07:11 Býurokrat / satiriki hekaýa | |
BÝUROKRAT
Satiriki hekaýalar
Kabinetimde ýeke özüm ýañy bir gyzyşyp işläp otyrdym. Bölümiñ redaktory çagyrýar diýdiler. Alajyñ näme, haýal etmän bardym. Ol hemişekileri ýaly, öwrümli gürrüñ edip oturmady. - Býurokrat hakynda felýeton ýazmaly, özem gyssagly. Hawa, şahyr Maýakowskiniñ dili bilen aýtsak, býurokratizmi möjek bolup çeýnemeli. Muny bizden döwür talap edýär, düşnüklimi, döwür! Ýöne gyssagly diýsem, çig-çarsy bir zat getirip, janyma dert bolaýmagyn, işiñe gaty jürje bolgun - diýip, sargady. - Dogry aýdýañ, başlyk. Olary çeýnemeli - diýip, men çykyp gitdim. Mesele aýdyñ, ýöne býurokraty nireden tapmaly?? Onuñ mañlaýynda "býurokrat" diýlen ýazgy ýok ahyryn. Sen býurokratmy diýibem hiç kimden sorap boljak däl, soranyñda kim aýtjak diýsene. Gaýtam olar al petiñden alarlar. Ýok, onuñ başga ugruny tapmaly. Aslynda býurokrat kim, onu nädip tapmaly? Sözlüge seretdim. Öz işine formal çemeleşip, süýrenjeñlige ýok berýän wezipeli adama býurokrat diýilýän eken. Be, allajanlarym, beýle adamy men niresen tapyp bilerkäm?! Wezipeli adamlar işden pyzylýança nemed-ä, birhili... Aý, özüñiz düşünýänsiñiz-le. Redaktor-a meniñ iki aýagymy bir gonja sokd-ow. Nätsemkäm? Oturanyñ bilen býurokrat üstüñe gelmez, gitmeli, gözlemeli. Ýola çykdym, gaýda-gaýmalaşyk, her kim öz işi bilen gümra. Maña seredýänem ýok. Şu adamlañ içinde-de býurokrat bardyr welin, tanap bolanok-da! Ynha, şu gelýän gözi gara äýnekli adamyñ býurokrat bolaýmagy ähtimal. Dünýä göwni ýetmeýän ýaly, tumşugyny dik ýokary tutup gelýär. Onuñ ýognas göwresi, özünden ep-esli öñe çykyp duran pöwhe garny, elindäki ýel berlen meşik ýaly çişik sumkasy meni oýlandyrdy. Hakyky býurokratyñ özi, ine, şu bolsa gerek. Wiý, býurokrat näme, hökman ýognas adam bolmalymyka?! O barada sözlükde hiç zat aýdylmandyr-a. Gel, bagty synap göreýin. Hälki bir ýöne tanyşlyk açmak üçin habar gatyp görmeli diýen netijä geldim. - Agam, bagyşlañ! Häzir sagat näçe bolduka, bileñzokmy? Ol gözündäki äýnegini aýyrdy-da, ilki bilen maña seretdi, soñra goşaryndaky altyn sagadyna. Onuñ sesem birhili özi ýaly ýognasdy. - Bäş manady kem on bir - diýip, ol ernini bir gulaç edip ýylgyrdy. Gyzyl dişleri günüñ nuruna hasam öwşün atdy. Soñra ol elindäki äýnegini oklap gapdy-da: - Belki, äýnek satyn alarsyñ, importnyý - diýip, sumkasyny dörjeläp başlady. Men onuñ ýanyndan ýumlugaýdym. Ol býurokrat däl-de, hakyky alyp-satar peýdakeş bolmaly. Näme, üýşüp ýatan býurokrat bardyr öýdýäñmi diýsene, olary köçeden tapar ýaly. Öz-özüme igendim. Gel, gowusy, yza galak önümçilik kärhanalarynyñ birine baryp göreýin. Şo ýerden hökman taparyn. Haýal etmän gitdim bir fabrige. Hernä direktor ýerinde eken. Direktoryñ kabulhanasynda oturan sekretar gyz meniñ bilen göwünli-göwünsiz salamlaşdy. Has dogrusy, ol meniñ keýpime sogan dogrady. - Başlyk häzir sizi kabul edip bilmez, ýanyma hiç kimi goýbermäñ diýdi. Be, näme etsemkäm? Direktoryñ işigindäki ýazga gözüm düşdi. Hepdäniñ şu güni, hut şuş-şu wagty onuñ kabul etmeli wagty eken-ä. Ine býurokratyñ biri. Ýok, men muny sypdyrmaryn. - Ýazylgy bolanda näme, haýsy bir ýazylan zat ýerine ýeririlýär?- diýip, sekretar gyz meniñ sowalyna sowal bilen jogap berdi. Direktory görmän gitmejegim çynymdy. Iñ bolmanda býurokratyñ ýüzüni bir göreýin diýip, hasam içim byjyklady. Ahyry bardym-aý, ýañkyñ ýanyna. Wiý, bu-ha bir çepiksije hor adam eken. Bu adamy iş-ä beýle igledýän däldir, muny eýikdirmeýän gürrüb bolaýmasa, baý, ýañraýar-aý zaluwat. Edil eñegine jañ dakylan ýaly-da. Ony eýtjek, muny beýtjek diýip, agzynda aş gatyklady birsellem. Özem gaty sypjyk eken, ähli günäni çig mal bilen üpjün edýän beýleki kärhanalaryñ üstüne syrykdyryp otyr. Baý, bir zeýrenmek zeýrend-ow. Sähel ýöwselräk bolsañ, aglatjagam zaññar. Özümiñ žurnalistdigimi aýdyp, fabrigiñ näme üçin beýle lagar düşendigini soranymda welin, onuñ birhili keýpi gaçan ýaly boldy. Önümçilik görkezijileriniñ ýerine ýetirilişi barada anyk maglumatlary aldym. Onuñ hasam ysgyny gaçdy. Men bellik eden kagyzlarymy direktoryñ öñünde goýdum-da: - Başlyk aga, bagyşlañ welin, şu zatlaryñ dogrulygy barada, ynha, şujagaz ýerik gol çekip beräýseñiz, kyn görmeseñiz redaktorymyzam bir töwra adamdyr, ynanmaz. Hawa, biziñem günümiz añsat däl - diýip, ýalbaryjy äheñde gürledim. Direktoryñ gany gyzdy öýdýän. Gözüni alardyp, maña seretdi. Çyrşaşdyryp gol çekdi-de, oturgyjyny şakyrdadyp ýerinden turdy. Seýfiniñ agzyny açyp, möhürini aldy. - Başlygyñyz size ynanman möhüre ynanýan bolsa, ine, size möhür, muny az görseñiz, ine, ýene biri. Ol gaharyna elindäki möhüri iki gezek patlatdy, kagyzy gahar bilen öñüme oklap goýberdi. - Başlygyñyz-a, inim, barypýatan býurokrat eken. Edil gyzyl halka el ildiren ýaly, men möhürli kagyzy garbap aldym-da, epleşdirip jübüme saldym. Başlygyñ ýumşuny bitirenime begendim. "Be, ýogsa-da, ýañky direktor bölümimiziñ redaktoryna barypýatan býurokrat diýdi welin, hut başlygymyzyñ özi hakda ýazyp, baş redaktormyza eltäýsem nähili bolarka?" diýip, men gidip barşyma içimi gepletdim. "Aý, añkaw, öz başlygyñ hakynda ýazyp, sen onsoñ ony nädip çykartjak" diýip, kimdir biriniñ igençli sesi gulagyna eşidilen ýaly boldy. Ýaltaklap töweregime seretdim. Hiç kim ýok. Diýmek, bu ses meniñ içki duýgymyñ sesi bolmaly. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |