21:08

Çepden gopup galanlar

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 219 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Türkiýäniň sagçy-çepçi problemalary meni o diýen derde goýanok welin, şu žurnalistiň kemalizme düşünişi beýlekileriňkiden kän tapawutlanýar öýdýän.

Öň bir makalasynda ol Kemal Atatürkiň partiýasy bolan RHP-niň häzirki gelen nokatyny XVIII asyr fransuz rewolýusiýasy döwründäki termidor reaksiýasyna hem-de Troskiniň kitabyna salgylanyp, 1917 rus rewolýusiýasynyň Stalin tarapyndan togtadylmagyna meňzedýärdi.

Okuwçy döwrümde Rebospýeriň iň guwanýan gahrymanym bolandygyna garamazdan aýdaýyn: onuň hökümeti gyrgynçylyk hökümetidi we termidorianlaryň ony aradan aýyrmagy rewolýusiýany togtatmady. Napoleondan we imperiýalardan soň gelen fransuz respublikalarynyň hiç birisi hem rebospýerçileriň syýasatyny ýöretmediler we termidorianlardan beter radikal çepçi bolmadylar. Emma RHP-niň düýbüni tutujy K.Atatürkiň aňrybaş maksady fransuz respublikalary tipli döwlet gurmakdy, bu onuň üçin uly rewolýusiýady, onuň maksady K.Marksyň temasyny ödemek däldi.

Troskiniň kitabyna salgylanyp, Staliniň reaksion agdarylyşygy barada gürrüň etmegi bolsa, Ýalçynyň ýa Troskiniň özüni tanamaýandygyny, ýa-da tanasada-da ony goldaýandygyny görkezýär. Troskiý permanent (yzy üzülmän dünýä ýaýradylmaly) rewolýusiýanyň tarapdarydy we atha-atlygy ilkinji başlan adamdy.

Eger Kemal Atatürki Rebospýer we Troskiý bilen deňäp ýören bolsa, bu awtoryň ony öz arşyny bilen ölçäp ýörendigini aňladýar. Atatürkiň olaryňky ýaly radikal çepçi garaýyşlary bolmandy, bolubilse öňki teokratik osmanly jemgyýetini şol wagtky Fransiýanyňky ýaly dünýewi ýewropa döwletine öwürmekdi.

Onuň kommunist bolşewikler bilen dostlugy bolsa situatiw ýaranlykdy, öz döwletinde kommunistlere rugsat bermedi we sowetleriňkä meňzeş özgerişleri geçirtmedi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]