18:17 Çensiz öwgi | |
ÇENSIZ ÖWGI
Publisistika
1969-njy ýylyñ 31-nji ýanwary. Germaniýada "68-nji ýyl nesiliniñ" ýokary okuw jaýlarynyñ demonstrasiýalarynyñ dowam edýän wagty. Filosof Adornonyñ protestleri tankyt editing gahary gelen rewolýusioner talyplar ony elitist saýyp, guran Jemgyýetçilik ylmy-barlaglar instituty - Frankfurt mekdebine döküldi. Özem bu mekdep marksizme täzeçe düşündirişleri berýän we onuñ tankydy teoriýalaryny öwrenýän sosial ylym ojagydy… Çepçi talyplar demonstrasiýalarynyñ dogrudygyna ýürekden ynanýandyklary üçin tankyda takat edenokdylar: Adorno şeýle diýýär: "- Nirde bolanymyzda-da ahmal galmaly däl borjumyz şu: Başgalaryñ häkimiýetiniñ-de, öz häkimiýetsizligimiziñ-de bizi akmaklaşdyrmagyna ýol bermezlik!" Yzyndan şeýle diýýär: "- Ýalñyş ömürde dogry ömür ýok. Pikirlenip bilýän adam agressiw bolmaýar". Eýse... düýnden şu güne geler bolsak. Federatiw Germaniýadan Türkiýä dolanyp gelsek... * * * Türk syýasy durmuşy tankydy sürgüne ýollady! Syýasatçylaryñ köpüsi oñaýsyz ugurlarynyñ, ýalñyş taraplarynyñ tankyt edilmegini diñläsi, eşdesi gelenok. Ýogsam bolmasa: Syýasy tankyt çözgüde goldanýar, meselem onuñ demokratiýanyñ ösmegi ugrunda gymmaty uly, yýasy reformalar üçin ýatladyjy tarapy-da bar we ş.m. Şeýle bolýan bolsa, nämüçin tankyt ýurdumyzdan kowuldy? Seretseñizläñ... Islendik wakanyñ, faktyñ ýa-da meseläniñ kemçilikli we ýalñyş ýerlerini görkezen wagtyñyzda haýbat atmalara çenli uzaýan gödek jogaplara, kemsitmelere, masgaralanmalara duçar bolýarsyñyz. Her ýatan daşyñ aşagyndan "duşmançylyk" gözlenensoñ näme bolýandyr öýdýäñiz: añ-düşünje öñbaşçylygyny ýitirýär. Şeýle göýdük syýasat çölleşdirmek bilenem çäklenmeýär, kirledýär. Şeýdibem tankydy akylyñ ganyna galynýar... Her lider özüne bagly "gapyguly" gözleýär. AKP-ni tankyt babatda tankyt edip oturmagyñ geregi barmy, onuñ nähilidigini ýigrimi ýyl bäri görüp ýörüs-ä! Düýp mesele - JHP ýolbaşçylarynyñam totalitarlyga tarap taýma howpy dälmi? - Kylyçdarogly Ekmeleddin Ihsanoglyny kandidat görkezdi, "bökjekläp, bökjekläp saýlaw sandyklarynyñ başyna gidersiñiz" diýdi. Saýlawyñ birinji tapgyrynda ýeñildi. - Kylyçdarogly "gel bakaly, Muharrem Inje" diýdi. Kylyçdarogly öñümizdäki saýlawda öz kandidaturasyny goýmak isleýär. Goýup biler, öz pikiri... "Altyly stolda" konsensus-ylalaşyga gelinermi, görmeli bor... Meniñ garşy çykýan zadym - Kylyçdaroglynyñ kandidaturasy boýunça tankydy pikirini aýdýan islendik adamyñ aýyplanmagy. Täzeden saýlanmagy kepillik astyna almak isleýän halk deputatlary, kürsüsini saklap galmak isleýän partiýa ýolbaşçylary, munisipalitet başlyklary ýa-da hakykatdanam Kylyçdaroglynyñ üstün çykjagyna ynanýanlar elleriniñ aýasynda saklanýar, a tankyt edenlere bolsa akyl-paýhasdan, wyždandan uzak "jady awy" gurnalýar! Adornonyñ mekdebine dökülen talyp ýaşlar ýaly üýtgeşik söz eşdesleri gelenok. Bar bilýän zatlary çensiz öwgi... * * * Ankara munisipalitetiniñ başlygy Mansur Ýawaşyñ göwnünde prezidentlige kandidaturasyny goýmak bardy, muña şek-şübhe ýok. Hatda iñ soñky gezek HDP saýlawçylarynyñ özüni goldaýandygy hakdaky jemgyýetçilik seljermesiniñ netijesini-de paýlaşypdy. Emma oña şeýle erbet basyş edildi welin, "kandidatym Kylyçdarogly" diýmäge mejbur edildi! Şeýle taktika häzir Stambul munisipalitetiniñ başlygy Ekrem Imamogluna-da edilýär! Imamogly dogrusyny edip, "altyly stola" yşarat edýär. Emma onuñ bu hereketi partiýanyñ adminstrasiýasyna ýeterlik bolanok, olar kejeñeklik bilen onuñ agzyndan "Kylyçdarogly" sözüniñ çykmagyny isleýär! Nähili gynançly syýasy atmosfera bu: Bir adam partiýanyñ mejlisiniñ şahsy düzümini kesgitlemeli; Bir adam partiýanyñ merkezi adminstrasiýasynyñ şahsy düzümini kesgitlemeli; Bir adam halk deputatlarynyñ sanawyny düzmeli; Bir adam etrap, welaýat başlyklaryny bellemeli; Bir adam prezidentlige kandidaturasyny goýjak adamyñ kimdigini kesgitlemeli; (Ah! Hemişe şobir syýasy sahna gaýtalanyp dur-dq: ne Ekmeleddin Ihsanoglynyñ, ne-de Muharrem Injeniñ kandidaturasy hakda gürletmedi, jedelini etdirmedi. Düýnki boluşy şu günem başdan geçirýäris). Munuñ AKP totalitarlygyndan näme party bar? * * * Tankydy syýasat ýeke-täk tipli mejburylyga garşy çykýan antifaşizmdir. Tankyt etmek - adamyñ erkinleşmegidir. Tankyt etmek - derñäp, seljerip, ýerbe-ýer edip bilmekdir. Serediñ... Aýgytly döwürden geçýäris - tankyt ysmaza uçradylsa, tankyda duşmançylyk edilse, demokratik düzgüne geçmek bütinleý gury arzuw bolup galar. Goý, her kim gürlesin, her kim ýazsyn... Galyberse-de, tankyt etmek ýazyjynyñ jogapkärçiligidir, borjudyr. Soner ÝALÇYN. syalcin@sozcu.com.tr "SÖZCÜ" gazeti, 25.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |