýip, saňa näçe aýtmal-aý, hä kaka?! Menem inni okuwa gidýän-ä-how...
Ukuly hüňürdeýän oglanjyk, gapyny açdy-da, daş çykdy. Şypbygyny geýmäge howlugyp, aýaguja gyssandy.
Kakasy bolsa, henizem howluda dähedem-dessemläp ýören pişiklere ýakynlady. Gijenleri ürküzmezlik üçin bärräkde çommalyp, tabagy ýerde goýdy. Süýtden doldurdy.
-Piş-piş...Geliň, içiň, janawerjikler! Noş bolsun!
Tabakdan aňyrraga süýşüp, olaň bolşuny synlamaga oturdy.
Enepişik sap-sary gözlerini lowurdadyp, birbada süýtli tabagadyr oňa şübhe bilen tiňkesini dikip durdy. Soňam ondan özüne, esasanam gijenlerine zowal ýetmejekdigini haýwan duýgurlygy bilen syzandyr-da, tumşugy bilen söbüklerinden iteläp, öňlin-yzlyn götinjekleýän çagalaryny tabagyň alkymyna eltdi. Süýdüň ysyny alan gijenler tabaga işdämen topuldy.
Haýwan-u-ynsan, hemme zadyňam kiçisi eýjejik bolýar. Olaň naşyja tumşujaklaryny süýde degrip, gyzylja diljagazlary bilen “şilp-şilp” edip süýt içişlerini, içinden gülümjiräp synlap oturyşyna, arkasyndan körpesiniň geleninem aňşyrmady.
-Oh-how, erkek kaka! Maňa pişijek tutup berdiňmi?!-diýip bezzat, gijenleri garbap tutaga-da, mynçgalap keýpden çykmak üçin olara topuljak boldy.
Gujagyna dolap saklamaga zordan ýetişäýdi:
-Degme-how, kürräm! Görýäňmi, ajygypdyrlar. Arkaýyn içsinler-dä.
-Hä näme, tutsaň düwünerlermi?!-diýip, kakasynyň gujagynda has oňaýly ornaşmak üçin towlanjyrap durşuna oglanjyk, gözlerini ýyldyrdadyp sorady.
-Elbetde. Hany senem nahar iýip durkaň biri geläge-de, gabyrdadyp basyp, mynçgalap başlasyn. Düwünmän näderin öýdýäň?!
-Kaka, inni bulaň hemmejigem biziňkimi? Ýa ýarysy goňşulaňkymy?
-Bilmedim-dä, oglum. Eger-de bizde agyzlary tagam tapyp, azar görmeseler-ä galarlar. Halamasalaram giderler-dä. Bü janawerler bir, gerşini pygamber sypan, erkin jandar-da. Gezesi gelen ýerd-ä gezýäler, gidesi gelen ýere-de gidýärler...
...Şol günden başlabam üç gijen munuň howlusyny özlerine awlagy-mesgen edindi. Eneleri süýtden aýryp, özünden daşlaşdyransoňam, her haýsy bir ýaňa dyr-pytrak bolup gidibermedi. Mydama üç tirkeş gezdiler ýördüler.
Bulam olara käte-käte jigirdekmidir, galan-gaçan owkatmydyr, olaň iýmitlenmäge endik etdirilen ýeri – bagyň düýbüne oklap ýörensoň, muňa-da halys öwrenişdiler.
Gije-gündiz, haçan işikden çykdygy, edil hut şuny garawullap duran ýaly, üçüsem öňünde.
Ýüzüne jiňkerilýärler-de, ha aýakýoluna, ha gezmelemek üçin köçä – nirä gitse, öňünden, yzyndan, gapdalyndan guýrujaklaryny jaýtardyp, emaýly dähedem-dessemläp, töwereginiň janpenasy.
Gije-girim ukyň arasynda aýakýoluna çykaýdygy, aýagyna çolaşyp, süssenekledýärlerem. Bulam şeýle halatda-da olara kän bir gaharlanyp barmaýar.
-Haý janawer, atdanlykda biliňi jomurdýaň-how! Seresabrak bolaýsana. Nä göçüň geçip barýamy? Mennen öň şo hajathana baranyň bilenem o taýda saňa Agaýunus periň müşki-anbar ysy kükeýän serçemenligi garaşyp ýatmaýanyna beletsiň-ä-how!-diýip, göwnaçyk hüňürdeýär-de, ýoluny dowam ediberýär.
Soňabaka bolsa, bu-da günsaýyn ekabyrlaşýan gijenlere ymykly öwrenişip, olara özüçe at goýuşdyrdy.
Pişikberdi.
Pişikgeldi.
Pişikdurdy.
Dogrusy, ol olaň haýsynyň haýsydygyn-a aýyl-saýyl edip bilmeýärdi. Şol sebäplem haýsysy gabat gelse, şo pille haýsy at kellesine gelse, şonam diýip goýberýärdi:
-Oh-how, Pişikberdi beg! Sag-aman, allyrman-ýollurman gelliňmi? Nädýä, goňşy-golamyň jöw-jöw maňgol-tatarlaryndan basylman duňmy?!
Ýa-da:
-Oh-how, Pişikgeldi töre! Buwun nätdiň? Aýýary-syçan milleti bilen uzak gije aldym-berdimli söweş kyldyňmy? Ýa-da: “Jähenneme gitsin-läý, şü iýmeşik tüý içre gizlenen bir çümmüjek lukmaň! O birje dogramça eti tutaýýançaňam zilläň ýanýa. Ondan-a tagapyl eýläp, howlyhanyň oýanaryna garaş kylsak, neuželi rehimi inip dagam, öňümize birki gysym jigirdek taşlap ibermez?!” diýip, gymyldamaga ýüksünip, arly gije çäşerip ýatdyňmy?!
Ýa-da:
-Pişikdurdy gardaş, birhili gije aşgazan agyrjak boldy welin, ýa ýatar garna öteräk doýlanyndan şeýdäýýämikä?!-diýip, özüne dykgatly garaýan gijene geňeş salar. Olam, hamana özüne diýilýänine düşünýän dek, pessaýja: “mýaw” eder-de, kellesini silker. Onsoň bu-da hüňürdär:
-Bäh! Beý diýdiň-ow! “Ýeke özüň symyşlaman, daş çykaga-da hemsöhbetleň bilen paýlaşan bolsaň, garnyň agyrmanjyk geçerdi” diýýäň-ow! Aý bolýa. Seň aýdýanyňam biçem dä bolmaly. Gennejeňizem, gije bir şoňa meňňeş birzatlar-birzatlar diýip, iňirdejek bolly welin, hemişekimiz ýaly soňuny diňlemän ýatyp galaýypdyrys-da. Ýohha-da, Pişikdurdy dos, şü köplenç gennejeň ikiňiziň gepiňiz bir çykýa welin, nä öňünden dilleşýäňizm-aý? Ýa-da tutuş aýal tohumy bilen pişik kowumynyň topragy, owalybeletde jandaryýet ýasalanna bir ýerräkden alnanmy, hä?! Özem gumunyň duzy, ajysy köpräk, şory ýüzüne çykyp duran jelegaýrakdan, hä?!
Pişikgeldimi, Pişikberdimi, Pişikdurdymy, haýsydygy belli däl, gijen ony ünsli diňläp, yzyndan galman barşyna ýene-de geplemek nobaty özüne berlendigine akly ýetip duran dek: “mýaw” eder. Öňem göwünli-göwünsiz mytdyldap barýan ol, sähel badyny gowşadar-da, pişige geňirgenip bakar:
-Bäh! Beý diýmesene-how, Pişikberdi! “Zenan görgüliň ýasalan topragy şor dä-de, erkegiň palçygy ýuwan bolamasyn!” diýdiň-de göweräýdiň-aýt! Senem, pişik bolsaň-da erkek kişi ahyry-how! Onnoň eýleki tarapa ýapjalyk etmän, öz jynsdaşyňy goldasaň dogry geljek dämi-aý, nä?!
Pişik ýene-de gysgajyk “mýawlar”.
-Äý howwa-la,-diýip, onuň bilen deň gadam urup barýanam gijeniňkini tassyklar:-“Ýuwdalgany kim köpräk berýän bolsa, şoňkam dürsdür-dä” diýýäniň-ä, rast ýaly. Dagam, yns bol, jyns bol, hor bolmajak ýeriňe seretmeli bolar-da. Hakykatdyr, raýdaşlygam näme? Ala-böle saňa ýa maňa galmannyr-la...
...Öý eýesi käte şeýdip pişikler bilen hümürdeşip, derdinişip ýörşüne, olaň atlarynam gysgaltdy. “Berdişe”, “Gellişe” hemem “Durdyşa” öwürdi. Mundan soň-a, gijenler bilen hasam ysnyşdy.
Galan-gaçan ýa-da möhleti geçen iýmit, ýuwundy, öň goňşulaň itine-de äkidilýän bolsa, soň başbitin şu üç gijene şamlyk boldy.
Sowuk düşende ol, gijenleň gijelerine şo taýyny penalaýandygyny görüp, olara ýumşagrak bolar ýaly, üsti ýapyk beton çukurdaky öýüň ýyladyjysynyň güpüniň gapdalyna, ot düşmez ýaly körükdir, gyzýan demirden daşraga köne keçe oklady.
Aýaly onuň pişikler baradaky aladasyny synlap ýörşüne:
-Sen-ä şulaňňy öýe-de salýaň, bahym!-diýip, ýarym degişmeli äheňde çalarak igenjek boldy.
-Äý ýo, öýe salmaýan. Şäherde ýaşaýan bolsaň, geň görjegem ýok welin, obada öýüne pişik goýberip ýören bolmansoň, abraýyňa gowy dä. Sewäp diýseň, edere iş tapman: “Nirde bir iliň üssünden gülüp, öz artykmaçlygyňy huwwalar ýaly, içi güjükli gep barka?!” diýip, gyzyklyja gybat agtaryp ýören halaýyk, öýe pişik salanyňy derrew eşider. Soňam: “Pelanyň-a okap-okap, çalaja, az-owlajyk, has takyk aýtsaň, takmynan bäş-on gramlyjak kellesi üýtgejek bop başlan ýaly. Ähtiýaçly bolaýmaly zat ekeni. Öňem-ä şoňky dek, şeýdip okap ýörmäň gowulygyň üssünden eltmejegin-ä bilýädik welin, inn-ä hasam şoň şeýledigine göz ýetirdik. Görýäňmi biz, niçiksi aňyrdan akylly ekenik. Ömürboýy ýeke kitap okamadyk. Kellede diňe pul, gazanç. Gazanybam iliň gözüniň alnynda bolmajyňy bolup, jort atmak. Şoň üçribem, Hudaýa şükür, mazgimiz gös-göni! Eýläk ýa beýläk millimetrem gyşarmyýa! Öýümize pişik göwerip, ony gujaklap ýatjak bop ýöremzok!” diýşerler-diýip ol, gürrüňi başga tarapa sowdy.
Soňam ýene-de üstüne goşdy:
-Ýöne, dogrusy, çagakak öýümiziň üç otagy bardy. Oňam birisi dalan. Şo dalanda-da gyş gyňyr gelse, towugymyzy, göleli sygrymyzy saklardyk. Onnoň ol içki iki otagam, üsti-başymyzam ys-kokdan, büreden dolýaram welin, hiç haýsyň azaryna-da däldir. Gaýta, dyzdan garyň içinde aýaguçdaky towuk ketege gitmän, öýden çykan ýeriňden ýumurtga çöpläp gaýdybermeldigine hezil edýänsiň...
-Dogry-da gyz. Dagam o janawerler sowuk alaýsa nätjek? O döwürler ýyljajyk malýatak gurmaga ýagdaýyň bolmasa, çagalaňňy ekläp duranja malyňy dalanyňa ýygnarsyň-da!
-Hawa-la keýwany, seňkem dogry!-diýip ol, ýeňsesini gaşar:-Sygry sagylýar. Towuk ýumurtga berýär. Pişigi bolsa sagybam bolmaýar, ol ýumurtga-da guzlamaýar. Bir mawlap bilýä diýäýmeseň! Hä, Gelliş? Ýa sen Gelliş dä-de Durdyşmy ýa Berdişmiň?!
Şol pille är-aýalyň özleri baradaky gürrüňine goşulman, ünsli diňläp duran gijenleň biri, özüne lak atylaryna mähetdel, “mýawlar”. Bulam: “Öwrenilen endik örkleseňem durmaz” diýleni. Ýanynda hatynyň durandygyna ähmiýet bermän, öňki “oýnunymy” ýa-da çypbakaý-çyndanam beter, barypýatan, tüýs “çynynymy” alyp göterer:
-Beh, Gelliş dos, beý diýdiň-ow?-diýip, eşidiler-eşidilmez hümürdär.
Olaň bolşuna geňirgenip seredýän hatyny, äriniň oýnudygyna-da düşünmez, çynydygyna-da. Onuň hakykatdanam pişik bilen gepleşip bilýändigine hiç hili subutnamasyz güpür-tapyr ynanyp otursaň-a bir däl. Joralarynyň biri eşitse: “Sammyk gyz, senem! Çaga ýaly bop! Heýemmir, inni şumat, dünýe internetden, özem internetiňem imosyndan doly zamanda, kimdir biri pişik bilen gepleşip biler öýdýäňmi diýsene?! Elbetde oň ýaly zatlar öň bolsa bolannyr. Ýöne o döwürden oba göçdi ahyry!” diýip, gülki astyna alar.
Beýleki tarapdanam, şoň çyndygyny ýa-da däldigini bilesi gelibem içi byjyklap dur. Onsoň ol öz ýüzünde gaýmalaklaýan pikirleri göz-görtele okap durandygy zerarly, gözlerini güldürip özüni synlaýan höwrüne bakar-da, sorar:
-Gyýw oglan, sen hakykatdanam şulaň bilen gepleşip bilýäňmi ýa-da bizi oýnap ýöňmi?!
-Beh, senem-aý, hatyn,-diýip olam, jogaba mähetdel etmez:-Nä, sizi oýnap, size üssüne prasent münüp ýatan masgarabazlyk bergim bamy? Elbetde, gepleşýäs. Diline düşüp-düşmän, bularam näme, özümiz ýaly janawerdir-dä. Bir, bulard-a guýruk ba, bizde-de ýok diýämeseň. Bar tapawudymyz şodur-da.
“Mýaw” diýip, onuň aýdýanyny töwereklerinde ýaltalyk bilen gezmeläp ýören gijenleň biri tassyklar.
-Ine, onna şumat näme diýýä?!-diýip aýaly, hasam gözlerini bilesigelijilikden püre-pürläp, sorar. Bu sowaly berende-de, ejesiniň aýdýan bijaý gyzykly ertekisini diňleýän gyzjagaza çalym eder.
Ýanýoldaşy birjik-de sakynman, ýüzüniň ugruna jogap berer:
-“Dos, nä, bi gennejem aýdýanyňa ynanmajak bop ýatyrmy? Şunam, çakym çak bolsa, aram-aram gulaş-kakyş edip durmasaň bolmajak bolýan ýalymy?!” diýýä.
-Ah-he-e-ý! Gulaş-kakyşyňy edip bolansyň, inni! Aňyňa-maňyňa garaman, dyzmaç ner ýaly bagyrdadyp basyp bilýän ýaşlygyňda etmedik işiňi, inni haçan gaýyrjak diýsene?! Biz-ä aram-aram seň “gulaş-kakyşyňa” garaşyp-garaşybam bizar bolup gidýäs...-diýip, özi bilen henek edilýändigine göz ýetiren aýaly, ýalandan zeýrenjirär-de, gider.
Bulam öý bikesiniň yzyndan keýpiçag garap durşuna, ýylgyrar-da, gijenlere gözüni gypar...
...Günlerde bir günem, ol gijara işden gelip, nahar-çaýdan telewizoryň öňünde gyşaryp ýatyrdy. Çagalar mamalarynda. Daşaryň howasy sergin bolany üçin, penjireler açyk. Birdenkä köçe tarapdan pişikleň naýynjar “mawlaşýan” sesi eşidildi. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Turdy-da, daşky gapa haýdady. Badyna köçä çykanda, iküç jaý beýlerägindäki goňşusynyň haýbatly derwezesiniň depesine asylan çyradan köçä düşýän ýagtylyk aýmançasyna gözi düşdi. Şol goňşyň eli taýakly, degenek jahyl ogly:
-Bos, bos, çeýne ony, tüýtmele!-diýip, özleriniň gara-goňur owçarkasyny aýagaldygyna küşgürýär. Ol janawer haýal-ýagalrak deprenjek bolýaram welin, şermende gahar bilen ony taýak astyna alýar:
-Tüýt diýýän bahym! Tüýt, ýogsa özüňi saýyp-saýyp myžžygyňy çykarýan!
It janawerem urga çydaman ýerde gymyldysyz ýatan gijeniň läşine agyz urýar.
Olardan on-on bäş ädim bärde-de, üç gijeniň beýleki ikisi o taýyk golaýlamaga üýşenip, naýynjar “mawlaşýar”.
Görýän zatlary dem salymda aňyna ýeten öý eýesiniň zanny hernäçe ýumşak bolsa-da, gany depesine urdy. Bäş-alty ädimden daljygjakdygyna akly ýetip dursa-da, şol tarapa ylgaşlap gaýtdy. Ýetmäge alňasabam, ejize ganym gurrumsaga jynssyz gygyrdy:
-Bes et, sen-eý, haýwan! “Bes et” diýýän men saňa!
Jahyl bolsa ýa ony eşitmeýär, ýa-da barypýatan ýerinden gelmeligini edip, hamana oňa: “Bes etmämde edip biljek zadyň bamy?” diýip sözsüz gyjalat berýän dek itini pişigiň jansyz jesedine küşgürmegini dowam edýär.
Beýnisi bekemedik gögeläň bu hereketi hasam onuň janyna batdy. Şol sebäplem ol bärden gelşine, günäsiz it janawer-ä bar güýji bilen depip goýberdi. Onuň “waňkyryp”, honda atylyp düşenine üns bermänem, aňk-taňk bolan ýetginjegiň gulagynyň düýbüne doňdurdy. Ýigdekçe arkanlygyna entirekläp gitdi-de, badyny saklap bilmänem ompa oturdy. Özem seňseledimi nämemi, jyňkyny çykarman kellesini silkelemäge başlady.
-Gurrumsagyň biri! Bujagaz ýazyksyzja janawerjik saňa näme etdi, hä?!-diýip ol, demi-demine ýetmän “haş-haşlap” durşuna onuň üstüne abandy. Ýene-de birki ýola depmek üçin aýagynam galdyrdy. Soňam öz-özüne: “Täterimiň teýine gitsin-le! Iliň azgyn mahlugyny terbiýelemek saňa galypdyrmy? Şeýle-de häzir öýlerine baryp aýtdygy ejesidir-kakasy üssüňe gelip uly dawa turzar” diýýän dek, elini salgady-da, hyrra öwrüldi.
Çommalyp, gijeniň heniz doly gyzgynam gitmedik, gana boýalyp, tüýt-müýt edilen jesetjigini iki eline aldy. Eliniň gan, hapa boljagam ýadyna düşmedi.
Dözmedi.
Birhili, edil gaty ýakyn bir ezizini aýasynda saklaýan dek, biygtyýar bogazy doldy. Şonuň üçinem ýerinden butnaman, gözünem gyrpman, demini dürseýänçä birsalym oturdy. Gozgansa gözünden paýrap gaýtjak...
Ahyry, kynlyk bilen kekirdegine tegek bolan ajy, ýakyp barýan gyzgyn düwüni ýuwutdy-da, dikeldi.
Özünden erksiz jellada öwrülen it janawer hol beýle-de müýnli garap durşuna, zor bilenem bolsa eden işine halys gyýylýandygyny görkezmek isleýän ýaly, pessaýja çyňsaýar.
Muňa arkalanyp, ýakynyna gelen beýleki gijenem töwereginde perwana.
Ol birikdirilen jüp goşawujyndaky eteneje göwrejigiň agramyny dynnym ýaly duýmaýanam bolsa, hamana juda agyr ýüküň astynda barýan dek ýegşerilip, öýüne gaýtdy.
Melleginiň aýagujuna bardy. Aşagyna alaka-alaňňyrt gum üýşürmez ýaly, ýerden iküç garyş beýik ýelötük täler edilip, üstüne-de odunlyk töňňeler, desselenen çöp-çalam basylgy.
Elindäki jesetjigi ynjytmazlyk isleýän dek, emaý bilen ýerde goýdy-da, gidip, pil alyp geldi. Garaňkyň içinde şol odunly täleriň aşagynda, aýak basylmajak ýerde çukurjyk gazdy. Gijeniň jesedini şoňa ýerleşdirip, usullyk bilen jaýlady. Soňra: “Hammama baryp ýuwaryn-da” diýip içinden pikir öwrüp, eliniň hapasyny guma oýkap birazragam bolsa arassalady.
Aşak çökdi.
Gapdalynda-da iki gijen. Özlerem bolup geçýän zatlaň hemmesine düşünýän deý, mawlanoklaram, hemişekileri ýaly bir ýerde durman kebeleklemeýärlerem.
Ol bolsa eginlerini sallap otyr. Gözüniň öňünde öten-geçenleň barysynyň keşbi. Kakasy, ejesi, garyndaşlary, dostlary, deň-duşlary...
Olaň arasynda-da, özüne bary-ýogy bäş-alty aý bäri tanyş gögele pişijegiň alçajyk tumşugy.
Onuň ilkinji gezek görendäki burunjygyny süýde batyryp süýt ýalaýşy, jykyrdaýan körpesi bilen howluda kowalaşyp oýnaýşy, nirä gitse kelte tirkelen ýaly özüniň yzyndan aýrylman ýörşi...
Ýogsa-da bü ömri gysga janawer bulaň haýsysyka?
Gellişmikä? Ýa Berdişmikä? Belki, Durdyşdyr?!
Dözmedi.
Ýene-de bokurdagy dolup, gözüne ýaş aýlandy. Ol biygtyýar owasyndan togalanyp gaýdan birje damjany köýneginiň ýeňine süpürdi-de, asmana bakdy.
Tüm-garaňky gümmez.
Ýyldyzlar.
-Eziz Rebbim!-diýip özem duýman pyşyrdap ugrady:-Seniň Hak nuryňdan ülüş berilmedik bujagaz janawere iman ýa-da jaýynyň jennet bolmagyny diläp, küpür geplejek däl. Ýöne, bu janaweriň heniz günä etmäge-de ýetişmedik kir-kimirsizjeligi üçin, bir haýwança ýok doňýüregiň elinden bimany, bisebäp ezýet çekip wepat edendigi üçin, oňa o dünýäde özüne laýyjak bir ýer tapyp berjekdigiňe tüýs ýüregim bilen ynanýan, ýa Ýaradan! Çünki sen Mähribansyň, Ezizsiň, Allahym!
Ol şeý diýdi-de, dymdy. Birsalymdan soňam göýä ýaňky aýdan dileginimi ýa dogasynymy mynajat derejesine göterjek bolýan deý:
-Ämin!-diýdi-de, ýerinden turdy. Gitjek bolanda-da, täleriň astyndaky tümmejige garap: “Ýol bolsun, byradar!” diýip, düşnüksiz oýlandy. Soňam mytdyldap, öýüne ýöneldi...
Hekaýalar