19:44 Çarbagly Eýran | |
ÇARBAGLY EÝRAN
Edebi makalalar
“Görogly” eposynyň “Arapdan ar alyş” bölüminden şeýle setirleri okaýarys: “Görogly Reýhan Arabyň ukudadygyny bilip, gap-gaýgysyz atyny sürüp ötägitdi. Onuň galasynyň arka ýüzünden bardy. Galanyň arka ýüzünde uly çarbag, onuňam haýbatly derwezesi bar ekeni. Görogly şol derwezeden girip, baga aralaşdy. Görse, ynha bir gülzarlyk, çemenzarlyk gowy ýer ekeni”. Biz “çarbag” sözüne geçmiş edebiýatymyzda köp gabat gelýäris. Onuň parsçadan terjimesi “dörtbag” diýmek. Bu nähili bag bolýar, nirede döräpdir? Hindi alymy M.Randhawanyň “Baglar asyrlaryň dowamynda” diýen kitabyndan bu sowallara jogap tapsa bolýar. Alymyň pikirine görä, Eýran Merkezi Aziýa hem Hindistana baglaryň täze bir görnüşini beripdir. Onuň häsiýetli aýratynlygy hökmünde şekiliň geometrik göniçyzyk elementlerden ugur alýandygydyr. Baglaryň daşyna belent haýat aýlanandyr. Içinden akar suw geçmegi hem zerur şert. Biziň eýýamymyzdan öňki 588-323-nji ýyllarda Eýranda Aheme- niler dinastiýasy höküm sürdi. Olaryň häkimleri häli-şindi uruş alyp bardylar, wagtlaryny aýşy-eşretde, şerabyň, keýpi-sapanyň, söýgüniň humaryna maýyl bolup ötürmegi-de gowy görýän ekeniler. Munuň üçin kaşaň köşkler, ser howuzlar, sapaly baglar gerek. Olar munuň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. Ahemeniler dinastiýasynyň başyny başlan, beýik Babilony basyp alan meşhur Kir I ajaýyp baglary ýetişdirmegi perman bilen oňduran adam däl, onuň özem bagbançylyk sungatynyň inçe tärleri bilen meşgul bolan adam. Grek alymy Ksenofonyň ýatlamagyna görä, Kir Lidiýanyň paýtagty Sardada pars baglarynyň esasy kysymyny emele getiren Çarba- gyň düýbüni tutýar. Akaba suw bagy dört bölege bölýär. Edebiýatyň berýän maglumatlaryna görä, Kiri taryha giren birinji pars bagbany diýip atlandyrsa boljak. Ahemenileriň üçünji şasy Dari I (Dara) hem bagbançylyk bilen meşgul bolupdyr. Çarbaglar aheminileriň basyp alan ýurtlaryna-da ýaýaradylypdyr. Dari tokaýlar döretmegiň, dürli ösümlikleri ýaýratmagyň aladasyny eden şa hökmünde tanalýar, ýogsa uruş, basybalyjylykly ýörüşler zerarly bu zatlara elem ýetmekek ýaly, emma wagt tapypdyr. Kiçi Aziýada, Siriýada ösýän miweli agaçlary goňşy ýurtlara ýaýradypdyr. Hut Dariniň tagallasy bilen Mesopotamiýada şaly ekilip başlanypdyr, Müsüre künji eltilipdir. Patyşalaryň özlerinden öňki häkimleriň senedine sarpa goýmagy başa- randygyny mysal tekrarlaýar. Dariden soň tagta çykan Kserks I Sarda şäheriniň üstünden geçip barýarka, Kiriň bina eden bagyndaky äpet çynara guwanç bilen seredýär onuň şahalaryndan altyn zynjyrlar, bilezikler asýar. Ahemenileriň döwri dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde möhüm basgançagy emele getiripdi. Dünýäde ilkinji kämil, ygtybarly söwda ýollary şu döwre gabat gelýär. Olara “şa ýollary” diýip at beripdirler Egeý deňziniň boýundaky meşhur Efesden başlap, Kiçi Aziýanyň, Mesopotamiýanyň içi bilen geçýän ýol Ermenistanyň üsti bilen Eýrana gelýän ekeni. Babilondan gaýdýan ikinji ýol Behistan gaýalarynyň gapdaly bilen geçip, Baktriýanyň, Hindistanyň serhetlerine ýetipdir. Ýollaryň ugrunda ýolagçylara hyzmatyň ýokary derejede bolandygy hakynda grek taryhçylary ýazypdyr. Ýollar farsahlara (6-8 km) bölünipdir. Her 20 km aralykda şanyň gonalgasy, gapdalynyň myhmanhanasy bilen bina edilipdir. Bu ýollarda agyr kerwenlerden, haýbatly leşgerlerden başga-da şalaryň çaparlaryny häli-şindi görse bolýar ekeni. Häzirki daşary ýurtlardaky şosse ýollary hyzmat babatda şol taryhy nusgadan degerli zatlar alypdyr. Çaparlar gonalgalarda atlaryny çalşypdyrlar, şonuň üçinem olaryň tizligini asmandaky durnalaryň uçuşyndanam zyýat görüpdirler. Ýollar galtamanlardan ygtybarly goralypdyr. Talaňçylara agyr jezalar berlipdir. Dari I Sues ýazgylarynda Müsüri eýeländen soň Nil derýasyndan deňize tarap kanal gazdyrmakçy bolandygyny, öz kararyna laýyklykda onuň gazlandygyny, gämileriň Müsürden Persiýa tarap ýüzüp başlandygyny buýsanç bilen ýazýar. Eýranlylaryň däp-dessurlary bilen gyzyklanan grek taryhçysy Gerodotyň ýazgylarynda şeýle setirler bar: “Ogly bäş ýaşyna ýetinçä kakasy çagasyny görmeýär ekeni, oňa çenli çaga aýallaryň elinde terbiýe alypdyr. Bäş ýaşdan ýigrimä çenli ogullaryny diňe üç ugur boýunça türgenleşdiripdirler. Olar at çapmakdan, ýaý atmakdan, dogry söze gol ýapmakdan ybarat bolupdyr”. Çarbag meselesine dolanyp gelsek, onuň örüsini giňeldenleriň biri-de mogollaryň imperiýasyny berkarar eden Baburdyr. 1504-nji ýylda ol Kabuly eýeleýär, şol ýerde-de eý görýän pişesi bagbançylyk bilen meşgullanýar. On sany meşhur bagyň düýbüni tutýar, şolaryň biri-de Çarbagdyr. M.Randhawanyň ýazmagyna görä, Ýunanystanda (Gresiýada) ilkinji bag aw hudaýy Diananyň hormatyna döredilýär. Bagyň düýbüni tutan taryhçy hem esger Ksenefon bolupdyr, ol Eýrana gurlan harby ýörüşden gaýdyp gelenden soň bu işe baş goşupdyr. Onuň Eýranda täsin çarbagy görendigi, ondan nusga alandygy açyk. Ol hramyň töweregine miweli agaçlary oturdanda olary simmetriýa boýunça ýerleşdiripdir. Keýpi-sapanyň hoşwagt lezzetini artdyrýan salkyn saýaly baglary arhitektura sungatynyň derejesine götermegi Günbatar Gündogardan öwrenipdir. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |