17:10 Çingiz han -14: romanyň dowamy | |
Sekizinji bap
Taryhy proza
«GYNANÇ ÇAPARY» ŞATLYK HEM GETIRIP BILER Horezm şa iň uzakdaky otaglaryň birinde döwlet işleri bilen meşguldy. «Tamda gulak bardyr» diýipdirler, emma bu äpişgesiz, diwarlarynyň ýüzüne haly bary tutulan, guýa meňzeýän, diňe ýokarsyndaky deşikden gijelerine ýyldyzlar görünýän otagda gulak bolmagy mümkin däldi. Şa bu ýerde baş jellat bilen ýüzbe-ýüz oturyp gürrüňleşmäge ýa-da ýüregi gysýan köp sanly aýallarynyň täze etmişleri hakynda köşk wekilini diňlemäge gorkanokdy. Bu ýerde şa pyşyrdap höküm berýärdi: bir meýlisjikde öz hökümdary hakynda ýakymsyz söz aýdan seresapsyz hany gizlin bogup öldürmek hakynda ýa-da getirmeli tylla pajyny köpden bäri getirmedik gysganç beggiňkä ýüzi nykaply atlylary ibermek hakynda höküm berýärdi. Halyly otagda şa gizlin gürrüň geçirenden soň, daňdanlar belent minaranyň üstünden nämälim bir adamyň çirkin ses bilen aşak gaýdyp, daşyň üstünde çym-pytrak bolýan wagty az däldi. Täze dogan aýyň öçügsi yşygynda jellatlaryň hökümdara ýaramsyz adamlary halta salyp, çalt akýan Jeýhunyň suwuna taşlaýan wagtlary seýrek däldi. Soňra derýanyň uly giňişliginiň ýokarsynda: Bahar wagty bagyňda saýrar şeýda bilbiller, Gülzarlykda açylyp sallanyşýar al güller – diýip, aýdym sesi çykýardy, kürekçiler bolsa: Jan, ajaýyp Horezm! – diýip, alyp göterýärdiler. Bu agşam Muhammet tukatlanyp, kän geplemän otyrdy, wekil bolsa onuň ogly Jelaleddin hanyňka gündiz nähili adamlaryň gelendigini gürrüň edip berýärdi: – Uzyn aýak gözel atly üç sany türkmen geldi. Olaryň biri ýüzüni ýaglyk bilen ýapyp gizleýärdi. Onuň jahyl, syratly, gözleriniň bürgüdiňki ýaly ýitidigini duýduk. – Näme üçin sen ony tutmadyň? – Ýakyndaky jeňňelde oňa kyrka golaý gaýduwsyz türkmen ýigidi garaşyp durdy. Emma bazarda türkmenleriň barýan ýeri Merdanyň çaýhanasynda Gara Hanjaryň adyny telim gezek gaýtalandyklaryny meniň jansyzym eşidipdir... – Gara Hanjar, şol kerwenleriň pirimi? – Hawa, alyhezret. Emma miras eýesi bolup durýan hanyň beýtmegine... – Ol mundan beýläk miras eýesi däl. – Agzyňdan alla eşitsin! Şeýle bolsa-da, hatda ýönekeý begiň özüni kerwen ýollarynyň garakçysyna deňäp, onuň bilen gürrüňleşmegi akyla sygar ýaly zat däl... – Biziň howsalaly zamanymyzda eşidilmedik zat galmaz! – Eger-de Jelaleddin daşraga gitse, meselem, Mekgä zyýarata gitse, onuň türkmenler bilen pyşyrdaşmagy galmazmyka, şuny neneň görýäň, hökümdarym? – Men ony uzakdaky, Hindistanyň araçägindäki haznanyň hökümdary edip belledim. Emma ol şol ýerde-de gozgalaňçy hanlary töweregine jemläp, olary Hytaýyň garşysyna urşa gitmäge yrjak bolar. Soňra bolsa, pyçak bilen iki kesilen garpyz ýaly bolup, Horezm ýykylar. Ýok, ony hemişe derňäp durmagyň üçin, Jelaleddin şu ýerde, meniň gözümiň öňünde bolsun. – Parasatly söz! – Emma näme diýsene, wekil, sen köp buýtar-suýtar edýäň! Eger-de garakçy Gara Hanjaryň Gürgençde öz nlindäki ýaly arkaýyn gezip ýörenini ýene bir gezek eşidäýsem, gözüňi gögerderin, kelläňi Jelaleddiniň köşgüniň agzynda gazyga geýdirerin... – Hudaý saklasyn, hudaý görkezmesin! – diýip, wekil bytdym-sytdym edip, gapa tarap çekilip ugrady. Garry agta gelip girdi. – Beýik hökümdarymyzyň hökümi bilen, Güljemal hatyn seniň mährem jaýyňa gelip, seniň hökümiňe garaşýar. Şa göwünsizlik bilen ýerinden turdy. – Sen omy şu ýere, halyly otaga getir... Şa koridora çykdy, egilip, bir darajyk gapa girdi we egrem-bugram bolup gidýän basgançak bilen ýokary çykyp ugrady. Kiçijik otagda darajyk äpişgäniň haşamly agaç gözeneginden seredip, halyly otagda näme boljagyna syn etmäge başlady. Ýagyrnysy küýkeren we giň çatalba süňki kaşmiri şal bilen daňylan, sakgalsyz garry bir agta, haşamly gabsany açdy. Onuň elinde, eräp syrygyp ugran dört sany şemli kümüş şemdan bardy. Bir ala mata bürenen kiçijik göwreli gyza seredip, ol duýgudaşlyk bilen uludan demini aldy. Ol özüniň inçejik sesi bilen: – Ýör, gideli! – diýip jynňyllady. Ol agyr eňsini sowup, şemdany ýokary galdyrdy. Güljemal göýä ýokarsyndan uruljak ýaly bolup, egilip girdi, gapynyň agzynda köwşüni goýup, öňe iki ädim ätdi. Buharyň gyzyl halylary bilen bezelen darajyk otag oýnawaç ýaly bolup görünýärdi. Otagyň ýokarsy uzalyp, garaňky bolup durdy. Agta çykyp gitdi. Gapynyň açary zarňyllap towlandy. Diwaryň ýokarsynda ökdelik bilen haşamlanan gözenekli, ýarym tegelek äpişge yşyklandy, ol ýerde agta şem goýan bolsa gerek. Onuň garşysynda edil şonuň ýaly äpişge garalýardy. Ondan biri jyklaýan bolaýmasyn? Halyly bir otag hakynda Güljemal köşk gybatlaryny eşidipdi. Ýoldan azan aýallary jellat Jahan pälwan şol jaýda bogup öldürýär, Horezm şa bolsa diwaryň ýokarsyndaky haşamlanan gözenekli äpişgeden seredýär diýip harem aýallary gürrüň edýärdiler. Güljemal häzir şol halyly otaga düşäýen bolmaýyn diýip oýlandy. Güljemal otagyň içine aýlanyp çykdy. Ýere namazlyk ýaly kiçeňräk birnäçe haly ýazylgydy. «Öldürilen aýaly gije şu hala dolap, köşkden çykarýandyrlar-da?» Künjege dürli reňkli ýüpek ýassyklary taşlap, Güljemal özüni şolaryň üstüne goýberdi, özi bolsa hüşerilip, her bir şygyrda tisginip durýardy. Birden eňsi gymyldap, onuň aňyrsyndan ýyrtyjy bir haýwanyň kellesi göründi. Alagaraňkyda onuň tegelek gözleri ýaşyl uçgun saçyp duran ýalydy. Güljemal ýerinden syçrap turdy-da baryp diwara gysyldy. Gara-gara tegmilli sary ýyrtyjy haýwan sessiz-üýnsüz gelin otaga girdi-de tumşugyny öň aýaklarynyň üstüne goýup ýatdy. Emma uzyn gurugyny bulaýlap, tarpylladyp ýere urýardy. Güljemal: «Bars! – diýip oýlandy. – Adam iýýän awçy bars! Emma türkmen aýallary söweşmän boýun egýän däldir!» Ol dyzyna çöküp, ýazylgy halynyň gyrasyndan tutdy. Bars hyňranyp, süýşenekläp ugrady. Güljemal: – Waý, ölýän! Dat! – diýip gygyrdy-da halynyň çetini galdyrdy. Bars bat alyp bökende, Güljemal ýykylyp gitdi. Güljemal ýygrylyp, halynyň astynda gizlendi. Bars penjeleri bilen urup, galyň halyny ýyrtmagyň küýüne düşdi. – Dat! Başyma ahyrzaman indi! – diýip, Güljemal gygyrdy. Ol gapynyň şakyrdaýanlygyny we adamlaryň jedelleşýändiklerini eşitdi. Adamlaryň gykylyklary we barsyň arryllysy güýjedi... Soň gopgun köşeşdi... Kimdir biri halyny serpdi... Dulugy böwsülen, gara silkme telpekli, uzyn boýly, agajet bir ýigit ýaňky gyzyň beýle ýanynda özüniň hanjaryny halynyň bir çetine süpürip durdy. Garry agta ol ýigidiň ýeňinden ýapyşyp, ony çykarjak bolup dyzaýardy. – Sen bu ýere, nämähremiň aýagy düşmesiz jaýlara nädip girip bildiň? Işi gaýdan, sen nädäýdiň? Patyşanyň gowy görýän barsyny öldürmäge neneň eliň bardy? Hökümdar seniň kelläňi gazyga geýdirer! – Çekil, köse! Ýogsam ynha seniňem kelläňi togalaýaryn. Güljemal ýerinden turdy, emma aýak üstünde durmaga gurbaty ýetmän, ýene ýassyklaryň üstüne ýykyldy. Bars otagyň ortarasynda, özüniň kesilip taşlanan kellesini penjeleri bilen gujaklaýan ýaly bolup ýatyrdy. Onuň göwresi heniz tisginýärdi. – Amanmysyň, gözel gyz? – Gaty ýaralanypsyň, arslan ýürek ýigit. ýüzüňden gan syrygýar. – Söweş güni goç ýigitden gan çykar! Ýüzdäki ýara ýigidiň bezegidir, onuň zyýany bolmaz. Köşk sakçylarynyň baştutany Temur Mälik tasap geldi. Işikde birnäçe nöker heşerlenişip durdy. – Sen kim? Köşge neneň girdiň? Sakçyny urarça sen kim bolupsyň? Ber ýaragyňy! Ol ýigit äwmän, hanjaryny gynyna saldy-da arkaýyn jogap berdi: – Seň özüň kim bolarsyň? Sakçylaryň baştutany Temur Mälikmisiň? Salam berdik! Men şa üçin örän möhüm iş bilen, ony görmäge geldim. Samarkantdan erbet habarlar bar. – Bu päli azan adam kim? – diýen gazaply ses ýaňlandy. Elini gamasynyň sapyna goýup, uly-uly ädimläp, Horezm şa halyly otaga gelip girdi. Ýigit ellerini döşünde gowşuryp we çalarak egilip: – Essalamyaleýkum, beýik şa! – diýdi. Soňra birden dikeldi-de gürrüňe başlady: – Sen bu ýerde oýun edip we güýçsüz aýallary çöl pişikleri bilen gorkuzyp ýörsüň, jahanda bolsa uly gowgalar turýar. Men kerwen ýolunda Samarkantdan gelýän bir çapara duşdum. Ol atyny halys duruzyp, soňra özi-de tä ýykylýança ylgapdyr. Ol edil dälirän ýaly bolup: «Samarkantda gozgalaň turdy, ähli gypjaklary öldürýärler we gassaplaryň dükanlarynda goýunlaryň asylyşy ýaly, olary agaçlardan asýarlar» diýip tekrarlady. Topalaň turzanlaryň başy seniň giýewiň Osman soltan, Samarkandyň hökümdary. Ol seniň gyzyňy-da çapjak bolupdyr, emma ol gyz ýüze golaý batyr ýigidi ýanyna alyp, galany içinden ýapypdyr we indi gijesi-gündizi goranyp otyrmyş. Ynha seniň gyzyň ýazan haty... Horezm şa ol ýigidiň elindäki gyzyl bukjany silkip aldy-da ony gamasynyň ujy bilen açdy. Ol oňly ýagty düşmeýän jaýyň içinde haty okajak bolup duran ýerinden gepläp ugrady: – Topalaň turuzmagy men olaryň gözüne görkezerin! Samarkant hemişe topalaň öýjügi bolup geldi. Gulak as, Temur Mälik! Häziriň özünde gypjak leşgerlerini çagyrmaly! Men Samarkanda goşun çekip ugraýaryn. Hudaýyň ýer ýüzündäki kölegesine el galdyranlaryň hemmesini asyşdyrmaga ol ýeriň agajy we ýüpi ýetmez... Bu aýaly özüniň ak öýüne eltmeli, ýanyna tebibi çagyrmaly... ýigit, seniň adyň näme? – Aý, ony sorap durmak nämä gerek! Men beýik çölüň kiçijik bir adamy! – Sen maňa «şum habar» getirdiň, köne adat boýunça men «gynanç çaparynyň» janyny aldyrmalydyryn. Emma ondan hem başga sen meniň gowy görýän barsymy çapdyň. Seni nähili jezalar bilen öldürjegimi menä bilmedim... Temur Mälik batly ses bilen: – Men bilýärin, hökümdarym! Rugsat etseň, men aýdaýyn – diýdi. – Aýt, batyr Temur Mälik, özüni-de bu azan ýigide meniň adymdan yglan et. – «Uruş işlerinde bir gün, hatda bir sagat gijikmek üstünligi elden gidermekdir. Bu ýigit biçak yhlaslylyk görkezdi we seniň beýikligiň üçin möhüm we gowy hat getirdi. Seniň gyzyň sag-aman we özi eline ýarag alyp, duşmanlaryň hüjümine batyrlyk bilen gaýtawul berýär diýlip ol hatda aýdylýar. Sen, beýik patyşam, häzir Samarkanda at salyp gidersiň we öz gyzyňy ölümden gutarmaga ýetişersiň. Şeýle hyzmat edeni üçin, ýigidiň dokuz günäsini şa dokuz gezek bagyşlaýar. Öldürilen barsyň öwezine bolsa, Horezm şa başga bir barsy, öňküden-de gazaply barsy, ine şu edermen ýigidi alýar we ony ýüz ýigide, ýüz türkmene baştutan edip belleýär; ýüz ýigidi munuň özi alyp geler. Olar seniň daşyňy goraýan leşger hatarlaryna goşular... Horezm şa geň galyp, öz gara sakgalynyň buýrasyny almaz ýüzükli barmagynyň daşyna çolap durdy. Ýigit özüni mert tutup: – Şabaz ýarpy ýoldan gaýtmaz, Horezm şa iki dürli söz aýtmaz. Türkmen gyzyny nirä äkitmegi buýurýaň? – diýdi. Ýigit aşak egilip, öli ýaly bolup ýatan Güljemaly emaý bilen göterdi. Iç işikde aýak çekip, ol uzyn boýly, agajet, mert ýigit özüni şadan sähelçe-de pes tutman, oňa ýüzlendi: – Hoş gal, seniň kerwenleriň piri Gara Hanjar seni goýup gidýär – diýdi-de arkaýyn ýöräp gidiberdi. Şa Temur Mälige gahar etjegini-taňry ýalkasyn aýtjagyny bilmän, onuň ýüzüne seretdi. Temur Mälik hezil edip güldi. – Neneň merdana goç ýigit! Sen, hökümdarym, türkmenleriň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz diýýärdiň. Sen munuň ýaly ýigitlerden goşun tutsaň älemi ýeňersiň. Aradan birnäçe gün geçdi. Gije garaňkylygynda minaranyň ýokarsynda kiçijik orak ýaly bolup, täze aý peýda bolanda, birnäçe kölege hiç bir ses çykarman, köşgüň duşundan geçip, bir kiçijik köçä bardy we köne derek şahalarynyň diwaryň üstüne abanyp duran ýerine baryp aýak çekdi. Çöpürden örülen, ujy gaňrakly merdiwan diwaryň kertine taşlanypdy. Kölegeleriň biri ýokary çykdy. Ak öýüň ýokarsyndan tüssejik çykýardy, yşlar ýyllyrdaşyp durdy. Hüwi sesine öýden bir bürenjekli aýal daş çykdy. Garaňkynyň içinde: – Salawmaleýkim! Türkmenleriň hemmesi dogandyr! Güljemal gyz amanmy? – diýen sesler eşidildi. – Men Güljemalyň hyzmatçysy. Dat günümize! Horezm şanyň topalaň turzan Samarkandy köşeşdirmäge gidenine indi üç gün boldy. Indi köşge şanyň ýiti gözli enesi, gazaply Türkan Hatyn serenjam berýär. Ol biziň Güljemalymyzy köşgüň daşdan salnan minarasyna geçirmeli diýip höküm etdi, saklawy iki esse artdyrdy. Güljemal tä ölýänçä şol minarada bolmaly diýdi. – Sen ugruny tap-da onuň ýanyna bar. Ynha sana üç altyn dinar, birini agta berersiň, ikisini saklawa berersiň. Güljemal gyza aýt: şäherden çetde uly ýoluň ugrundaky öwlüýä aýlanmaga gidesim gelýär diýip han aýala aýtsyn. Türkan Hatyn oňa öwlüýä aýlanmaga gitme diýip bilmez, Güljemal şäherden çykanda bolsa, Gara Hanjar näme etmelidigini biler. Kölege ýene-de diwaryň erňegine çykdy-da garaňkynyň içinde gözden ýitip gitdi. – Dünýäde Türkan Hatyndan içigara we köp bilmiş ýokdur. Eger onuň birini ýok edesi gelse, oňa garşy çykyp biljek adam barmy? – diýip, hyzmatçy aýal pyşyrdaýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |