23:12 Býurokratyñ syry | |
BÝUROKRATYÑ SYRY
Publisistika
Esasy aýtjak bolýan zadymdan öñ şulary aýdyp geçeýin... Şuny propogandirlediler: ideologiýalar öldi, deñsizlik - bolaýmaly tebigy zat, deñsizlik uly kösençlikleriñ üstünden eltmese esasly formada üýtgedilip bilinmez. Bu aýdylanlar ýalan. Deñsizlikler dürli hili tutaryklar bilen kanunylaşdyrylýar. Taryhda muña goldanýan ideologiýalar işlenip düzüldi. Mysal üçin: ýedi ýyllap (1825-1832) ABŞ-nyñ wise-prezidenti bolup işlän Jon Koldwell Kelhun gulçulygy oñaýly gowulyk hasaplaýardy! Neoliberalizmi esaslandyryjy Fridrih Haýek hem ondan tapawutly däldi, onuñ pikiriçe deñsizlik bazar erkinligi üçin oñaýly gowulykdy! Girdeji deñsizligi boýunça geçiren işleri bilen tanalan fransuz ykdysatçysy Toma Pikettiniñ "XXI asyrda kapital" kitaby türk dili bilen bir hatarda kyrk dile terjime edildi. Kollektiwçi-keýnesýen çemeleşmeleri gyzgyn seslenme döretdi. (Şol döwür Nobel baýrakly amerikan ykdysatçysy Žozef Stiglisiñ "Deñsizligiñ bahasy" kitaby-da gyzgyn garşylandy). Pikettiniñ "Kapital we ideologiýa" kitaby-da şu tomus dilimize terjime edildi. Şu soñky kitapdan ünsli okamagyñyzy isläp, bir sitata alaýyn: * * * "- Deñsizlik - ykdysady ýa-da tehnologiki häsiýetli däl. Deñsizlik ideologiki we syýasy häsiýetlidir. Başgaça aýdylanda: Bazar we bäsdeşlik... Girdeji we hak-heşdek... Kapital we bergi... Kwalifikasiýaly işçiler we kwalifikasiýasyz işçiler... Ýerliler we kese ýerliler... Salgyt elpe-şelpelikleri we bäsdeşlik güýji... Bularyñ barsy aslynda öz-özünden bolýan hakykatlar däl. Bular doly biziñ döwrä sokmak üçin saýlap alýan, kategoriýalandyran hukuk, maliýe we syýasy sistema esaslanýan sosial, taryhy fantaziýalardyr. Bular hemme zatdan ötri hemme jemgyýetiñ sosial adalatdan, adyl ykdysadyýetden häzirki aýry-aýry toparlaryñ we pikirleriñ arasyndaky syýasy-ideologik güýç gatnaşyklaryndan hereket bilen emele getirýän wekillerine yşarat berýär. Hususanam şular düşünjewi we ideologik häsiýetlidir. Başgaça aýdanda, pikirleriñ we ideologiýalaryñ taryhda ähmiýeti bolýar. Bular üznüksiz ýagdaýda täze dünýäleri we dürli-dürli jemgyýetleri göz öñüne getirmegi, olary formalandyrmagy mümkin edýär..." * * * Piketti soñky geçiren barlagynyñ netijesinde şeýle diýýär: "80-nji, 90-njy ýyllardan soñ dünýäde ykdysady deñsizlikler görlüp-eşdilmedik derejede artdy. XXI asyrda ýüzbe-ýüz bolan ünjä goýujy ýagdaýymyz şudur..." Kitaby okap otyrkam kelläme şu soraglar geldi: "Ýurdumyzdaky deñsizlikleri durmuşa geçiren neoliberalistik gegemoniýanyñ býurokratlary kimlerdi? Adam başyna düşýän girdeji boýunça adalatsyzlygy baýlaryñ haýryna bozan ykdysady-syýasy sistemanyñ salgytçylary we maliýeçileri kimlerdi? Meselem: Deñsizligiñ iñ esasy gözbaşy - girdeji salgydyndaky potolok derejäni baýlaryñ haýryna üýtgeden kararlary haýsy buhgalter-hasapçylar durmuşa geçirdi? "Maliýe dissiplinasy" ýalany bilen sosial döwlet edaralaryny ýykan, salgyt adalatsyzlygyny edýän ykdysady syýasatlary haýsy býurokratlar durmuşa geçirdi? Bular IMF "reseptlerini" ýola goýan býurokratlardy... Ulus-döwleti ýykan neoliberalizmiñ agalyk sürýän döwründe käbir emelsiz ýolbaşçylar nädip "ýylyñ döwlet işgäri" adyny alyp bilýär? Ýadyñyza salaýyn: hususanam 90-njy ýyllar neoliberalizmiñ ýaýylma-giñelme döwrüdi. Häkimiýetleriñ býurokratlaryñ bilen zähmetkeşleriñ garşysyna maliýe syýasatyny ulanmagyny artdyran döwrüdi... Toma Piketti kitabynyñ "Beýik öwrülişik" adyny beren üçünji bölüminde deñsizligiñ gelip çykýan sakasy bolan maliýe syýasatlaryndan söz açanda aklyma şu soraglar nirden geldi? Soñky otuz-kyrk ýyldaky maliýe syýasatlarynyñ ideologiki taýdañ añyrsyny hiç dörjämzok. Hemmeleriñ añynda "men haýsy wezipäni eýeläp bilerkäm, meni haýsy wezipä bellärlerkä?" pikiri bar! Ahlak idealizmine nä döw çaldy? Haýp. Çöññelik ýokanç kesele öwrüldi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 31.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |