08:25 Çakylyk | |
ÇAKYLYK
Goşgular
Işden gelýär Gije sagat on iki. Süýnmäge ýer gözläp ogryn jyklaýar. Gapynyň agzynda dik duran gelni, Yrsaraýar, olam özün aklaýar. Soňra ýadawlygy delil tutunyp, Balalarnyň gapdalynda uklaýar. Haky bardyr soramaga başdaşyň, Bu ylahy takdyr, şeýle emir bar... Daňdan özünden öň oýanýan gelni, “Tur, işiňe gitseň” diýip hümürdär. (Eý, halal maşgala, eý, jigerbentler, Sizde niçik gudrat, niçik jady bar?!) Öýe göz aýlaýar, Bar zat ýerbe-ýer. Illeň aýdyşy deý dokuzy bitin. Beýle uly bagta miýeser bolup, Durmuşyňdan nadyl bolmagam çetin. Owaldan bu köňül däli berilse, Kalbynda bolmasa imisalalyk. Duýgularyň çakylygna ses bermän, Näçe geçjek bolsa-da ol alaryp. Bolmady. Ýatlaýar başdaşy diýip, Ýigitlikde sepil bolup ylgaýşyn. Ýok, bu özgä göwün bermäň işi däl, Duýgularyň baýdak deýin galgaýşy. Hak saldymy, Halk saldymy bu ýola, Ýa-da bir näzliniň oýnumy bu hal?! Hem sowal bermäge pursat berenok, Hem jogap islänok bu geňsi ahwal... Öýden işe, Işden öýe gatnaýar, Meňzeş günler toýnuk gurap geçip dur. Däli köňli kaýyl gelmän, durmuşyň Paý berilen ýodasyndan geçipdir. Indem bir näbelli duýgyň yzynda, Ýörelmedik ýola iterip özün. Hem jigerbentlerin täç edip başa Diňläp, gelen çakylygyň owazyn, Gidip barýar, Ýüreginde betlik ýok, Neti – eýelemek duýgulaň uzun... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |