06:39 Çep gol / hekaýa | |
ÇEP GOL
Hekaýalar
/Hekaýa/ Tagan agany elinden paltasyny alyp, öýüne salan batlaryna, bu habar tutuş oba ýaýrady. Birnäçeler şeýle diýseler: «Ýaşynyň soňunda akyly çaşandyr-da», ýene birnäçesi: «Bir adam garrasa akyly çagaň akylyna dönäýýär» diýdiler. Ýene bir toparam şuny aýdyp munuň üstüni ýetirdiler: «Günä onuň öýündäkilerde. Öň paltany oň elýeterinde goýmaly däl eken». Tagan aga muny aýtmandy, emma birnäçeler oňa şeýle diýdirdiler: Ol «Agaç agaçdyr-da. Gol bolsun, agaç bolsun, guransoň çapyp taşlamaly». Salym geçmändi, bu habar obaň iň çetki öýüne şeýle ýetdi: Tagan aga palta bilen çep goluny çapyp itleriň öňüne zyňjak eken, hernä ogly wagtynda ýetişäýipdir. Elinden paltasyny alypdyr. Häzirem ony özüne hiç zat etmez ýaly zynjyrlapdyrlar hem em etsin diýip Taýty tebibiň ýanyna äkitmekçi bolýarlar. Ony zynjyrlamandylar. Tagan aga ol aýdylýanlaryň hiç birini etmändi, diýdirilýän zatlaram diýmändi. Diňe ogly habarlydy, onuň näme edip, näme diýeninden. Ogly öýe baran badyna kakasynyň daşaryk çykandygyny we odunlaň ýanynda oturanyny görüpdi. Hatda paltany onuň sag eline alanynam, ýokary galdyryp, oduna uranynam görüpdi. Odunuň paltaň agzyndan sypyp hol beýläk atylyp gidenini, kakasynyň bolsa paltany bir çetde goýup, zyňylyp giden oduny yzyna getirip, öňki ýerinde goýup, täzeden çapmaga synanşanynam görüpdi. Ol kakasynyň bu kösenip oturşyny uzak synlap bilmändi. Çalt baryp paltany kakasynyň elinden alypdy hem şeýle diýipdi: «Bir eliňde odun çapmak saňa kyn düşer». Ýene şeýle diýdi: «Men çaparyn. Sen gowsy öýe git». Ol bolsa elindäki paltany bermändi we şeýle diýipdi: «Meniň öýde ýanymy ýassyga berip, hiç zat etmän oturjak wagtym heniz gelenok». Hem ogluna alarlyp şeýle bir seretdi welin, ogulynyň bu söze gaýtargy berere ýagdaýy galmady. Kakasynyň sesini çykarman işini dowam etdirmeginiň öňüni alyp bilmedi. Tagan aga ýene birnäçe gezek synanyşdy. Soň oňarmajagyna gözi ýetip özüni lampa aşak goýberdi. Gussa batyp, bokurdagy doldy. Zordan şeýle diýdi: «Bu emelsiz elimden ýadadym». Diňe şuny diýipdi. Ne az, ne köp. Soňam sag eli bilen çep goluny silkeleşdirdi. Çep gol agyry-beýlekem duýman, lokga et ýaly şalkyldap ýatyrdy. Soň goňşulary onuň hynçgyryp aglaýyşyny eşidip, ýerli-ýerden döküldiler, ony öýe saldylar. 2. Tagan agaň bir goly agajyň guran şahasyna dönenden soň bu mesele oba halkynyň esasy aladasy boldy. Odunyň çapylyp çapylmazlygy, Tagan agaň ýaşuly adam halyna aglamagy her öýde uly gürrüňdi. Obada başga edere gep galmadyk ýaly, islendik zat hakynda gürrüň edilse iň soňunda Tagan agaň sallanyp duran, guran şaha ýaly goluna näme edip bolar diýen meselä dolanyp gelinýärdi. Onuň ýaňadan jana gelmegi we sag goly ýaly bolmagy üçin näme etse bolar diýip alada galypdylar. Biri şeýle diýýärdi: «Onuň damarlary işleýän däldir. Ony owkalatmak, damarlaryny açmak üçin tebibe äkitmeli». Ýene biri: «Operasiýa etdirmek üçin şähere äkitmeli. Başga alaç ýok», diýse ýene biri şeýle diýýärdi: «Ýumurtgaň sarysyny gara burç bilen garyp, onuň eline ýapmaly». Ogly ilki munça teklipleriň içinden haýsy birine eýerjegini bilmedi. Iň soňunda-da şol doňaklykda obadan çykyp, ýokarky obadan Taýtyny getirmäge ylgady. Tagan aga tebibi görüp ýüzi çytylyp gitdi. Onuň salamyna jogabam bermedi, öň myhman gelende ýerinden turýan bolsa, bu gezek turmadam. Ogluna-da naharyň ugruna çykyň, çaý getiriňem diýmedi. «Islemeýärin» diýip gygyrdy. «Gowlaşmagy islemeýärin» diýip gygyrdy. Hatda, şu guran gola elmydama gözümiň düşüp durmagyny halaýaryn, onuň gurap agaja dönenden lezzet alýanam diýdi. Soň gepine gulak asmaýandyklaryny, Taýtyň çök düşüp, goluna ýapar ýaly melhem ýasap başlandygyny görüp, oňa hem sögünmäge, hem töwereginden näme eline ilse alyp, tebibe tarap zyňmaga başlady Şol günüň ertesi hakykatdanam Tagan agany zynjyrladylar. 3. Tagan aga ýatyrdy. Asmandan ýyldyrymyň çakyp hemme ýeri ýagtyldanynam görmedi. Şol ýyldyrymyň palçyk kümeleriniň daş-töweregini, hatda gök otluk, uly saýaly, ýogyn agaçlary bolan deräni hem gündizlik ýaly ýagtyldanynam görmedi. Tagan şeýle bir ýadawdy welin, hatda gymyldamadam, başynam galdyrmady. Diňe süriň iti agyldaky goýunlar we kümäň ýanynda daňylan iki sygyr başlaryny galdyryp gulaklaryny keýertdiler. Şol gije, şol ýyldyrymdan soň, çyny bilen gök gürledi. Kümäniň içindäki ýeke pelteli çyraň yşygy ol sese titiräp gitdi. Tagan bu sese turdy. Çagalar hem tisginip oýandylar. Ol sese diňe Tagan däldi tisginip turup töweregini sermän. Şol gün ikindinara, motorly, goňşy oba, aýaly bilen süýt äkidip, şol ýerde-de galan, edil şol wagt pejiň alkymynda çaý içip oturan ogly hem bu sese üşerildi. Ol ýerinden turdy-da daşaryk seretdi, Asmana bakdy. Gara bulutlary görüp hopukdy. Yzyna öwrülip gygyrdy: «Keýwany, ýola düşeli». Ýagyş ilki çala ýagmaga başlady. Soň güýçlendi, soň bolsa has güýjedi. Muny mallaryň öňündäki nowa degýän damjalaryň sesinden aňsa bolýardy. Damjalaryň sesi barha çaltlanýardy. Soň ýolbarsyň arlaýan sesi geldi we ýyldyrymyň ýagtysy kümäň gapysynyň jaýryklaryndan içine syzylyp geçip gorkuly sudury emele getirdi. Kümäniň agaçdan edilen gapysy ýapykdy. Ýel turýardy we gapyň şaýryklaryndan şowlap geçip gurtlaryň uwlaýan sesine meňzeş sesi edýärdi. Ýeiliň şuwwuldysyna goşulyp süri itiniň üýrýäni hem eşidilýärdi. Gapyň jaýrygyndan geçen ýel, peltäni bogup ölügsi yşygy öldürdi. Tagan aga gorkdy. Ör turdy. Öňüni sermenekläp, çagalaryň sesiniň gelýän tarapyna ýöredi. Diýdi: «Gorkmaň, Hiç zat ýok». Bir daňy samana eli degende özi hem bildi bir zadyň bardygyny. Emma, ýene «Hiç zat ýok» diýdi. Daňylgy saman gapyň agzynda goýlandy, eýýäm öl-myžžyk bolupdy. Tagan aga gaňňarçakdan geçirlen ýüp bilen ýokardan asylan çyra tap barýardy. Ony gaňňarçakdan aýyrdy. Otly çöpi çyzyp pelteli çyrany ýakdy. Çyrany ýokary galdyrdy. Ýene gaýtalady: «Gorkmaň, hiç zat ýok». Agtyklary gorkusyndan ýaňa aýaklaryny aşaklaryna çekip, titireýärdiler. Tagan aga possunyny getirip olaryň üstüne atdy. Possunyň çetlerini basyşdyrdy. Özi hem olaryaň ýanynda süýndi. Tagan aganyň gözleri ýumugam bolsa uklamandy. Bir salymdan soň, nätanyş sesler eşidilip başlady. Aljyraňly turdy. Akýan suwuň we biri-birine urulýan uly daşlaryň sesi gelýärdi. Tagan aga kümeden daşyna çykdy. Çykan badyna daş töwregi suw alanyny gördi. Aýagy topugyna çenli suwa batdy. Gorky onuň ýüreginiň törüni almaga erjeşip başlady. - Ýa Hudaý... Çalt yzyna dolandy. Iki agtygy turupdylar, aňka-taňka bolup töwerege seredýärdiler. Tagan aga çalt-çalt olara ýyly egin-eşiklerini geýdirmäge başlady. Özi hem possunyny geýdi. Her agtygyny bir gujagyna alyp ugrady. Uly agtygy sag gujagynda, kiçi agtygy çep gujagynda. Şol wagt çep golunda syzlan agyry tutuş göwresine ýaýrady we ýüregine ýetip tisgindirdi. Bu agyry sanjylan temeniň agyrsyna meňzeýärdi. Göýäki, goluna temen sanjyldy. Tagan aga şonda-da, bu agyra ünsem bermän, wagt ýirirmejek bolup ylgap daşyna çykdy. Çykyp daş-töweregine seretdi. Süri iti daňylgy duran ýerinde zynjyryna towusýardy hem yzyny üzmän ürýärdi. Tagan agany görüp, guýrugyny ýamzyna gysdy, sem boldy. Tagan aga ite ünsem bermän ilki bada depäň üstne ylgady. Birnäçe ýerde aýagy taýdy, dyzlary taýly gezek palçyk ýere urlup gitdi. Emma agtyklaryny ýere degirmedi. Ýaňadan dikelip, ýortdy. Ýene taýdy. Daşlaryň we jomrulýan agaçlaryň sesleri we suwuň güwwüldisi gelýärdi. Gorkuly ýagdaýda töwetegine seretdi. Deräniň çep tarapyndaky ýapyň ýüzünde bir zat gözüne ildi. Ol zat towlanyp, süýşüp bärligine gelýärdi. Ol ilki bada kütelşen gözlerine ynanmady. Gaýtdan seretdi. Bu gezek öňküden has ýiti seretdi. Ony gözleri aldamandyr. Ýalňyşman eken. Suwuň uly akymy şol tarapdan süýnüp gelýärdi we ýolunda näme bar bolsa ýykyp-ýumrup özi bilen getirýärdi. Tagan aga öňküdenem beter aljyrady. Dodaklary müňkülläp gitdi. - Allahym... Agtyklary hem şol tarapa seretdiler. Tagan aga olary özüne gysdy, ýüzlerini başgana sowmaga çalyşdy. Pursat ýokdy. Kütelşen gözlerini, howsala düşüp töweregine aýlady. Ýapyň ýüzi taýgançakdy, mundan ýokary galmak mümkin däldi. Durara-da maý ýokdy. Tiz bir alaç etmelidi. Kellesine bir pikir geldi. Kümäniň aňry ýanynda ösüp oturan bir gojaman, ýogyn agaja tarap ýortdy. Bir gözi bagdady bir gözem beýleki tarapdan bar zady ýykyp-ýumrup, ýakynlap gelýän siliň uly akymyndady. Agajyň aşagyna ýetdi. Agtyklaryny silkip egnine mündirdi we elleri bilen agajyň bilinden ýapyşdy. Barja güýjüni ýygnap ýokary dyrmaşdy. Hem egnindäki agrama üns berýärdi hem ýokary dyrmaşýardy. Bu ýagdaýynda onuň güýji adatdakysyndan birnäçe esse artypdy. Herne bolsa-da, ol haşlap-haşlap özüni ýokary çekýärdi. Birinji şaha ýetende aýagyny onuň üstüne mäkäm atdy. Uludan bir dem aldy. Çagalary egninden ýene goltugyna geçirdi we özüne gysdy. Birden ýüzüne degen sil suwy degen ýerini gamçy bilen urulan ýaly awatdy. Bu suw hatda çagalara-da degdi. Gözüniň ýeten ýeri bulançak suwdan doludy. Aşakda agajyň bilene ýeten suwyň okgunly akyşyny görüp hopukdy. Onuň süňňnde dörän galpyldy çagalaram titretdi. Çagalar aglamaga başladylar, garry atalaryna has berk ýapyşyp eje diýip gygyrýardylar. Tagan aga eşitmeýärdi. Onuň gulagyna eşidilýän zat, ýüreginiň gürsüldisi hem edil şonuň ýaly ses çykarýan suwuň aşagynda birine urulyp, togalanyp gelýän, gelibem üstüne münüp oturan agaçlaryna urulýan daşlaryň sesidi. Tagan aga aljyraňňy gözlerini ýaňadan deräniň üstüne siliň gelen tarapyna aýlady. Ýene bir uly lemmer towlanyp bärik gelýärdi. Tagan aga ýene galpyldady. Birnäçe gezek gözüniň damarlary çekip gitdi. Aýagynyň aşagyna bakdy. Suw iki-üç garyş aşakdan geçýärdi. Siliň lemmerllenip güýjeýän tarapyna ýene seretdi. Ol wagty elden bermeli däldi. Eger çala ýaýdansa, ýetip gelýän lemmeriň ony bagdan goparyp alyp gitmegem mümkindi. Agtyklaryny ýene egnine aldy we ýene ýokary dyrmaşdy. Indiki şaha has ýokardady. Oňa ýetip bilmejegini bildi. Gyssanjyna demi tutulýardy. Mundan artyk dyrmaşyp bilmedi. Ýeten ýerinde durdy. Onuň duran ýerinde ozalkysy ýaly aýagyny mäkäm goýara şaha ýokdy. Bialaç aýaklaryny çilşirip daragty gysdy hem şeýdip saklandy. Soň bolsa agtyklaryny egninden düşürip gujagyna aldy we özüne gysdy. Lemmer gelip ýetdi. Daragty titretdi. Tagan aganyň aýaklaryny ýalap geçdi. Sil suwunyň derejesi gaty ýokary galypdy. Şonça güwwüldiň içinden bir ses geldi. Suwa bir agramly zat gaçan ýaly boldy. Tagan aga bu sesiň gelen tarapyna seretdi. Tok geçýän sütün suwa ýykyldy. Ýene bir uly ses, bu gezek Tagan agaň palçyk kümesi suwda eräp, üçegi çökdi. Soň olam suwuň badyna pagyş-para boldy. Tagan aga titireýän agtyklaryny öňküsindenem berk gysdy. Suw bilen Tagan aganyň aýagynyň arasy bir seredi. Sil hemme zady özi bilen getirýärdi. Garaňkylykda düňderlişip barýan äpät daşlar, agaçlar, şeýle hem sygyrdyr goýun-geçilere meňzeýän garalar suwda görnüp gidýärdiler. Hol aşakda üstündäki ýorunjadan zat galmadyk boş araba siliň ugruna gaýyp-gaýyp akyp barýardy. Soň uly-kiçi suw çelekler we başaga-da bir giden zat geçip gitdi. Tagan aga muny biraz giç duýup galdy. Eger biraz öň duýan bolsady, bir alaç tapmagy mümkindi. Mümkin ol ikinji agtygyny beýleki agtygy ýaly biraz ýokary galdyryp egnine mündürerdi, elleriniň dynjyny bererdi Emma, gijä galdy. Çep eli diýenini etmeýärdi.. Egin-eşigi myžžyk bolup, has agyrlaşan agtygyny biraz götermek we egnine almak bärde dursun, bir goly hatda, sähelçe gymyldamaýardam. Oňarmady. Hatda sakalabam bilemdi. Gitdigiçe golunyň ysgyny gaçýardy. Tagan aga indi ne bir zady görýärdi, ne bir zady eşidýärdi. Ol hiç zady görjegem, eşitjegem bolmaýardy. Bar ünsi agtygyndady. Çep gujagyndaky agtygyndady. Gitdigiçe diýenini etmeýän we ýuwaş-ýuwaşdan sypyp aşak süýşýän çagany saklap bilmeýän golundady. Garry adam oýlandy. Näme etmelidigini we näme edip biljekdigini oýlandy. Ilki bar güýjüni çep goluna berdi we ony az kem gysmaga dyrjaşdy. Emma, golunyň bardygy-ýokdugam duýulmaýardy. Soň çep gol diýlen synasy ýok diýip düşündi. Agtygy ýuwaş-ýuwaşdan aşak gidip barýanyny bilip, atasynyň çem gelen ýerinden ýapyşjak bolýardy. Garry has aljyrap ugrady. Näme edip biler? Ýa agtygynyň elden gidip barşyna seredip galaýmaly bolarmyka? Dişsiz agzyny agtygynyň köýneginiň ýakasyndan saldy. Dişleri dökülen kentlewügi bilen ony tutdy. Agtygy aglap başlady. Onuň agramyna garry göwre ýuwaş-ýuwaşdan aşak egilýärdi. Kentlewügi ganap başlady. Muny agytynyň boýnunyň ganjaranyny görüp duýdy. Garry on iki süňňi bilen syzdy. Birsalymdan agtygyny elinden giderjekdigini syzdy. Aglap başlady. Agtyklarynyň agysyna goşuldy. Soňam ýetişibildiginden sojap agtygyny ysgamaga durdy, iň soňky pursatlara çenli näzijek ellerini we boýunjagazyny göreçlerine siňdirmäge çalyşdy. Çaga sypyp suwa gaçanda garrynyň ýüregindenem bir zat gopan ýaly boldy. Ýüreginiň töründen nagra çekip gygyrdy. Hatda sag egnindäki agtygy gorkar diýip pikirem etmän gygyrdy. - Hudaýym... Beýleki agtygynyň gorkusyna aglaýandygyny eşiden-de welin, patda sesini goýdy. Awap duran kentlewigini gyjap, sag goly bilen agtygyny öňküdenem beter özüne gysyp aýagynyň aşagyndan ok ýaly akyp, agtygyny alyp giden suwa seretdi. Mundan soň näçe wagt geçenini bilmedi. Tanyş motoryň sesi gelende we birnäçe adamyň ýakynlap gelýändigini duýanda özüne geldi. Tagan aga diri galan agtygyny özüne gysdy. Başyny sesleriň gelýän tarapyna öwürdi. Ýüzüne-gözüne urulan suwdan ýaňa gözleri aýyl-saýyl görmeýärdi. Emma, depäň üstünde gol bulaşyp, özüni gygyrýan garalary gördi. Tagan aganyň çep goly gurapdy, bir gury şaha dönüpdi. Ol şondan soň bu golunyň täzeden jana gelmegini islemedi. Oňa barmysyňam diýesi gelenokdy. Terjime eden: Ylýas Amangeldi. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||