09:35 Çepçi giýewiñ sagçy gaýynatasy | |
ÇEPÇI GIÝEWIÑ SAGÇY GAÝYNATASY
Publisistika
Geçen makalalarymyñ birinde soñky wagtlar türk edebiýaty arkaly ýakyn syýasy taryhymyzy öwrenýändigimi ýazypdym. Şu gün syýasy garaýşy "Sowuk uruş" döwründe kemala gelen Erdogan bilen Bahçeliniñ üstünde durup geçjek. Has dogrusy, şol ýaşdakylara ýiti täsirini ýetiren edebiýat dünýäsiniñ söbügine münmekçi! Mysal üçin, Osman Kawala babatda häkimiýetiñ şärikdeşleri nämüçin komplimasiýaçy zoñtar düşünjä - ýowuzlyga eýe? Geñ galdyrmagy mümkin, ýöne soraga Osman Kawalanyñ gaýynatasynyñ üstünden jogaplamaga synanyşjak: Megerem, Taryk Bugranyñ adyny Türkiýe 1984-nji ýylda TRT döwlet teleýaýlymynda berilen "Küçük aga" teleserialy arkaly eşitdi. Ýazyjy Bugra adybir romanynyñ senarisini-de özi ýazdy. Döwri ýatlatmaly bolýaryn: "12-nji sentýabr" döwlet agdarlyşygy we ýurda täze sokulan neoliberalizm ideologiýasynyñ "ylymly yslam" arkaly jemgyýete hekem kylynmak islenýän döwrüdi... Arasynda Taryk Bugranyñam bolan konserwatiwleriñ guran "Aýdynlar ojagy" (Intelligentler merkezi) guramasynyñ "Türk-yslam sintezi" düşünjesi "12-nji sentýabr" döwlet agdarlyşygynyñ dine bolan garaýşyna laýyk gelýärdi. Harby hunta Taryk Bugranyñ eseriniñ Milli Azat-edijilik göreşine pomeşikleriñ, baý-kulaklaryñ we işan-mollalaryñ ýaranlygynyñ emele getiren "Yslam bileleşigi" garaýşy bilen garamagynyñ TRT teleserialy bolmagyna zat diýmedi. "Zaty-Şahanäniñ halyf hezretleriniñ ýolundan ýöreýändiginiñ zol ýanjaýan baş gahryman Küçük aga "Kuwaýy-Milliýä" gyýa göz bilen garaýan obrazdy. Ol mejlisde Mustapa Kemala garşy gidýän ikinji topar bilenem ham-çam ýagdaýdady. Ýeñişden soñky döwür meselesinde-de şübhelidi. Bugranyñ ideologik-psohologik jeñi munuñ bilenem çäklenmeýärdi. * * * Taryk Bugranyñ "Sowuk uruş" döwrüne laýyk antikommunistik "Wah, arman, ýaşlygym" (“Gençliğim Eyvah”) romanynyñ üstünde durup geçmek gerek. ("Ýagyşa garaşyp [“Yağmur Beklerken”], "Dünýäniñ iñ hapa köçesi" [“Dünyanın En Pis Sokağı”] romanlarynyñ syýasy pozisiýasy-da birmeñzeş). Häziriñ käbir sagçy syýasatçylarynyñ nobran-gödek "dilleriniñ" yzyny şu eserden arkaýyn tapyp bilersiñiz. Romanyñ baş gahrymany "Ihtiýar" ("Garry") dowamly antikommunistik nutuklary atýar: "Sagçy garaýyş döwlet goragçysydyr. Eli ýaragly kommunist üstüñize gelse we sizem özüñizi gorasañyz, size faşist diýerler. Marks diýilýän ullakan eşekdir. Lenin diýilýän görlüp-eşdilmedik ganjyk demagogdyr". Uzatmaýyn, Bugranyñ syýasy bolşy-dili MRU-nyñ (CIA) sagçy syýasy garaýşyna kybapdy. Şuny ýazamda utanýaryn: Bugranyñ pikiriçe kimler rewolýusioner bolýardy: "Kemçinleşme ukyplaryna ýa-da höweslerine perde gözleýän aýal-gyzlar". Ýigrenji jümläni diñe ýeke gezekde ýeke söz bilenem agzap geçäýenok, telim gezek (beýleki romanlarynda-da) ýanjaýar: "Ah bir bilsediñ, dogry-dürs jelep bolmajak aýal-gyz galyndylaryndan men ne sahna, ne radio we teleýyldyzlary çykardandyryn. (…) Şol bir zat, ine: Ha bulary döretmek we öndürmek ýa-da progressiwler, rewolýusionerler, halkçylar, anti-imperialistler, sosialistler, kommunistler, marksistler, szedunçylar, troskiçiler, goşistler öndürip döretmek..." Durmuş hiç kimsäni çagasy bilen synamasyn: Bugranyñ gyzy we giýewi marksist boldy! * * * Taryk Bugranyñ ýeke-täk derdi çepçilere garşy göreşmekdi. Ol jemgyýetçilik "üýtgeşme" talabyny ýigrenýärdi. Hemmelere şübhe bilen seretdi, akla-huşa sygmajak hapa komplimasiýalary öñe sürdi. Ýazýanlary "slogan edebiýatyndan" añry geçip bilmedi: ähli erbetlikleriñ añyrsynda "birtopar syýasatçylar we olaryñ ýantazylygyny edýän birtopar ýazyjylar" bardy. Göreş gowy adamlar bilen çepçileriñ arasynda barýardy! Nämeleri samramady... Artykmaç mysalyñ geregi ýok... Taryk Bugra ýeke däldi: Bugranyñam çykyş edýän "Tercüman" gazeti ýaly neşirler bilen "Sowuk uruş" döwründe ýetişen "saýry mähelle" ýaşlarynyñ şu gün komplimasiýaçy aña eýe bolmalarynyñ yzyny şu ýerlerden gözläñ. Ýagny: Osman Kawalany tussag eden garaýşy döreden - MRU tezisleriniñ gödeñsi propogandasyny eden, komplimasiýalary ýazan gaýynatasy Taryk Bugralardyr "Aýdyñlar ojagy" boldy. Näme eken bolsalar, şonam orýarlar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |