19:28 Býurokrat diýýäniñ näme? | |
BÝUROKRAT DIÝÝÄNIÑ NÄME? / Telegepleşige wariasiýa
Satiriki hekaýalar
- Salam, mähriban körpeler! Biz geçen gepleşiklerimiziñ birinde multfilm görkezip bilmänligimiz üçin, size erteki aýdyp beripdik. Ýadyñyza düşýärmi, özem Döwli, Aždarhalydy. Ana, şonda olar ýaly ýyrtyjy haýwanlaryñ indi biziñ aramyzda ýoklugyny-da aýdypdyk. Ýöne olaryñ deregine bolsa iki-ýeke ýakasy gaýyşly býurokratlaryñ bardygyny ýañzydypdyk. Döwlere garanyñda, olaryñ has eýmençdigini hem duýdurypdyk. Ine, biziñ şol gepleşigimize sizden, ýagny, körpeje dostlarymyzdan köp sanly hatlar gelip gowuşdy. Olaryñ käbiri bilen häzir sizi tanyşdyrmakçy. ... "Aman daýy, salam! Siziñ araky aýdan ertekileriñizden soñ men arkaýyn uklap bilemok. Tisginip-tisginip oýanýan. Düýşüme býurokrat girýär. Aslynda býurokrat diýilýän nähili haýwan? Ol nirelerde ýaşaýar? Mümkin bolsa, şo barada gürrüñ beräýseñiz. Salam bilen, Annaş". Haý, garagol diýsänim. Gör-ä diýýän zadyny. Býurokrat näme haýwandyr öýdýäñmi?! Bu barada azajyk soñra gürrüñ bererin. Gowusy, men sizi ýene bir hat bilen tanyş edeýin. Bu elimdäki hat bize respublikamyzyñ günbatar raýonlaryndan gelip gowuşdy. Diñläñ, okap bereýin. "Aman daýy, biz körpeler, özümiz üçin berilýän gepleşikleri sypdyrman görýäris. Olardan lezzet alýarys. Ýöne araky aýdyp beren ertekiñiziñ ahyrynda býurokrat barada-da bir zat aýtdyñyz welin, oña men-ä oñly düşünmedim. Umuman, býurokrat näme? Ol adammy ýa-da haýwan?! Ine, şo barada gürrüñ beräýseñiz. Salam bilen, Jumagül". - Be, be, býurokrat bilen çagalaryñ köpüsi gyzyklanypdyrlar-aý. Ynha, ýene-de bir hat. "Aman daýy, eger mümkin bolsa býurokrat hakynda bir multfilmjik görkezäýseñiz. Salam bilen, Bahar, Sülgün Hoşgeldiýewalar". Şular ýaly hatlar ýene-de kän. Olaruñ hemmesini okap siziñ wagtyñyzy alyp oturmaýyn. Gowusy, siziñ köpiñizi gyzyklandyran zat hakynda, ýagny býurokrat hakynda gürrüñ bereýin. Býurokrat ol Afrikanyñ jeññelliklerindäki wagşy haýwan däl. Ýok, olaram özümiz ýaly iki aýakly adam. Daş sypaty boýunça kimiñ býurokratdygyny ýa-da däldigini kesgitlemegem kyn. Hiç kim, hatda býurokratlaryñ býurokraty hem özüne men býurokrat diýenok. Şonuñ üçib hem ýurdumyz boýunça näçe býurokratyñ bardygyny, 1913-nji ýyl bilen deñeşdireniñde olaryñ sanynyñ köpelendigini ýa-da azalandygyny bilmegem çetin. Häzir meniñ size bir zat hakynda gürrüñ beresim gelýär. Eger ýadyñyzda bolsa, Towşanjygyñ multfilm almak üçin gidip, eglenendigini öñ aýdypdym. Ol wagtynda film getirmän, bizi siziñ öñüñizde ýüñsakgal edipdi. Onun sebäbi soñ anyklanyldy. Towşan gelip, başyndan geçirenlerini gürrüñ berip, boýur-boýur aglady. Men-ä walla, dözmedimem. Ol şol gidişine hiç ýerde eglenmän göni kinofilmleriñ saklanýan ýerine barypdyr. Ol ýerdenem işi bitmänsoñ, ýolbaşçylary gözläp ugrapdyr. Eşegiñ kabulhanasynda oturan Tilji ony güler ýüz bilen garşy alypdyr. - Hoş geldiñ, sapa geldiñ, Towşan dost! - Men Eşek ýaşulynyñ ýanyna bir haýyş bilen geldim. - Wah, baş üstüne welin, arman bu gün onuñ kabul edýän güni däl - diýip, Tilki mekirlik bilen Towşanyñ pökgerip duran jübüsine seredipdir. Hiç zada düşünmedik Towşan özüniñ sadalygy bilen ýalbarypdyr. - Men Eşek başlygyñ işiniñ başyndan agdykdygyny bilýän. Oña azar bermejek bolup, öñürti kinofilmleriñ saklanýan ýerine-de bardym. Hatyñ çüñkünde şonuñ goly gerek diýdiler. Rehimiñiz gelsin, çagalar multfilme göz dikip garaşyp otyrlar. Belki, Eşek meni kabul eder, hä?! Tilki ähli meseläñ çözgüdi özüne bagly ýaly, hondan bärsi bolup gürläpdir. - Eşek aganyñ rehimine mätäç diñe çagalar däl, oña başga-da garaşýan kän. Onsoñam, oniñ bar işi sizi kabul edip oturmak däl. Ol häzir işgärler bilen iş wagtynu rejeli peýdalanmak hakynda ýygnak geçirýär. Düşnüklimi? Düşnükli bolsa şu ýerik geç-de, Eşegiñ adyna onuñ kabul etmegini sorap arza ýaz. Ýygnak gutarandan soñ haýyş edip göreris. Bu zatlaram, dogrusy, köne tanşym bolanyñ üçin dözmän edýän, ýogsam dagy "hany, şu ýerden ýeñsäñi el ýaly et diýibem bilýän. Towşan görkezilen ýere geçipdir-de, Eşegiñ adyna arza ýazypdyr. Ol kabulhanada diýseñ, köp garaşmaly bolupdyr. Olaryñ ýygnagy gutarar ýerde gutarmandyr. Towşanyñ erjelligi ony ahyryn Eşegiñ huzuryna eltipdir. Başlyk göwünli-göwünsiz Towşanyñ salamyny alypdyr. Temegini dik ýokaryk tutup, Towşanyñ getiren kagyzyna göwniýetmezçilik bilen göz gezdiripdir. Ol ýeñsesi bilen gürleşipdir. - Bular ýaly sowatsyz ýazylan kagyzy biz kabul edemizok... - Biz öñlerem şular ýaly hat bilen gelýärdik ahyryn, Eşek aga - diýip, Towşan boýurganypdyr. Eşegiñ girre gahary gelipdir. Gara äýnegini gözüne ildiripdir-de, Towşanyñ üstüne heñkiripdir. - Sen ýumruk ýaly bolup maña zat öwretjek bolma. Öñki zatlardan indi oba göçdi. Nähili ýazmalydygyny bilmeýän bolsañ 1940-njy ýylyñ 15-nji maýynda çykan 1487/25 nomerli görkezmä serediñ. Özüñem biderek zatlar üçi meniñ wagtymy alyp oturma-da, me kagyzyñy al-da, göteril - diýip, Eşek elindäki kagyzy gahar bilen zyñyp goýberipdir. Towşan görgüli bialaç yzyna gaýtmaly bolupdyr. Ine, körpe dostlar, meniñ "mus-musunyñ" mustapasyna indi düşündiñizmi?! Görşüñiz ýaly, şu ýerde Eşek özüniñ hakyky eşekligini edipdir. Ol baryp ýatan býurokrat eken. Biziñ aramyzda-da añsatlyk bilen düzeläýjek işi bulaşdyryp, süýrenjeñlik döredýän býurokratlar gyt däl. Olardan ägä boluñ! Indi bolsa heniz hiç ýerde görkezilmedik býurokratlar hakyndaky täze multfilme hemmämiz bilelikde tomaşa edeliñ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |