17:12 Çingiz han -15: romanyň dowamy | |
Dokuzynjy bap
Taryhy proza
ÝAZGARYLAN MIRASÇYNYŇ BAGYNDA Ine meniň atym hem ýaragym! Bular maňa seýil bagyndaky meýlisdir. (Ibraim Monteser. X asyr) Temur Mälik köp söweşleri başdan geçiren tejribeli nökerdi. Onuň gözünde gorky ýokdy. Duşman gyljy onuň kellesiniň ýokarsynda telim gezek galgapdy, galkanyny ençeme gezek naýza deşipdi, sowudyna peýkam bary çümüpdi; bars erjeşipdi, ýolbars kowalapdy, ölüm onuň gözüni garaňkyradyp, köp gezek aldym-berdime salypdy. Ony ýene näme gorkuzyp biler? Şoňa görä, Horezm şanyň gazabyndan gorkman, Temur Mälik Horezm şanyň ýazgaryp, miras eýesi bolmakdan aýran ogly, bag eýesi Jelaleddini görmek üçin, şäherden çetdäki Tyllaly baga gitdi. Ol baranda han ýigit gür bagyň içindedi. Jelaleddiniň ýeke özi bagda halynyň üstünde pikir edip otyrdy. Ol dessine ýerinden turup, myhmanyň öňünden çykdy. – Essalamyaleýkum, batyr Temur Mälik! Men dost-ýarlarymdan birnäçesini çagyrypdym, emma olaryň aglabasy özleriniň kän bir saglygynyň ýoklugy sebäpli gelip bilmeýändiklerine «gynançlaryny» eýýäm habar etdiler. Diňe gumdan üç sany çarwa geldi we sen, Temur Mälik, ýazgarylan hanyň ýanyna gelmäge gorkmadyň, men indi uzakdaky Haznanyň hökümdary, men ony, elbetde, hiç wagt görmerin. – Şanyň islegi mukaddesdir – diýip, Temur Mälik halynyň üstüne özüni goýberdi. – Men türkmen aýalyndan bolanym üçin, gypjaklaryň bolsa, miras eýesi edip gypjagy goýjak bolýandyklaryna men günäkärmi? Goý gypjak bolsun, emma atam maňa ýönekeý nöker bolup serhede gitmäge rugsat bersin, ol ýerde hemişe çaknyşyk bolup durýar. Men bedew aty, lowurdaýan şemşiri, sähra şemalyny gowy görýärin, garrylaryň aýdymlarydyr ertekilerini diňlän bolup, halynyň üstünde gyşaryp ýatmagy halamaýaryn. Temur Mälik oňa şeýle diýdi: – Biziň töwerek-daşymyz uruş ahyryn. Gypjak begleri şanyň goşun çekip olaryň sähralaryna gitmegni soraýarlar. Ol ýere gündogardan bir del halk gelipdir, ol halk biziň ýerimizi elimizden alýar, gypjak mallaryny gowy ýaýlalardan kowýar... Jelaleddin: – Kakam gypjaklaryň hemmesini Horezmden kowup, ýurdy şolarsyz soraberse gowy bolardy. Gypjaklar aýnaýarlar, olaryň nili azypdyr. Kakamyň başyna bir agyr iş düşende olaryň ona haýynlyk etjegine gözüm ýetir dur – diýdi. – Näme üçin beýledir öýdýäň? – diýip, Temur Mälik sorady. – Şa Horezmiň halkyna janyny ynanman, häkimiýeti we tertibi goramagy gelmişek gypjaklara berende, ol öz goýunlaryny bakmagy we gyrkmagy çöl möjeklerine tabşyrýan hojaýna meňzeýär. Onuň tiz wagtdan ýüňi-de galmaz, goýny-da, asyl onuň özi-de möjeklere şam bolar. Jelaleddin bir çetde duran gulamyň ýüzüne seredip, gaş kakdy. Gulam gelip baş egdi. – Bizde köp adamlyk desterhan taýynlandy, emma ol adamlar gelmedi. Ýeluň ugrunda saklaw goý-da ötegçileriň hemmesinden habar al. Olaryň arasyndan meniň göwnümi açyp biljeklerini tapyp, meniň ýanyma getir, onsoňam meniň gowy görýän atlarymy meniň gaşyma getirip daň: rast çagyrylan myhmanlar gelmedik bolsa, men öz atlarymy we ötegçi diwanalary hezzetlejek... – Sen meni çagyran ekeniň, ynha men geldim! – diýen arkaýyn ses çykdy. Bagyň agaçlarynyň arasyndan uly silkme telpekli, uzyn boýly, inçemik bir türkmen çykyp geldi. Ol döşünde ellerini gowşuryp, baş egdi. – Geleweri, çöl barsy Gara Hanjar. Geç, biziň ýanymyzda otur. Horezmiň gündogar serhedindäki bir galajygyň onbaşysy Alyjan bäş sany atlyny ýanyna alyp, uly kerwen ýoly bilen at salyp barýardy. Ol diňe atlary suwaryp-iýmlemek üçin, örän gysgajyk wagtlaýyn düşleýärdi. Alyjan özüniň üýtgeşik ýesirini Gürgenje ýetirip bilmerin öýdüp gorkýardy Öňlerinden duşýan ýolagçylar aýak çekip, nähili howply garakçyny tutandyklaryny soraýardylar. Atlylar atlaryny daňylgynyň ýany bilen sürüp, onuň ýüzüne seredýärdiler. Emma onuň golaýyna barýanlary Alyjan gamçy bilen urýardy, şonuň üçin olar çekilip gidýärdiler. Eýýäm iki noburyň güzerinden geçipdiler, paýalap çöp-çalamdan ýasalan köpriniň üstünden geçipdiler. Uzakdaky derek agaçlarynyň arasyndan Gürgenjiň metjitleriniň we minaralarynyň ýaşyl nagyşly syrçalary eýýäm ýaldyrap görnüp ugrapdy. Ýoluň aýyrdynda ak şaý-şaýmanly gara atly, gyrmyzy donly alty sany atly Alyjanyň ýoluny kesdi: – Duruň, ýigitler! – Çekiliň ýoldan! Şerigat direginiň hatyrasy üçin, uly iş bilen diwan-arza1 barýanlary saklamaň! – diýip, Alyjan gygyrdy. – Asyl biziň geregimiz siz-dä. Horezm şanyň ogly Jelaleddin sowulyp, häziriň özünde onuň ýanyna baga barmagy size höküm edýär. – Biz hiç ýerde eglenmän, göni Gürgenje, öz baştutanymyz Temur Mäligiň ýanyna barmaly. Emma atlylar Alyjanyň atynyň jylawyny berk tutup, goýbermän durdular. – Temur Mäligiň özi häzir şu ýerde, bagda, begiň ýanynda otyr, olaryň ikisi-de aýdym diňleýär. Bärik sowul! Saňa aýdylýar! Näme çekeleşip dursuň? Seniň ýesiriň öläýesi ýok, Jelaleddin bolsa saňa bir possuny halat salar, palaw bilen hezzetlär hem bir gysym kümüş dirhem berer. Begiň palawynyň nähili bolýanyny özüň bilýänsiň! Beýle palaw şu ýerden başga hiç ýerde dile degmez!.. Alyjan gowrulan goýun ýagynyň ýakymly ysyny alyp, ýigitlerine: – Düşläliň! Şu mülke sowulyň. Şu ýerde bir keýip çekeliň! – diýdi. Daňylgy ýesiri idekläp gelýän atlylar sowuldylar, belent derwezäniň agzynda sortdurylyp duran saklawlaryň duşundan geçip, birinji howla girdiler. Iňrik garalyp barýan wagtda, hatara düzülen alty ojakda ot ýanýardy. Olaryň töwereginde gyrmyzy köýnekli aýallar gaýmalaklaşýardylar. Oduň yşygynda olaryň özi ot ýaly bolup görünýärdi. Atlylar atlaryndan düşüp, olary sütünlere bagladylar. Ýesir atyň üstünde galdy. Onuň aty aýagy bilen ýeri peşeýärdi, kellesini bulaýlap, bede dökülen beýleki atlara tarap dyzaýardy. Aýallar ylgaşyp gelip, ýesiriň üýtgeşik sypatyna geňirgenşip, onuň daşyna üýşdüler Ol ýüp bilen ata daňylgydy. Ýeňlerine gyzyl zolaklar tikilen uzyn gök geýimi we gyralary ýokary galyp duran tekiz keçe telpegi onuň başga bir taýpadandygyny aýdyp durýardy. Onuň örülip, ujy düwülen iki sany gara saçy iki ýaňagyndan, gäwmişiň şahlary ýaly, sallanyp, eginlerine düşüp durdy. Bir nokada dikilen gyýa gözleri örän geň bolup görünýärdi. – Bu öli-le! – diýip, märekäniň arasynda pyşyrdaşýardylar. – Ýok, heniz dem alýar. Butparazlaryň hemmesiniň jany berk bolýarmyş. Hyzmatçy gelip, Alyjana: – Meniň yzym bilen geliber! Bu elhenji-de ýanyň bilen getir – diýdi. Alyjan üsti ýesirli atyň tanapyny çözdi-de ýaş şetdaly agaçlary, gün geçirmeýän gür ýaprakly uzyn garagaçlar gezekleşdirilip ekilen saýaly bagyň içindäki ýoljagaz bilen ýuwaşjadan idip ugrady. Çalt akýan suwly ýapjagaz kiçeňräk bir teläriň daşyndan aýlanyp gidýärdi. Ol teläriň öň ýanynda on iki sany at hatara durdy, olaryň altysy gara, galan altysy meledi; olaryň tüýi ýüpek ýaly ýalpyldaýardy, ýallaryny darap, gyzyl mata bilen örüpdirler. Atlaryň her biriniň irişmesi pessejik sütüne daňylgydy. Iki sany ýigit ellerine mejime alyp, olaryň agzyna gawun dilimlerini tutup berýärdi. Alyjan bu atlaryň owadanlygyna, ýanyp duran gözlerine we oklaw ýaly boýunlaryna seredip, aňalyp galdy, hatda ägirt uly köne garagajyň aşagynda oturan adamlary bir bada görmedem. Meýdançada ýazylan Eýran halysynyň üstüne kümüş gaplar we Yragyň çüýşe golçalary goýlupdyr. Olardaky gantly1 kökeler, nogullar, nabatlar, her hili ir-iýmişler, miweler al-ýaşyl öwsüşip durdy. Birnäçe adam tegelenşip otyrdy. Hindi selleli we gara çäkmenli garaýagyz bir ýigit özgelerden aýry otyrdy; beýlekiler oňa aýratyn hormat bilen ýüzlenýärdiler. Meýdançanyň beýle ýanynda ýerleşen sazandalar ellerinde baryndan jan edýärdiler: birleri gyjak çalýar, başga birleri tüýdük çalýarlar, iki sanysy hem deprek kakýar. Hemmesi birigip, enaýy owaz bilen bagyň içini doldurýar. – Gel, gel! – diýip, garaýagyz ýigit ýerinden syçrap turdy. Onuň yzy bilen beýleki oturanlar-da ýerlerinden turdular. Ol sarsman duran ýesiriň ýanyna bardy. Alyjan bu turup geleniň şanyň ogly Jelaleddin ekenligini aňdy. – Muny sen tutduňmy? Nireden tapdyň muny? – Men muňa Otraryň golaýynda çölde duşdum. Şeýle bir güýçli, şeýle bir siňirli, zordan basaýdym! – Kim munuň özi? Haýsy taýpadan? Özi näme diýdi? – Jogap beresi gelenok. Sesini çykarmaýar. – Munuň haýy gaçyp barýan ýaly-la? Öljek bolýamy? – Bilmedim, han hezretleri. Men ony Horezm şa hezretlerine diri görkezjek bolup, atlary aýak aldygyna goýberip geldim. – Sen ony atyň üstünde ysgyndan gaçyrypsyň. Ony gepletmek gerek. Jelaleddin elini çarpdy. Hyzmatçy geldi. – Tebip Zabany çagyr; ol öz ähli gutularydyr dermanlaryny alyp gelsin. Bir adam öljek bolýar diýiň, – Lepbeý, han hezretleri! Ýesir jana gelip başlady. Ol gözlerini mölerdip, agzyny açyp, tutuk ses bilen düşnüksiz sözleri gygyryp aýtdy, ýüpden sypjak bolup dyzady. – Ol näme gygyrýar? – diýip, Jelaleddin sorady. Alyjan şeýle düşündirdi: – Ol seniň atlaryňy görüp, guwanýar: «Gowy atlar! Owadan atlar! Emma olar bu ýerde galmaz. Olaryň hemmesi ýeňilmez Çingiz hanyň ýylky sürüsine goşular. Seniň atlaryňa onuň bir özi müner!» diýýär. – Sen bu butparazyň diline nädip düşünýärsiň? – Men öňler kerwenleriň ýany bilen Hytaýa gatnaýardym, şonda tatar obalaryna barýardym. Şonda men olaryň dilini öwrendim. – Ýeňilmez Çingiz han diýýäni kim? Näme üçin ol ýeňilmezmiş? Bu butparaz nädip beýle bihaýa gepläp bilýär? – diýip, Temur Mälik gaharlandy.– Diňe Horezm şa Muhammet ähli halklaryň ýeňilmez hökümdarydyr. Eger bu ýesir beýle geplejek bolsa, men ony häziriň özünde çaparyn. Jelaleddin onuň sözüni agzyndan alyp: – Degme, diýibersin tatarlaryň ol ýeňilmez serdary hakynda munuň bilýänleriniň hemmesini aýtdyrarys – diýdi. Bagyň agaçlarynyň aňyrsyndan bir inçejik ses eşidilip ugrady. Kimdir biri ýetişibildiginden sarnap gelýär: – Musulmanlaryň şan-şöhratly hökümdarynyň batyr hem edermen ogly, dembermez gylyjy we dünýäde iň gowy bedewleri bar bolan Jelaleddiniň gahrymanlyk işlerini hudaýym musulmanlaryň hemmesine ýetirsin! Onuň şemşiri yslamyň duşmanlarynyň başyndan iner enşalla!.. Şeýle sarnap, ägirt uly selleli, uzyn sakgally bir girdenek adam bagyň içindäki ýol bilen çalt ýöräp gelýärdi. Onuň elinde bir teletin torba bilen küýzejik bardy. Kemerinden asylan dürli mis gurallar, pyçajyklardyr çüýşejikler onuň her hereketinde jyňňyrdaşyp durýardy. Jelaleddiniň ýanyna baryp, ol baş egip tagzym etdi. – Seniň keremiň meni külli beladan gutardy. Seniň jomartlygyň meni seniň gapyňa getirdi. Maňa ýaňy jan berjek bolup ýatan bir adamy ölümden gutarmaly diýip aýtdylar... Jelaleddin elini uzadyp, tebibiň dilewarlyk bilen aýdýan sözleriniň arasyny üzdi: – Zaban tebip! Bogazyňa dynç ber-de şu näsag adama seret, öz bilimleriň ähli parasatyny, öz çüýşejikleriň ähli dermanlaryny şonuň üstünden guý. Ony jana getirjek bol. – Men seniň hyzmatçyň, seniň guluň. Hanymyzdan eşidenimi berjaý edýärin! Girdenek tebip işe başlady. Hyzmatçylar ýesiriň ýüplerini çözüp, atdan düşürdiler. Ol edil eýeriň üstünde oturyşy ýaly, aýaklaryny çaýşardyp, aýak üstünde zordan durýardy. Hyzmatçylar bu del adamy hapa görüp, köweräk durup, aýat okap, ýesiriň geýim-gejimini çykardylar-da ony keçäniň üstünde ýatyrdylar. Ol gözlerini agdaryp, usurgap ýatyrdy. Tebip owsunlap, näsagyň döşüne dury ýag guýmaga başlady we onuň guran ýaralaryna düşen, şempa tüwüsi ýaly bolup ýatan gurtlary müçenek bilen aýyrmaga durdy. – Eýýäm gurt düşäýipdir... Emma: «Hudaýym näçe kesel döreden bolsa, olary bejerer ýaly şonça-da deri-derman ýaradandyr» diýlip kelamyllada aýdylýar. Ýaralaryndan gan gelip ugranda, tebip onuň ýaralaryna ýagly pamyk goýdy we onuň endamyny esgi bilen saramagy buýurdy. Ol Jelaleddine ýüz tutup: – Eý, han hezretleri! Eý, hökümdarym! Men arap alym hekimidirin, kaddahdyryn, göz kesellerine em edýärin1, göze düşýän agy aýyrýaryn, rumly Gippokratyň kitaplaryny okap öwrendim, çykuw bolsa, döwük bolsa seýikleýärin, demini sanap ýatanlary ölümden gutarýaryn. Men seniň guluň, seniň hyzmatçyň, seniň keremiňe mätäç. Höküm ediň, maňa bir küýzejik şerap bersinler, derman ýasaýyn. Meniň emimden soň bu näsag dil açar we birki gün geplär, soňra öler ýa gutular, ol allanyň işidir... Tebip şerap alandan soň oňa külke dermanlar goşup, ony kä özi içýärdi, kä ol näsaga içirýärdi, şondan soň ol özüne gelip, geplemäge başlady. Ýesiriň ýüzi howsala alyp gyzardy, ol ilki başda aýdym aýtmaga we düşnüksiz sözleri gygyrmaga başlady, soňra göýä goşgy okaýan ýaly edip, endigan, saýhally gepläp ugrady. Alyjan üns bilen diňläp, terjime edýärdi. Ýesir özüniň ýanyp duran gözlerini uzaga dikip, şu sözleri aýtdy: – Meniň watanym diýseň gowudyr, şatlykdadyr, şondan gowy ýurt ýokdur. Al-ýaşyl dag gerişleriniň arasynda otuz üç düzlük ýaýylyp gidýändir. At çapyşyklarynda şöhratlanan atlar-da özleriniň çapuwyna olaryň daşyna aýlanyp çykyp bilmez. Paşyrdap duran ösgün otuň içinde wagşy haýwanlar arlaşyp ýörýärler, ýetmiş ýedi dürli reňkli keýikler gezişip ýörýärler, hoş owazly guşlar saýraýarlar. Dury asmanda ak guwlar we gazlar uçýarlar... Meniň watanymyň çöllerinde hemmeler üçin orun ýeterlikdir, emma meniň garyp obama orun ýok. Doýmaz-dolmaz hanly güýçli taýpalar biziň gök ýaýlalarymyzy elimizden aldylar, ol ýaýlalarda indi özgeleriň semiz-semiz atlary, gara mallary we dowarlar sürlenşip ýör... Meniň garyp, güýçsüz ilatym üçin diňe çagyllyk ýerler we gaýaly jülgeler galdy. Ol ýerde sürüler hor düşdi, selçeňledi, atlar arryklap, yraň atyp durýarlar. Bularyň hemmesine gedem hanlar we olaryň baş kagany Çingiz han günäkärdir, ol sary sakgal, ýeňilmez kagan älemi talamak üçin mongol halkyny başga ýurtlara alyp gelýär... – Munuň ýatlaýan Çingiz hany kimkä? – diýip, Jelaleddin sorady. Alyjan bu sowaly terjime etdi. Onda ýesir batly ses bilen şeýle diýdi: – Kim Timuçin Çingiz hany tanamaýar? Men onuň ýanyndan gaýtdym. Ol öz öňünde gul kimin bil bükmeýänleri halamaýar! Boýun egmeýänleri ýok edýär. Özüne garşy göreşenlerden el çekmeýär, onuň neberesini, uly-kiçi diýmän, bütinleý gyrýar. – Sen kim bolarsyň? Näme üçin Çingiz hanyň garşysyna beýle batyrgaý gepleýäň? – Men bir erkin mergen, maňa Gurkan batyr diýýärler. Men öz-özüme han, öz-özüme nöker, men Çingiz hanyň leşgerini taşlap gaýtdym, sebäbi ol turşy ýüzli garry meniň atamyň we doganymyň bilini oňurmagy höküm etdi, sebäbi ol sary sakgal kagan iň gowy gyzlary alyp, özüne gyrnak edinýär, sebäbi ol bütin ýer ýüzünde diňe öz hökümim ýöresin diýýär. Men ýeriň aňry çetine çenli giderin, diňe çöl haýwanlarynyň we özüm ýaly erkin awçularyň ýaşaýan ýerine bararyn, ýigrenji Çingiz hanyň nökerlerini gözüm görmese bolýar. – Häzir Çingiz han nirede? Ol näme edýär? – diýip, Jelaleddin sorady. – Häzir Çingiz hanyň patyşalygy suwdan gereginden artyk dolup, gaçysy zordan saklap duran köle meňzeýär. Çingiz han taýýar bolup dur, onuň ähli nökerleri bolsa, gylyçlaryny çalyp ýiteltdiler we günbatar ýurtlara çozmaga diňe höküm berilmegine garaşyp durlar. Olar siziň illeriňizi talamak üçin bu ýere eňip gelerler... Temur Mälik: – Bu ýigidi biz öz aramyzda galdyralyň, ol şu ýerde ýaşabersin. Bir türkmen gyzyna öýlenip, arslan ýürekli Gara Hanjaryň obasynda mekan tutar, Garagumda erkin mergen awçy bolup ýaşar – diýdi. – A Çingiz han kim ahyryn? Şol hakdaky gürrüňler maňa ynjalyk bermeýär. Ol hakdaky habarlary bilişdirmek gerek – diýip, Jelaleddin ýene sorady. – Bagyşla, han hezretleri. Meniň şu ýesiri alyp, diwan-arza gitmegim gerek. Men ol bihaýa Çingiz han hakynda onuň bilýän zatlarynyň hemmesini şol ýerde bilişdirerin – diýip, Temur Mälik ýerinden turdy. – Meni-de bagyşla, han hezretleri – diýip, Alyjan-da Jelaleddine ýüzlendi.– Meniň ýigitlerim seniň lezzetli desterhanyňdan aş iýip doýdular, atlarymyza-da bol ot-iým berildi. Hezil etdik, seýrap bolduk. Bize-de ýola düşmäge we bu päli azan butparazy Gürgenç galasyna ýetirmäge rugsat beriň. – Hoş! – diýip, Jelaleddin jogap berdi. – Gulam, bu ýigide täze possun ber. Alyjan bil büküp, baş egdi-de: – Guşa ganat, myhmana hezzet, öý eýesine hormat, ýolagça ýol ýagşy! – diýdi. __________ 1 Diwan-arz – döwlet kanselýariýasy. 2 Ol zamanda gant Hindistanyň we Müsüriň şeker palajyndan taýýarlanylýardy, gyt we gymmatly azyk hasaplanylýardy. 3 «Ol zamanda arap alymlarynyň medisinasy örän ýokaryda durýardy. Bütin orta asyrlaryň dowamynda Ýewropa medikleri oftalmologiýa (gözi öwrenmek) boýunça araplaryňka barabar ýekeje-de ylmy eser neşir etmändiler. Diňe XVIII asyryň başlarynda arap eserlerinden öňe düşmäge başlaýan progresi görýäris» (Akad. I.Ýu.Kraçkowskiý). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |