07:28 Çempionlygy gazanmakdan başga alajy ýokdy | |
ÇEMPIONLYGY GAZANMAKDAN BAŞGA ALAJY ÝOKDY
Sport we turizm
Pandemiýa başlany bäri ýeke futbol duşuşygyna tomaşa etmändim. "Galatasaraýyñ" ligany bäşinji orunda tamamlanyna-da gynanmadym. Diñe Fatih (Terim) halypanyñ şunça ýerliksiz ýazgarylmalara garamazdan, sesini çykarman durmagyny diýseñ hikmetli-manyly gördüm. Herniçik-de bolsa, ol kimiñ çempion boljagyny añşyrdy! Näme diýenmiş Sagdy Şirazy: “Iki zat aklyñ kemligini görkezýär. Geplemeli ýerde dymmak, dymmaly ýerde-de geplemek.” Fatih halypa bu sezon sözüñ doly manysynda bäsleşik bolmandygyna, “kimdir birileriniñ” pula mätäçlik çekýändigine düşündi! "Başakşehiriñ" çempionlygy gazanmagy bilen çekişmeler başlady, megerem bu gyzgyn çekişmeleriñ ýene birnäçe ýyla çenli gowry ýatjaga meñzänok… Mysal bereýin: Bäş ýyl öñ "Taýms" ("Times") žurnalynyñ sahabynda nemes futbol klubynyñ suraty bardy: "FC Schalke 04". Mawy-ak reñkli topar 1904-nji ýylyñ 4-nji maýynda döredildi, emma işçiler synpynyñ toparyna öwrüldi. Uly kömür känleriniñ ýerleşýän ýerinde döredilendigi üçin "şahtýorlar" lakamy bilenem at aldy. Toparyñ ykbaly ýeke janköýeri sebäpli düýpgöter üýtgedi: Adolf Gitler! "Taýmsyñ" sahabyndaky habaram şudy: “Futbolyñ iñ erbet elli janköýeri” sanawynyñ başynda Gitler bardy. Habarda aýdylşyna görä, Gitler "Schalke 04" futbol toparynyñ ölemen janköýeri eken. Toparyñ şol döwürlerdäki gazanan üstünlikleriniñ gözbaşynda nasistler (nemes faşistleri) durýardy. "Taýms" pikirini Gitleriñ häkimiýet başynda bolan 1933-1945-nji ýyllar aralygynda "Schalke 04" toparynyñ alty gezek çempion bolandygy bilen delillendirýärdi. (Topar öz taryhynda jemi ýedi gezek çempionlyk gazanypdy, olaryñ iñ soñkusy 1958-nji ýylda.) Mesele şudy: Bassyr birnäçe gezek çempion bolýan "Schalke 04" “Täze Germaniýanyñ” mysaly hökmünde nemes faşizminiñ propoganda serişdesine öwrülipdi! Eýse "Başakşehir" "Täze Türkiýäniñ" (“Yeni Türkiye”) mysalymyka? ■ SYÝASAT-FUTBOL GATNAŞYKLARY Futbol XX asyrda köpçülikleýin häsiýete eýe bolup başlan wagtyndan bäri syýasatyñ üns merkezinden düşmän gelýär. Klublaryñam muña känbir garşylygy ýok, syýasatçylaryñ berjek ykdysady, sosial we syýasy güýjünden peýdalanmak olaryñam bähbidine… Türk futbolunyñ taryhynda munuñ anyk mysallary kän. Meselem... Milliýetçilik akymyny güýçlendirmek islän ittihatçylar Izmirde "Altaý" futbol klubyny döretdiler. Stambulda bolsa "Galatasaraýdan" bölünen “Progres” klubyny satyn aldylar. Adyny üýtgedibem "Altınordu" goýdular, başlygy edibem Talat paşany oturtdylar… Birinji jahan urşunda "Fenerbahçe", "Beşiktaş" we "Galatasaraý" futbol klubynyñ oýunçylary eline ýarag alyp fronta gitse, "Altynordaly" futbolçylary harby gullukdan boşatmak barada karar çykaryldy. Häziriñ üç uly kluby şol wagt ýaşyl meýdança ýetmezçilik edýän oýunçylary bilen çykýan bolsa, "Altınordu" bassyr iki ýyl çempion boldy! Şeýle-de, "Galatasaraýdan" aýrylanlaryñ döreden (täze döredilendigi üçin iñ aşakky ligadan başlamalydygyna garamazdan, ikinji ligadan hatara goşulan) "Güneş" futbol topary-da 1937-38-njy ýylyñ futbol möwsüminiñ çempiony boldy. Açylyş dabarasy "Beyoğlu Halk Fırkası" sport merkezinde geçirilen we başlygy edilip Atatürküñ kömekçisi Jewat Abbas Güreriñ bellenen topary 1938-39-njy ýylyñ futbol möwsümine şowly başlady, ilkinji dört duşuşykda üç ýeñiş, bir deñme-deñlik gazandy, emma Atatürküñ aradan çykmagy bilen ligadan çekilip, öz-özlerini ýatyrdylar! Syýasat futbol klublaryny propoganda serişdesi hökmünde hemişe ulandy we ulanyp gelýär. Hut şonuñ üçinem käwagt “täze režimiñ” simwoly bolsun diýip, “täze toparlar” döredilýär! Dogry ýa nädogry, şunsy hakykat: Taryh "Başakşehiri" “Erdoganyñ topary” hökmünde sahypalaryna ýazar, onuñ çempionlygyny-da “şaibe” (şübheli, kirli, hapa, kemter we ş.m manylarda -t.b.) sözi bilen birlikde ýatlar… ■ PUL… PUL… PUL... Futbol janköýerleri gowy bilýändir: Bu sezon iki giýewden biriniñ topary çempion bolmalydy: Ýa-ha Göksel Gümüşdagyñ başlyklyk edýän "Başakşehiri" ýa-da Berat Albaýragyñ goldaýan "Trabzonspory"… Şu ýyl şäher kluby "Trabzonspor" çempion bolar öýdýärdim. Çempionlygy ardurja elden giderdiler. Bu geleñsizlikde oýunlaryñ tomaşaçysyz oýnalmagy nä derejede täsir etdikä? Ýeri bolýa. Bular ýaly sowallaryñ üstünde jedelleşilmejek derejede hakyky futboldan uzak sezon geçdi… Esasy gözden salynmaly däl zat şu: Futbol - industriýadyr we muny pulsuz göz öñüne getirmek mümkin däl. Türkiýäniñ Super ligasy 750 million € barabar girdejisi bilen Ýewropanyñ iñ uly ýedinji ligasydyr… Stambul şäher häkimligi (İstanbul Büyükşehir Belediyesi) girdejilerini ýitiren "Başakşehir" şu ýyl çempion bolmadyk bolsa, dargap giderdi. Ol bu dargamadan halas boldumy ýa-da “halas edildimi” diýmegiñ hajaty ýok! Näme üçin? Meselem diñe futbolda “Täze Türkiýe” prototipini döretmek üçinmi? Yogsa-da… Hem liga çempionlygy bilen 156 million lira, hem Çempionlar ligasyna “aýak basdy” puly bilen 15.2 million € olaryñ kassasyna girer. Beýleki goşmaça bonuslar bilenem UEFA-dan geljek girdeji 25 million € çenli artar.... Şunça girdejisi bilen "Başakşehir" katarlylara satylarmyka? Häkimiýetiñ güýji bilen futbol arkaly ummasyz pul gazanylýar… (Heh, onsoñam! -Gökçekler ýaly - bu sezon olaryñ topary "Osmanlyspor" hem ligadan düşdi!) Şol ikiarada… Katarlylara degişli "Beint Sport" batansoñ, häkimiýetiñ “gomoseksualizmiñ” üstünden (Türkiýede dört ýyl bäri dowam edip gelýän) "Netflix" çekişmesini döretmegini nähili teswirläp borka? Jogaby ýokardaky setirleriñ arasynda… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |