21:53 Çekiliñ, ruslar gelýär! | |
ÇEKILIÑ, RUSLAR GELÝÄR!
Sport we turizm
Söýgüli okyjylarym, koronawirus diýilýän näletsiñmiş närse külli adamzat dünýäsini ýesir aldy... Biziñ hiç birimiz şindi näme boljagyny we näme boljagymyzy bilemzok. Ylymyñam eli-aýagy baglandy... Mundan birnäçe hepde öñinçäsine çenli käbir ýurtlaryñ arasyndaky gidiş-gelişler (kesel has beter ýaýramasyn diýip) ýatyrlypdy. Bu gadagançylyklaryñ urgusy bize has agyr degdi. On müñlerçe iş ýeri bilen birlikde turizm pudagy-da öwezini dolup bolmajak agyr ýitgilere uçrady. Daşary ýurtly turistler gelmänsoñ, otelleriñ we turistik firmalaryñ çekýän zyýany barha ulaldy, turizm pudagyndan çörek iýýän ýüz müñlerçe ildeşimiz işsiz galdy. Häzire çenli hiç bir ýurt bu wirusy ýok edip bilmedi... Gaýtam tersine, bütin ýer ýüzüne ýaýylýar we günde müñlerçe adamyñ ölümine sebäp bolýar. Muña Türkiýe hem degişli! Koronawirusa ýolugan jemi hassa sanymyz 216 müñe, ölenlerimiz 5.400-e ýetdi. Saglygy goraýyş ministrligi mümkingadar ýuwmarlaýjy statistiki maglumatlar mälim etmäge jan etse-de, ýagdaý o diýen öwerlik däl!.. Hakyky statistiki maglumatlar has ýokarda. Başgaça aýdanda, medisina ulgamyndaky käbir alymlarymyzam indi hakyky maglumatlaryñ türk halkyndan gizlenýändigini aç-açan orta atmakdan çekinenoklar. Russiýa bilen howa ýollary aragatnaşygy başlamagyñ öñüsyrasynda dur… Hem açyk deñize, güneşlemäge zar azyndan bir million russiýaly Türkiýä tutuş tomus akym-akym bolup gelerler. Russiýa bu köpçülikleýin ýokanjy iñ çynlakaý başdan geçirýän we iñ köp ölüm bolup geçýän ýurtlaryñ iñ başynda ýer alýar. Statistiki maglumatlaryñ olaram biziñ ýaly ýaly ýarpysyny mälim edýär. Şindi bir pikirleniñ, öñümizdäki üç aýlap azyndan bir million russiýaly ýurdumyza gelmeli! Bularyñ tapgyr-tapgyr bolup gelmegine garaşylýar, gyzgynlyk derejeleri ölçenensoñ, ýurda girmäge rugsat ediljekmiş. Soñra otel restoranlarynda gür mähelläniñ arasynda üç wagtyna nahar. Burun buruna oturansoñ, maska, pylan-pysmydan, soñ bularyñ nämä geregi bar! Ulanylan aş pyçaklar, bulgurlar, çaý-kofe käseleri, plýažlaryñ howlulary, şezlonglar… Mesele diñe ruslar bilen çäklense ýene ýagşy!.. Ukrainleriñem tapgyr-tapgyr gelmegine garaşylýar... Eýran hem gelmeli... Munuñ bilenem gutarmaýar. Angliýadan geljeklermiş. Orta Aziýa ýurtlaryndan geljeklermiş... Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Arap we Afrika ýurtlary we başgalar... Yzyny özüñiz sanaberiñ. Gorkýan... Bular wirusy öñümizdäki hepdelerde plýažlardan we turistik binalardan ýaýmaga başlarlar. Birküç ýyllykda käbir syýahatçylyk zonalarynda hususanam russiýaly we ukrainaly turistleri ýakyndan synlamak mümkinçiligi bolupdy. Olarda kada-kanunlary berjaý etmek ýaly düşünjeden nam-nyşan ýok. Sylanşyk ýok. Peýwagtyna, islän zatlaryny edip ýaşaýan adamlar. Olaryñ köpçüligini we açyk bufetlere hüjüm edişlerini görüp: "Basybalyjylyga gelen rus we ukrain ýaragsyz güýçleri" diýipdim! Zaññarlaryñ gulagyny gowja şañlatdyk, ýakyn wagtda olar ýene tapgyr-tapgyr gelmäge başlajaklar... Belki wirusa Türkiýede ýolugyp, ýurtlaryna gaýdyp bararlar, ýa-da özleri bilen getiren wiruslaryny bize ýokuşdyrarlar. Saglyk ministrligi başlyklaýyn Türkiýede ähli ygtyýarly edaralar berk duýdurýar: “Ünsli boluñ, howp sowulmady…” Biz bolsa şular ýaly ýagdaýda daşary ýurtlardan hiç hili saglyk gözegçiligi bolmazdan gelmegine garaşylýan koronaly jahankeşdeleri myhman aljak bolup ýörüs. Üstesine olary howa menzillerinde folklor-ansabl toparlarynyn gatnaşmagynda, öñlerinden gül desseleri bilen çykyp garşylajak bolýarys! Hiç kim ýalñyş düşünmesin, “Gelmesinler” diýemok. Barybir gelmeli… “Kesele garşy öñüni alyş-taýýarlyk işleri düýpli geçirilsin, soñra ökünmeli bolmasyn” diýjek bolýaryn. Umydymyz "rus we ukrain ýaragsyz güýçleri"! Eger olar gelmeseler, kiselerindäki pullaryny bize goýup gitmeseler, ykdysady taýdan has beter güne düşeris, işimiz gaýdar. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||