17:08 Çingiz han -13: romanyň dowamy | |
Ýedinji bap
Taryhy proza
HAREME ÝESIR DÜŞEN GYZ Horezm şanyň üç ýüz aýalynyň «şat bolmagynyň» aladasy wekiliň gerdenindedi. Olaryň özlerini alyp barşyna göz-gulak bolup ýörmek, azmak yşaratlary peýda bolanda bolsa, bu hakda Horezm häkiminiň özüne habar bermek hem şonuň wezipesidi. Türkmen sährasyndan getirilen gyzyň pikirlerini, onuň näme üçin içini çekip, gözýaş dökýändigini bilmek hakynda Muhammet şa buýruk berensoň, wekil aýallaryň ähli syryny açmaga ökde palçy Ýylan Torç diýilýän aýaly çagyrdy. Ol aýal hem palçy, hem tebip, hem ertekiçidi. Wekiliň gümmük-sümmükli gürrüňini diňläp, Ýylan Torç onuň üç zady: Güljemalyň sährada bir söýgüli goç ýigidi bar bolaýmasyn, türkmenler bilen gizlin gürrüňler alyp barýan bolaýmasyn, şanyňkyda bolanda onuň pyçagy bar ekenmi diýen zatlary bilesi gelýänligine düşündi. Ýylan Torç: – Hemmesine düşündim – diýip, elini serdi. Wekil onuň eline birnäçe teňňe tutdurdy. – Bu teňňeleriň biri-de tylla däl ýaly-la? – Möhüm täzelikler getirseň, tylla teňňe hem alarsyň... Gulaklary uly kümüş syrgaly, hor hem garaýagyz palçy kempir haremiň täze dürdänesiniň howlusyna girdi-de aýak çekdi. Ol özüniň gara gözlerini süzüp, beýik haýatly kiçeňräk howla seretdi. Şanyň beýleki aýallarynyň howlusynda bolşy ýaly, bir gapdalda eýwan tarapdan äpişgesiz, bir mertebeli süýnmek ymarat uzalyp gidýärdi, eýwan tarapynda bäş sany açyk, iki ýanly gapy bardy. Howlynyň ortarasy bilen bir çeşmejik gelip, tes-tegelek howza guýulýardy. Iki tarapda iki sany gülzar al-ýaşyl gül bolup durdy. Howlynyň töründe, diwaryň ýanynda, ýaýraň hem uzyn derek agajynyň aşagynda bir türkmen öýi dur. Ýylan Torç ala donuňy düzedip, howza tarap ugrady. Gyýarak Tara gözli, kiçeňräk, bugdaý reňk b'ir gyz daş basgançagyň üstünde otyrdy. Ol bir mawy käsäniň içinden bişirilen tüwileri ýeke-ýekeden alyp, howzuň içindäki kümüş reňk balyjaklara taşlap otyrdy. Ýylan Torç daş sekiniň üstüne özüni goýberip, gyzyň gyrmyzy keteni köýneginiň çetini ogşap, ýuwaşja, ýakymly ses bilen: – Salamaleýk, geregim, gül görkli Güljemal! Näzik elleriňi bir ogşaýyn, kölegäňe bir ýykylaýyn! – diýdi. Palçy aýal onsoň gyzyň ýanynda oturdy. Sypaýylyk, öwgi we ýaranjaňlyk sözleri onuň endik eden agzyndan dyngysyz ýagmaga başlady. Özi welin içinden: «Patyşa munuň nämesine höwes etdikä, özi bir ýumruk ýalyja, şar gara; şa hareminiň beýleki gözellerindäki etli-ganlylyk, pajarlylyk munda ýok! Biziň hökümdarlarymyzyň edip ýören işleriniň älhepus geňdigini!» diýip oýlanýardy. – Häzir sährada näme gep-gürrüň bar? – diýip, Güljemal onuň sözüni agzyndan aldy. – Baýak bir sähra hany, söýgülim bir gyz hakynda hasrat çekip büküldim, meni yşk derdinden bejersin diýip, yzymdan düýeli adam iberipdir. Ol ýerde hemme adam seni ýatlaýar, hemme adam seni bagtly hasaplaýar, «Horezm şa biziň türkmen gyzymyzy aýallarynyň hemmesinden gowy görýär, onuň hemme barmagyna mawy şöhle saçyp duran pöwrize gaşly ýüzük geýdiripdir, ak öý dikip berip, içini Eýran halysy bilen bezäpdir we her gün oňa öz nahar bişirilýän ýerinden gowrulan sülgünleri, içine pisse maňzy salnyp bişirilen ördekleri iberýärmiş...» diýýärler. – Meniň diňe adym patyşanyň aýaly, hakykatda bolsa men onuň üç ýüz birinji gyrnagy! Ýönekeý bir ýigide baran bolsam, kelläm göge ýeterdi. Sährada meniň günüme höwes edilýärmiş, men bolsam, Garagum çölüne ýowşan we ýylgyn ysyny gezdirýän ýel diýip hasrat çekýärin. Bu ýerde patyşanyň nahar bişirilýän jaýynyň ys-kokundan kelläň agyrýar. Men bu çalaryp duran diwardan, üsti sakçyly diňden we köne derek agajyndan başga zat görmejek bolsam, ak öý nämäme gerek? Aňyrsy-bärsi görünmeýän gök sährany göreýin diýip, men bir gezek agajyň üstüne çykjak boldum, emma agtalar meni dartyp düşürdiler. Soňra olar hatda hiňňilligiň ýüplerini kesip aýyrdylar. Aýdyň, şundan-da bir bagt bolarmy? – Wah, goýup otur, sende bar zatlaryň ýüzden biri mende bolan bolsa, men özümi bagtly hasaplardym. Emma maňa içine pisse maňzy salnyp bişirilen ördekleri hiç kim bermez! – Gyzlar, saçak taýynlaň – diýip, Güljemal gygyrdy. – Daýza, sen bolsaň, maňa pal atyp ber. Iki sany gyrnak ak öýe ylgady. Kümüş teňňeler tikilen gyrmyzy alyn daňyly garry türkmen aýaly gelip, aşak oturdy. Ol palçy aýala siňe seredip, syn edýärdi. Ýylan Torç bir sary ýaglygy ýasy daşyň üstüne ýazdy we onuň üstüne bir gyzyl haltajykdan bir gysym akly-garaly nohudy seçip goýberdi. Inçejik süňk taýajygy şol nohutlaryň arasynda gezdirip, lüli1 dilinde düşnüksiz sözler aýtmaga başlady. Ol ýanyp duran gara gözlerini giňeldip we gözleriniň gögümtil agyny agdaryp, gyryk ses bilen pyşyrdap düşündirmäge başlady. – Garry adamlaryň maňa öwredişi ýaly, nohutlar maňa şulary aýdýar. Sährada bir ýigit bar, ol entek oglanrak bolsa-da örän batyr. Bars duşsa barsy, ýolbars duşsa ýolbarsy ýok edýärmiş. Bir özi on garakça taý gelýärmiş. Ol ýigit sen hakda hasrat çekýär, gijeler ýatmaýar, işi bagşynyň yşky aýdymlaryny diň'lemek, özi-de asmana seredýär-de: «Onuň gözleri ine şu ýyldyzlar ýalydy» diýýär. Görýärin welin, sen uludan demiňi alýan ýaly-la? Näme men ýürejigiňden turdummy, balam? Güljemal tisginip gitdi. Onuň köýnegine tikilgi altyn we kümüş şaýlar şaňňyrdady. Ol köýnegine tikilgi teňňeleriň birini tutup ýoljak boldy, emma teňňe ýoldurmady. – Enejan, gaýçyny getirip ber maňa! Ýylan Torç içgin durup: – Hany seniň ak saply kiçijik pyçagyň? Sen çöl gyzy bolaňsoň ony hemişe guşagyňa gyssyryp ýörýärdiň – diýdi. Güljemalyň ýüzüne howsala kölegesi degip gitdi. Garry türkmen aýaly salykatlylyk bilen ýerinden turdy-da, öýden bir synny alyp geldi. Güljemal öz köýneginden bir ýukajyk altyn teňňe gyrkyp aldy-da ony gysymyna gysyp: – Sen ýaňy hasratlanýan ýigit hakynda bir erteki toslap aýtdyň. Näme üçin sen onuň adyny aýtmaýarsyň? – diýdi. – Ony maňa nohutlar aýdyp bilmeýär. Söýmekden däli-diwana bolup ýöreniň adyny maňa diňe seniň ýüregiň aýdar. – Sährada ýigitler men hakda jedelleşip ýörkäler, gypjaklar meni bu ýere patyşanyň haremine zorluk bilen getirdiler. Emma biziň ýüregimiziň kimi isleýänini garrylar bizden soraýarlarmy näme? Garry türkmen aýaly gahar bilen onuň sözüni agzyndan alyp, geplemäge başlady: – Bu alahekek hemmesini bulaşdyrdy. Patyşa aýalynyň ýüreginde diňe ýeke at, Rüstem1 dek pälwan, Isgender dek batyr hökümdarymyz Horezm şa Muhammediň ady bolup biler. Köşkdäki her bir aýal diňe şonuň üçin ýaşaýar we diňe şol hakda pikir edýär. Diňleme şu hilegär aýaly, Güljemal! Bir ýogyn agta gelip, howlynyň gapysyndan girdi-de palçy aýaly çagyrdy. Ol haremiň edermen sakçysynyň ýanyna ylgap bardy-da onuň bilen pyşyrdaşdy. Öwrülip gelende, ol ýene ýasy daşyň üstüne özüni goýberdi we Güljemalyň geýminiň eteklerine barmaklaryny degrip: – Bagyşla men garryny. Häzir täze miras eýesi şazada Ozlag şanyň ejesi meni pal atdyrmaga öz ýanyna çagyrypdyr. Arkaýyn oturmak ýok... – diýdi we alan altyn teňňesini ýene bir gezek ogşap, agta bilen bilelikde gapydan çykyp gitdi. __________ 1 Lüli – Owganystanyň göçüp-gonup ýören sygan taýpalarynyň biri. 2 Rüstem – Eýran halk eposynyň gahrymany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |