17:03 Çingiz han -11: romanyň dowamy | |
Bäşinji bap
Taryhy proza
JOMARTLYK Derwüş Hajy Rahym hasasyny tyrkylladyp, Gürgenjiň ägirt uly merkezi bazarynyň darajyk köçelerinden geçip barýardy. Bu ýerde arassalanan, ot ýaly lowurdap duran, ussatlyk bilen haşamlanan mis gap-gaç, legen, mejme we küýze hatarlary bardy. Şem üçin haşamlanan mis panuslar we laýdan ýasalyp, bişirilen okaralar, käseler we beýleki gap-gaç hatarlary bardy. Gözel ak we gök çyn käseleri hem-de zarňyllap duran, çüýşeden ýasalan yrak mejmeleri aýratyn hem owadandy. Aýratyn hatarlaryň şypaly hem-de hoşboý ysly, seýrek duşýan balzamlary bark urýardy. Şol ýerin özünde gymmat bahaly dermanlar, adamyň teni, kentlewügi hem-de içi üçin derman bolýan her dürli şor otlardan ýasalan «gasul» külkesi satylýardy. Hammamda ýuwunmak üçin ýakymly ys berlen gymmatly laý, adamyň endamynyň gylyny bada-bat aýyrýan palçyk, saçyň düşmezligi üçin saça çalynýan gök toýun, tibet muskusy, hindi ambrasy, garamtyl beň düwri ýaly zatlary bu ýerden tapmak bolýardy. Hajy Rahym bazaryň içinde şagalaň edip, eýläk-beýläk agyp-dönüp ýören märekäniň arasy bilen geçip barýarka, sadaka berilmegine garaşýan ýaly bolup, dükanlaryň agzynda aýak çekýärdi, emma özi welin birini gözläp, her bir satygçynyň ýüzüne sine-sine seredýärdi. Her dürli mata-mawutly dükanlar hataryna baranda, ol ýerde aýbogdaşyny gurup oturan salykatly täjirler oňa mis teňňe taşlap: – Geçiber, alla ýaryň bolsun! – diýdiler. «Simçuž» diýilýän kümüşsöw matalara ýa-da edenli hem tanymal beglere sowgat edilýän gymmatbaha altynsow ýüpek parçalara derwüşiň gara eli deger öýdüp olar gorkýardylar. Şu hatarda Hajy Rahym özüniň gözleýän adamyna meňzeş bir adam gördi. Ol adam töweregine ýüpek ýassyk baryny aýlap, beýleki täjirleriň arasynda otyrdy. Onuň hor, Samarkant kagyzy ýaly ap-ak ýüzi, içine giden gara gözleri onuň ýaňy keselden gutulanyny aýdyp durýardy. Onuň ýanynda oturan täjirler oňa aýratyn hormat bilen garaýardylar we biri-birine gezek bermän, oňa badam maňzyny, bal bilen bişirilen kökejikleri, hoz hem pisse maňzyny hödürleýärdiler. Ol täjiriň egninde gymmat bahaly çal ýüň geýim we ala ýüpek selle bardy. Ol daşy gök çyn käsesi bilen çaý içip otyrdy. Onuň başam barmagyndaky ýüzüginiň saglyk-salamatlyk getirýän ep-esli pöwrize daşyndan ýasalan gaşy lowurdap, gök salýardy. Derwüş gelip, dükanyň agzynda aýak çekdi. Täjirler onuň keşkulyna1 birnäçe teňňe taşladylar, emma derwüş öňküsi ýaly sessiz-üýnsüz somalyp durdy. Täjirler: – Geçiber, alla kömek etsin! Saňa berildi – diýdiler. Ahyrsoňy näsag täjir başyny galdyryp, oňa seretdi. Ol geňirgenip; gözlerini mölertdi-de: – Sen menden näme hantama? – diýip sorady. Hajy Rahym: – Sen güýçli adammyşyň, dünýäniň hemme ýerine kerwenli baryp, öz ömrüňde köp zat görenmişiň diýip eşitdim. Sen meniň bir sowalyma jogap berip bilmezmiň? – diýdi. – Eger sen meniň keramatly kitaplary düşündirmegimi isleýän bolsaň, onda menden köp bilýän adamlar, okumyş ulamalar, keramatly ymamlar bar. Men bolsam bir täjir, diňe hasaplamagy we mawut ölçemegi oňarýaryn. Täjirler: – Besdir, keramatly derwüş! Alla kömek bersin! Biz öz baýlygymyzdan ýetdigini berdik – diýip gygyryşdylar we onuň keşkulyna badam hem hoz maňyzlaryndan taşladylar. __________ 1 Keşkul – hoz agajyndan ýasalýan, gaýykjagaz şekilli, sadaka taşlanýan gap. – Ýok, men seniň jogabyňa garaşýaryn, sebäbi meniň sowalym sana degişli bolar, hormatly täjir. – Aýt! – Eger-de seniň horlugy, agyr ýoly, açlygy, yssyny-suwsuzlygy, syrgyny-sowgy... Seniň özüň bilen bile çeken wepaly, yhlasly dostuň bolsa, sen onuň gadyryny bilermidiň? Täjir: – Neneň onuň gadyryny bilmersiň? Yzyny aýt – diýdi. Şol wagt derwüş olaryň hemmesine ýüzlenip: – Daşyňyz-içiňiz ýagty bolsun, ertiriňiz şatlykly, iýeniňiz-içeniňiz lezzetli bolsun! – diýip, söze başlady:–Hem baý, hem güler ýüzli, hemme zady ýerbe-ýer, bagtly, öýi-işigi abadan hem gülläp oturan bagy-bakjasy, hemişe toý-tomaşasy bolan adama siz bir göz aýlaň. Emma gazaply takdyryň, başa düşýän belalaryň we göripligiň içigaralyk uçgunlarynyň belasyny öz üstümden sowup bilmedim. Şol sebäpli tä elimde nowa galmaýança, öýüm çaňap galýança, bagym guraýança we toý-tomaşama gelýän dostlarym pytraýança gara bagtsyzlyk gamçysy meniň gerşimden düşmedi. Şeýdip hemmesi üýtgedi. Meniň iýenim awy, içenim zäher boldy, açlykdan içim çekilip gitdi, gany gaçan ýüze nur berýän uky menden daşlaşdy. Emma dostlarymyö biri meniň ýanymda galypdy. Sergezdanlyk wagtlarynda, mekanym jülgeler, düşegim daş, aýagymyň basýan ýeri demirtiken bolan wagtda ol menden ýüz döndermedi. Meniň ol dostum meniň bilen bilelikde şöhratly Bagdat şäherine, musulmanlaryň zyýarat ýeri bolan Mekgä bardy. Ol maňa hemişe kömek berdi, horjunymy göterdi we sowuk gijelerine meni ýylyndyryp geldi. Emma bagt güni haýallyk etdi, geler ýerinde gelmedi. Horezmiň baý düzlüklerine ýetenimde, ýok ýerden bir bela başymyzdan inip, meni dostumdan aýra saldy, indi bolsa, gedaýlygyň hemişelik gardaşy bolup, gijämi geçirer ýaly mekansyz galdym. – Näme üçin seni dostuňdan aýra saldylar? Eger ol pygamberiň watanyna zyýarat edip gelen bolsa, onda ol hajylyk sellesini geýip biler ahyryn. Kim beýle seniň we dostuň göwnüne degip bildi? – diýip, näsag täjir sorady. – Aýra düşmegimize bir täjir sebäp boldy. – Onda maňa şol täjir hakynda gürrüö ber. – Bagtsyzlykda özümden öňe geçen adam bolmadyk hem bolsa, men ýolda has hem bagtsyz bir täjire duşdum. Ony garakçylar ýaralap, ýeke taşlap gidipdirler. Men ona elimden gelen kömegi etdim, onuň ýaralaryny daňdym, men ony Gürgenje getirjekdim... her niçik bolsa-da men onuň altyn laçynyny aman sakladym... Üns bilen diňläp oturan täjir tisginip gitdi we derwüşiň sözüni agzyndan alyp: – Duruber! – diýdi. – Ol täjire näme bolanyny biziň hemmämiz bilýäris. Ol täjir ynha seniň garşyňda otyr. Men saňa taňry ýalkasyn aýtmak üçin, seni köpden bäri gözläp tapmakçydym. Emma seniň dostuň kim? Belki, men ony görgi zyndanyndan çykaryp bilerin? – Diňe seniň bir özüň ony meniň ýanyma gaýtaryp getirip bilersiň. Ol ak selle saranyp we hajy adyny alyp bilmeýär, sebäbi onuň, edil şeýtanyňky ýaly, gurugy sallanyp dur. Ol meniň eşegim, Ulusyň seni bejermäge alyp galan açgöz hökümdary meniň eşegimi zlimden aldy. Eger sen maňa başga bir eşek almaga kömek beräýseň, meniň gökdäki dilegimiö ýerde gowuşdygy bolar. – Sen eşegiňi alarsyň. Men ony häkimden satyn alypdym, ol häzir şu howluda. Eşidýäňmi, hanha aňňyryp, saňa salam berýär. Emma bu-da hemmesi däl. Indi sen şu dükandan islän zadyňy: iň gowy geýimlerden, mişi ädiklerden, matalardan isläniňi, gerek zatlaryň hemmesini alyp bilersiň. – Men bir derwüş! Meniň gataňsy ýüň ýapynjam bar, şu maňa besdir. Ýöne men özümiň bütinleý ýalaňaç kölegämi geýindirmegiň üçin seniň jomart etegiňden tutýaryn. Kölegäm hemme ýerde meniň yzyma düşüp ýör, emma özüniň hor düşen tenini basyrmaga zady ýok. Täjirler gülüşip: – Sen gaty wäşi adam ekeniň, hakyň derwüşi! Seniň kölegäňi nädip geýindirip bolar? – diýdiler. Derwüş: – Ynha ol siziň alnyňyzda dur! – diýip, diwara söýenip duran ýarym ýalaňaç Tugany görkezdi. Näsag täjir elini çarpdy. Şol bada häzir bolan hyzmatça: – Hasan, şu oglany taýyn geýim satylýan dükana elt-de uzak ýola gidýän ýolagçyny nähili geýindirmeli bolsa, şuny-da şonuň ýala geýindir – diýdi. – Oňa hemme zat bereýinmi? – Ony-boýdan-başa geýindirersiň we köýnek-balak, don, jorap, ädik, guşak, tahýa berersiň. Hormatly jahankeşde, seniň özüň bolsa şu gün agşam meniňkä gel. Meniň öýümi nähili tapmalydygyny Hasan aýdar. Hyzmatçy ol derwüşi we utanyp duran Tugany her dürli erkek, aýal we çaga geýimleri asylyp duran dükana eltdi. Hyzmatçy Hasan iň gowy geýimleri hödürlese-de derwüş diňe ýolda mäkäm hem çemeli geýimleri Tugana saýlap berdi. Tugan Gürgenç adamlarynyň ogullary ýaly geýinip, başyna ýaşyl selle orap, dükandan çykanda, Hasan hyzmatçy ol derwüşe bir gaýyş gapjyk berip, şeýle diýdi: – Meniň hojaýnym hormatly Mahmyt Ýalwaç seniň ýolda horlanmazlygyň üçin şu bäş altyn dinary hem saňa bermegi buýurdy. Mundan başga-da, hojaýnyň howlusynda seniň eşegiň seniň üçin gaňňalanyp goýuldy. Sen ony halan wagtyň äkidip bilersiň. Sen meniň hojaýnyma uly hyzmat eden bolmaga çemeliň, ýogsam onuň beýle jomartlygy kän bolýan zat däldir. Hajy Rahym agşam Mahmyt Ýalwaç täjiriňkä bardy. Barsa Mahmyt Ýalwaç täjir uly bir bagyň içinde gurlan owadan telärjikde garaşyp oturan ekeni. Adam başyna birki käse altyn reňk çaý içenlerinden we hyzmatçy gidenden soň, täjir pyşyrdap: – Sen häli haýsy altyn laçyn hakynda gürrüň etdiň? – diýip sorady. Derwüş öz guşagynyň gatlarynyň arasyndan haşamlanyp laçyn suraty çekilen bir ýasy tyllany çykaryp, ony Mahmyt Ýalwaja uzatdy. Täjir ony garbap aldy-da goltugyna saldy. Täjir derwüşe: – Meniň şu sözlerimi ýadyňda sakla – diýip tabşyrdy.– Başyňa her hili iş düşse-de, ahyr zaman gopaýjak bolsa-da, meniň bar ýerimi bilseň, meniňkä arkaýyn geläýgin. Men sana hemişe kömek bererin. Sen Gürgençde näme iş etmekçi? – Men ertir bu ýerden Buhara gidýärin. Men bu ýerde galmaga gorkýaryn, bu ýerde depäňde hemişe hanjar gezelip dur, üstünden inen adamynyň ýazyklydygyny-däldigini ol hanjar seljermeýär. Ýok, iň gowusy jahankeşdelik hasasy we uzak ýol. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |