17:06 Çingiz han -12: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
TÜRKAN HATYNYŇ PIRIMI Türkan Hatyn ýaly akylly aýalyň baştutanlygy astynda harby (gypjak) aristokratiýasynyň täsiri tiz wagtdan tagtyň abraýyny gowşatdy. Gypjaklar özleriniň alan ýerlerini, hatda azat edijiler hökmünde baranlarynda-da, garawsyz talap bilýärdiler we özleriniň hökümdarynyň adyny ilata ýigrenji görkezip bilýärdiler. (Akademik W.Bartold) Arkа derwezesi iki ýanlaýyn açyldy we mes tohum atly ak silkme telpekli, gyrmyzy donly ňe altyn çaýylan egri gylyçly ýigitler goşa-goşadan çykyp ugradylar. Horezmiň boldumly we haýbatly şasy Muhammet ýaldyrdap duran zerli ak ýüpek börüklidi: bol altyn bezegli göwüslek dor atyň üstünde sortdurylyp otyrdy. Şanyň gyzgylt ýüpek dony, gymmat bahaly göwherler bilen bezelen guşagy we şemşiri günüň yşygyna lowurdaýardy. Horezm häkiminiň yz ýany bilen iki sany atly ýigit gelýärdi. Kümüş göwüsbentli gara türkmen atynyň üstünde garaýagyz goç ýigit otyrdy. Bu ýigit şanyň türkmen aýalyndan bolan mirasçy ogly Jelaleddindi. Onuň ýany bilen örülen uzyn gara ýally ala ýorganyň üstünde parça donluja bir oglan, şanyň gypjak aýalyndan bolan iň körpe we iň gowy görýän ogly barýardy. Olardan yzda Horezmiň tanymal adamlary al-ýaşyl içirgili atlaryň üstünde gaýşaryşýardylar. Şanyň daşyny goraýan müňlük goşuny ikä bölündi. Bir bölegi bazaryň esasy köçesi bilen öňden gidip, olara aňkarylyşyp üýşüşip duran jemendäni gamçylap kowýardy. Şanyň atlylarynyň beýleki bölegi bu dabaraly ýörişiň in yzy bolup barýardy. Duş gelýän adamlaryň hemmesi dyzlaryna çöküp, maňlaýlaryny ýere goýýardylar. Yslamyň iň beýik ýurdunyň hökümdaryna ýakyndan seretmäge olaryň ygtyýary ýokdy. Täjirler surnaýlaryň howany endiredýän arryllysyny we tabyllaryň gümmürdisini eşidip, dükanlaryndan alňasaklyk bilen haly çykaryp, şanyň geçjek ýolunda gös-göni hapanyň üstüne ýazýardylar. Muhammet şa özüniň taryplanmagyna we yhlaslylyk gykylyklaryna endik edipdi. Onuň arkaýyn nazary onuň dor atynyň toýnaklaryna ýykylan ala ýagyrnylarda gezýärdi. Onuň çişen ýüzünden hiç bir zat aňmak mümkin däldi. Onuň sellesiniň ap-aklygy onuň uly gara sakgalyny aýratyn açyk görkezýärdi. Şanyň enesi Türkan Hatynyň köşgüne girilýän derwezäniň daş agzynda ýoluň iki ýanynda, peýkam geçirmeýän meşhur sowutly, şelpeleri seňriklerine düşüp duran demir telpekli, elleri uzyn hem çeýe naýzaly saýlama gypjak nökerleri durdular. – Muhammet şanyň ömri uzak, döwleti berkarar bolsun! – diýip, nökerler gygyrdylar, olaryň yzyndan märeke alyp göterdi. Kiçijik köçelerden adamlar ylgan çykýardylar, dyrmaşyp, tamlaryň, haýatlaryň üstüne çykýardylar. Gypjak nökerleriniň hemişekiden has köpdügi, onuň daşyny goraýan nökerlerden telim esse köpdügi Muhammediň göwnüne güman getirdi. Olary näme üçin ýygnadylarka? Bu ýerde bir hile bar bolaýmasyn? Ahmal edäýmänkäler yza dolanylaýsa nähili bolarka? Aý, ýok-la, müňkürlik nämä gerek? Heý-de mähriban ene öz ogluna duzak gurup bilermi? Ol atasy Tekeş şa ölenden soň, enesine özi bilen deň häkimlik bermedimi näme? Enesiniň Kaňly urugyndan bolan gypjak nökerleri Muhammet şanyň ähli ýörişlerine gatnaşmadylarmy we özleriniň mesgenine öz ata-babalarynyň kellesine gelmedik möçberde bol olja alyp gaýtmaýardylarmy näme? Sür öňe! Derwezäniň agzyna baryp kürtdüren atyna Muhammet bir gamçy çaldy welin, aty iki bökende howlynyň içine girdi. Toý geýimli gypjak ýaşululary gelip, onuň atynyň jylawlaryndan tutdular. Horezm şa ozaldan ýazylyp goýlan mahmal ýola atyp üstünden böküp düşdi. Ýaşy bir çaka baran bolsa-da ol göwresini göni tutýardy we güýçlüdi; haşamly-haşamly inçejik direkli eýwanyň basgançaklaryna çykdy, aşak egilen ýagyrnylaryň duşundan geçip, köşgüň salkyn, çola otaglaryna bardy. Onuň öňünde burny altyn syrgaly negr peýda boldy. – Aýal şalaryň şasy seni garşylaýar. Essalamyaleýkum, beýik şa! – diýip, negr perdäni açdy-da güýçli ses bilen: – Jahanyň penasy! Dini yslamyň arkadaýanjy! Yslamyň hanjary! – diýip gygyrdy. Şa birnäçe ädim öňe ätdi. Ýylmalan agaç diwarly we gözenekli äpişgeli otagyň alagaraňkylygynda altyn parçaly bir kiçijik adam ýalpyllap otyrdy. Onuň iki tarapynda ýigrimi sany iň tanymal gypjak hany çöklerine düşüp, ýarym aýlaw bolup, sarsman otyrdy. Muhammet ellerini döşünde gowşuryp, baş egdi, çala ädip, enesiniň ýanyna bardy-da pyşyrdap: – Essalamyaleýkum, Türkan Hatyn, ýagşylyk nury, adalatlylyk göreldesi! – diýdi. Parça ýygyrtlary gymyldady. Tawus ýeleklerinden jygaly tegelek selle ýere degip-degmän, ýene ýokary galdy. – Seniň görgüli dul eneň seni, jahanyň iň beýik hökümdaryny gutlaýar. Gelip ýanymda oturmagyň bilen maňa hormat et, meni şatlandyr. Muhammet gönelip, ýüzüni ýokary galdyranda, akly-gyzylly reňkler bilen bol boýalan kiçijik ýüze, kiçijik gyzyl közjagazlar ýyldyrap duran gara ýiti gözlere gözi düşdi. Türkan Hatyn mejmä meňzeş sekiz gyraňly altyn tagt üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy. Muhammet ýurduň hökümdary bolup, ejesiniň ýanynda tagtyň üstünde oturmalydy, emma tagtyň üstünde orun ýokdy. Onuň parça köýnegi tagty bütinleý tutup durdy, şoňa görä şa onuň ýanynda halynyň üstünde oturdy. Türkan Hatynyň garaşýany-da şoldy, ol özünden şanyň pesde oturýandygyny öz gypjaklaryna görkezmek isleýärdi. Muhammet eliniň aýalaryny ýokary galdyryp, aýat okady-da barmaklarynyň ujuny sakgalyna ýetirdi. Oturanlar-da pyşyrdap, onuň bilen bilelikde omyn etdiler. Türkan Hatyn kellesini titredip, içgin, mylaýym ses bilen geplemäge başlady, onuň egnindäki ýüpek mata çugdamy birsyhly gymyllaýardy, börügindäki jygalar endiräp durdy. – Meniň söýgüli beýik oglum, men seni möhüm işleri seniň bilen ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdym. Ol işler biziň şöhratlanan Horezm şalar urugymyzyň bagtlylygyna hem abadanlygyna we saňa yhlasly gypjak hanlaryňyň takdyryna degişlidir. Tagtymyzy, häkimiýetimizi we dost-ýarlarymyzy goramak gerek! Otagyň içi ümsümlikdi. Dine gözenekli äpişgeleriň daşyndan: «Horezm şanyň ömri uzak bolsun!» diýen sesler aşyrym-aşyrym bolup gelýärdi. – Men seni diňleýärin, parasatly enem! – Sen uzak ýurtlara täze ýörişlere gitmäge taýynlanýarmyşyň diýen habarlar meniň çatmama gelip ýetdi. Sen ýene-de söweş meýdanlarynda bedew atyňy alakjadarsyň. Emma «Takdyr kitabynda» ol biribaryň ýazyp goýanyny kim wagtyndan öň okap biler? Eger-de sen hak din ugrunda söweş meýdanynda şehit bolaýsaň we ýyldyrym ýaly bolup, behişt baglaryna göni gidäýseň, bu ýerde seniň güýçli eliň bolmasa, tertipsizligiň bolmagy mümkindir, olardan allanyň özi saklasyn! Biziň ulumsy agtygymyz Jelaleddiniň türkmenler bilen pyşyrdaşyp, biz gypjaklary çapyşdyrmaga taýynlanýanlygyna görä, Horezm ýurduny dolandyrmaga Jelaleddiniň deregine ýeriň giňinde başga biri belleniläýse näderkä diýen mesele üstünde oýlanyşyp görmek gerek. Gypjak hanlary: – Parasatly sözler! Almaz kimin gymmatly sözler! – diýişdiler. Patyşa aýal sözüni dowam etdirdi: – Şoňa görä, bize janypkeş gypjak halkynyň şu iň tanymal hanlary bilen maslahatlaşyp, men, eziz oglum, ähli gypjaklaryň saňa arzyny aýtmagy ýüregime düwdüm: özüňden soň ýurdy soramaga öz körpe ogluňy, söýgüli gypjak hanymyndan bolan Kutbaddin Ozlag şany belle, Jelaleddini bolsa iň uzakdaky ýerleriňi soramaga iber, ol saňa we biziň hemmämize hemişe wehim salyp durýar! Muhammet şanyň näme aýdaryna garaşyp, bu ýerdäkileriň hemmesi dymdy. Ol ýüpekjimek sakgalynyň buýrasyny titremäge başlan barmagyna çolap, pikirlenip, sesini çykarman otyrdy. – Eger-de sen şu sözi kabul etmeseň, onda gypjaklaryň hemmesi dessine Horezmden çykyp, öz sähralaryna ugrarlar, onsoň menem diwana bolup, şolar bilen bile çöle çykaryn... Muhammediň henizem ikirjiňlenýänini görüp, Türkan Hatyn ýüzüni sowdy. Onuň arkasynda, onuň mülklerine serenjam berýän, özüniň owadanlygy üçin Türkan Hatyn tarapyndan ýokary çekilen, ozalky gulam (hyzmatçylaryň baştutany) Muhammet ben-Salyh durdy. Ol Türkan Hatynyň kiçijik eliniň hereketine düşünip, otagdan çykyp gitdi we ýüpek donjagaz geýdirilen ýedi ýaşly oglanyň elinden tutup, şol bada öwrülip geldi. Türkan Hatyn hemleli, çasly ses bilen: – Ine tagtyň geljekdäki täze eýesi. Muny tagtyň daýanjy diýip hasaplamaga Horezm şanyň razydygyny gypjak hanlaryňa, beglerine, nökerlerine we ýönekeý halka yglan edýärin – diýip gygyrdy. Hanlaryň hemmesi ýerlerinden çalasynlyk bilen turdular, oglany tutup, birnäçe gezek ýokary göterdiler. – Ömrüň uzak, döwletiň berkarar bolsun, biziň ganybir gadyrly soltanymyz! Muhammet ýerinden turdy, ogluny eline alyp, enesi Türkan Hatynyň ýanynda oturdy. – Gulak asyň, begler – diýip, Muhammet söze başlady: – Görüp durşuňyz ýaly, men siziň islegiňizi ýerine ýetirdim. Indi siz meniň islegimi ber jaý ediň. Meniň köne duşmanym Nasyr, Bagdat halypasy, ýene maňa garşy bulagaýlyk döretmäge we maňa golasty halklaryň arasynda maňa garşy topalaň turuzmaga başlady. Tä betpäl Nasyr tagtdan düşürilýänçä Horezmde asudalyk bolmaz. Şol tagtdan düşürilen wagtda, biz tarapdan bellenilen we bize yhlasly, dine hyzmat edýän adam halypa bolar. Şona görä, halypanyň goşunlaryny derbi-dagyn edýänçäm we naýzamyň ujuny Bagdadyň mukaddes topragyna çümdürýänçem aýak çekmerin. Gypjaklaryň çal çokga sakgal, köreçil bir ýaşulusy şeýle diýdi: – Seniň güýçli eliň niräni görkezse, biziň hemmämiz bir adam ýaly bolup, şol tarapa atlarymyzy gönükdireris. Emma biz öňi bilen öz ilimizi köşeşdirmelidiris, gözi gorkan kowumlarymyza kömek bermelidiris. Gypjak sährasyndan çaparlar geldi. Biziň ilimize gündogardan nämälim bir adamlar, mukaddes yslam dinini eşitmedik wagşy ataşparazlar çozupdyrlar. Olar sürüleri, düýeleri we arabalary bilen gelipdirler. Olar biziň ýaýlalarymyzy alypdyrlar, biziň çarwalarymyzy oturan ýerlerinden kowýarlarmyş. Sähramyza tizräk barmak gerek, olary ýok etmeli, sürülerini ellerinden almaly, aýal-çagalaryny bolsa, biziň nökerlerimize gul edip paýlamaly. – Baş bol-da goşuny sähralarymyza çek! – diýip, hanlar gygyryşdylar. Eli galamly bir mürze Horezm şanyň ýanyna gelip, çeküne düşdi we ýüzüne hat ýazylan bir tagta kagyzy oňa uzatdy. – Bu näme? – diýip, Muhammet sorady. – Mirasy seniň iň söýgüli körpe ogluň Kutbaddin Ozlag şa bermek hakyndaky beýik perman. Ol ýetişýänçä Horezmi onuň enesi, seniň ejeň Türkan Hatyn wagtlaýyn sorar we ýaş hanyň gamhory bolar. Türkan Hatynyň mülklerine serenjam berýän Muhammet ben-Salyh ýaş hanyň terbiýeçisi we Horezmiň beýik weziri bolar. – Sen bolsaň, meniň beýik oglum, ýeňilmez Horezm şa Muhammet, biziň ýurdy dolandyrýan wagtymyzda, sen öz goşunyň bilen bütin dünýä aýlanyp, isläniň bilen urşup bilersiň – diýip, Türkan Hatyn aýtdy. Muhammet permany okaman gol çekdi we ýuwuş galamy enesine berdi. Ol hem galamy alyp, uly-uly harplar bilen, yhlas edip şeýle ýazdy: «Türkan Hatyn, jahanyň hökümdar hanymy, dünýäniň ähli aýallarynyň hany» Muhammet şa özüniň uly ogly Jelaleddini gözläp, töweregine garanjaklady. Muhammet şa onuň ýüzüne seretmäge çekinjekdi. Emma Jelaleddin ýokdy. Horezm şanyň gulagyna wekil şeýle çawuş çakdy: – Han Jelaleddin gypjaklaryň şunça goşunyny görüp: «Men gypjaklaryň gassaphanasyna gider ýaly, goýun däl» diýip, gapdala sowulyp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |