18:29 Çingiz han -10: romanyň dowamy | |
Dördünji bap
Taryhy proza
TIKILEN KÖLEGE Öňüňden çykany hoş söz bilen şatlandyr, belki, oňa gaýdyp duşmarsyň. (Gündogar nakyly) Tugan märekäniň arasyndan çykyp, iki ýany tutuş haýat bolup gidýän bir çola köçä düşdi. Bu köçe ony derýanyň kenaryna eltdi. Bulanyk garamtyl suw iki sany belent raýyşyň arasy bilen ýuwaşja akýardy. Üstüne gülebentler, çöp-çalam, bede ýüklenen hem-de üsti bir bölek dowarly uzynak, tagaşyksyz gaýyklar çalajadan süýşüp barýardy. «Şunuň ýaly gaýyga münip, uzaga, ýat illere gitsemdim.„ Emma meni ol ýere kim goýberer, üstüm-başym kir, endam-janym ýara, egnimde bolsa bir çüýrük köýnek!» Kenaryň ýakynynda çägelik bir ýer saralyp görünýärdi. Tugan şol ýerde ýerleşdi, geýmini suwa çaldy, ýuwundy we güneşläp, dynç alyp oturan ýerinden öz pikirlerine gark boldy. «Ölüm jezasy berlen, zyndandan çykarylan adam nirä gitsin? Kim işe alar? Şäher dar, jemende bolsa köp, her kim bir döwüm nan gazanmak isleýär... – Tugan aýagyna seretdi, görse aýagyndan agyr demir halka heniz hem sallanyp dur, ol halkada bolsa «ölýänçä ömürlik» diýen ýazgy bar.– Meniň garry Ýusup Mürzäm zyndandan çykan bendi bilen gepleşmek-de islemez; diňe Bent Zankyjanyň rehimi gelmegi mümkin. Emma endamym başdan doly, şu bolşuma oňa neneň görneýin?.. Her näme bolsa-da, özümiň öňki Kary Maksymymyň ýanyna barmaly bolaryň. Bu demir halkany aýyrmaga ol rugsat berer». Tugan bir uzyn köçe bilen ugrady. Köçäniň iki ýan tarapynda dükanlar bardy. Dükanlarda haly ýazylan sekileriň üstünde satygçylar otyrdylar. Harytlar açyk gapylaryň ýüzünden asylgydy, diwarlaryň ýüzündäki kapasalarda ýatyrdy. Ýokarsyna boýra tutulan köçe garaňkyrakdy. Ýiti günüň gyşyk zolak bolup düşýän şöhleleri astynda kä gyrmyzy hem gök ýüpek bilen nagyşlanan bir jübt sary ädik, kä ýüzüne kümüş bilen aýat sözleri ýazylan tegelek demir galkan, käte ala matalar ýalpyllap görünýärdi. Söwdagärler bu matalary etegine möjek derisi tikilen şypyrmaly çarwalara ýa-da al-ýaşyl geýimli aýallara açyp görkezýärdiler. Kary Maksymyň demir ussahanasy Demirçiler bazarynyň iň çetindedi. Dumly-duşdan çekiç dürküllisi, demir tagtalarynyň şarňyllysy gelýärdi. Bu ýerde demirçi ussalar ýarag: egri şemşir, pyçak, naýza ujy ýasaýardylar. Gullar – parslar we ruslar – giň balakly, köýneksiz işleýärdiler, döşlerinden bolsa oda köýüp giden gaýyş öňlükler asylgydy. Olar sandalyň üstüne egilip, mis legenleriň ýüzüne çekiçjikler bilen gözel haşamjyklar kakýardylar. Beýlekileri gyryk ses bilen hähiläp, çym-gyzyl demir zolagyny agyr ýekedaban bilen süýýärdiler. Ýüzlerine-gözlerine gurum çyrşalan oglanlar körükleriň ýanynda durup, olara ýel berýärdiler we agaç bedreleri alyp, suw getirmäge ýaba ylgaýardylar. Ussahananyň eýesi Kary Maksym ýogyn, boldumly adamdy, çal sakgalynyň ujy hynalangydy, ol işçilere käýinjiräp, daş işikdäki sekijigiň üstünde oturyp, ötegçileriň salamyia jogap berýärdi. Onuň beýle ýanynda iki sany gul bir çogdam demir simi kiçeňräk çekiçler bilen birsyhly urup durdy: olaryň biri jahyldy, maňlaýyna bolsa gaçjak bolany üçin tagma basypdyrlar, beýlekisi garrydy, tüssä garalan ýüzi perwaýsyzdy. Olar örän gymmatly iş edýärdiler: tygy oda tutman, sowuk usul bilen jöwherleýärdiler. Hojaýyn: – Sen näme bu ýere geldiň? Ýeňsäňi görkez! – diýip, Tugana dazaryldy.– Zyndanda bolan ýazyklyny öz ussahanama alar öýtdüňmi? – Maňa çekiji almaga rugsat beriň, meniň özüm demir halkany döwüp açaýyn. – Jenaýatkär eliň bilen meniň çekiçlerimi hapalajakmy? Git bu ýerden, ýogsa-da ynha gyzgyn ataşgiri teniňe basýaryn! Tugan nähak kowulmagyna gahar edip, yza çekildi. ýüzi nirä bolsa şoňa gidibermäge uwundy. Ol diwaryň ýanynda oturan derwüşe aljyraňňylyk bilen nazar saldy. Bassyrmanyň boýralarynyň arasyndan geçýän gün şöhleleri onuň dürli reňkli esgilerden tikilen ala-mula ýapynjasyna yşyk salýardy. Derwüş çalarak ses bilen aýat okap oturan ýerinden, solak gök, sary we ýaşyl ýamalyklaryň ýokarsyndan bir gyzyl ýamalygy temen bilen tikip otyrdy. Tugan gaharyna nätjegini bilmän yranyp durdy. Onuň gara kölegesi derwüşiň dyzyna düşüp, iki ýanlaýyn gymyllady. – Görýäňmi, oglanjyk – diýip, derwüş söze başlady.– Men ýapynjama täze ýama ýamadym, ýamanyň üstüne bolsa seniň kölegäň düşýärdi. Mei ýamalyk bilen bilelikde seniň kölegäňi-de tikdim. Indi sen menden aýrylyp bilmersiň we meniň kölegäm ýaly bolup, yzyma düşer ýörersiň. Oglan dessine ol derwüşiň ýanyna baryp oturdy. – Çynyňmy ýa oýun edýäňmi? Men saňa hyzmat edeýin, näme ýumuş buýursaň edeýin, meni ýanyňdan kowmasaň bolýar! Derwüş kellesini ýaýkady. – Bu gedem hojaýnyň seni kowşuny eşitdim. Nämä gamgyn bolýarsyň? Näme dünýä darmy? Meniň hemram bolaý! Bu ýerden bileje «keremli Buhara» ugrarys. Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme diýipdirler. Indi sen derwüşiň ýapynjasyna tikildiň we seniň täze sergezdanlyk çagyň başlandy. Ýöör, bile gideli, meniň körpe doganym! Derwüş hasasyny tyrkylladyp, öňe düşüp ugrady, ysgyndan gaçan Tugan hem agsaklap, onuň yzyna düşdi. Demir ussahanalarynyň birnäçesiniň duşundan geçip, derwüş köçäniň künjüne baryp, aýak çekdi. Ol ýerde bir meýdançada, tüssä garalan bir ykmanda demirçi el körüginiň daşynda gaýmalaklap ýördi. Ol daşyna ham çekilen gaty süňke meňzeýärdi. Emma onuň çepiksi elleri çekiji we atagzyny endik bilen işledýärdi we ol demirçi ussanyň ýasaýan garaja ownuk çüýleri içi suwly okara birsyhly yzly-yzyna gaçyp durýardy. – Eý, hormatly ussa! Oglana ýara salman, şu demir halkany aýryp bilermiň? Ussa egilip, demir halka seretdi-de: – Iki mis dirhem berseň, ony başararyn – diýdi. – Patyşa öz türmelerindäki gandallara gowy, mäkäm demir halkalary goýýar. Sen ýene bir kümüş dnrhem berseň, men saňa mundan baryp ýatan bir pyçak ýasap bererin. Derwüş guşagynyň aňyrsyndan gapjygyny çykaryp, goja ussa kümüş zikge görkezdi. – Bar, seniň diýeniň bolsun... ýöne welin halkanyň ýüzünde «ölinçä ömürlik» diýlip ýazylan haty görýäňmi? Sen bir pyçak ýasa, şol ýazgy hem pyçagyň ýüzünde galsyn. – Asyl diýeniňden-de gowusyny ýasap bererin – diýip, Tuganyň böwrüne dürtdi-de: – Goý aýagyňy sandalyň üstüne! – diýdi. Soňra pyşyrdap: – Patyşanyň we jellatlaryň garşysyna «ölinçäň ömürlik» göreş!.. – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |